PEÝDALY MASLAHAT

Sanawda bolmaýan, Ykrar edilýän abraýly ýokary okuw jaýlar

Sanawda bolmaýan, emma ykrar edilýän daşary ýurt okuw jaýlaryn baradaky habary öň saýtymyza ýerleşdiripdik. Mälim bolşy ýaly, Daşary ýurt döwletlerinde berlen ýokary we orta hünär bilimi hakyndaky resminamalary Türkmenistanda ykrar etmegiň Tertibini ulanmak boýunça  Gözükdirijide Türkmenistanyň orta hünär biliminiň hünärleriniň hem-de ýokary hünär biliminiň taýýarlygynyň ugurlarynyň we hünärleriniň Döwlet klassifikatorlarynda görkezilen jemgyýet baradaky we ynsanperwer ylymlarynyň ugurlary bolmalydygy bellenilýär.  Bu sanawy öň saýtymyza ýerleşdiripdik.

Bu sanawa giren ugurlardan bilim almak isleýän dalaşgärler, “The Times Higher Education World University Rankings” halkara guramasynyň resmi internet sahypasyndan alnan maglumatlara laýyklykda taýýarlanan sanawdaky ýokary okuw jaýlarynyň birinde bilim almaklary zerurdyr. Bu sanawa girýän ýokary okuw jaýlaryndan Türkiýäniň, GDA agza ýurlaryň, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň, Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň  we Hytaýyň ýokary okuw jaýlarynyň sanawyny saýtymyzdan okap bilersiňiz. Beýleki ýurtlaryň ady agzalan sanawa giren ýokary okuw jaýlarynyň sanawyny saýtymyza ýerleşdirmäge dowam ederis.

Emma, jemgyýet baradaky we ynsanperwer ylymlarynyň ugurlaryndan daşgary, mysal üçin, medisina, inženerçilik we beýleki tehniki ugurlardan bilim almak isleýän dalaşgärleriň “The Times Higher Education World University Rankings” halkara guramasynyň sanawyna girmeýän ýokary okuw jaýlarynda birinde hem bilim alyp biljekdigi barada habary saýtymyza geçen ýyl ýerleşdiripdik. Şol habarymyzy täzeden Size ýetirýäris.

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2019-njy ýylyň 16-njy martynda çykaran 1176-njy Karary bilen “Daşary ýurt döwletlerinde berlen ýokary we orta hünär bilimi hakyndaky resminamalary Türkmenistanda ykrar etmegiň Tertibi” tassyklanyldy. Şu Tertibi ulanmak boýunça Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan  Gözükdiriji işlenilip taýýarlanyldy we  2019-njy ýylyň    29-njy martynda 80 belgili buýruk bilen tassyklanyldy.

Şonda, jemgyýet baradaky we ynsanperwer ylymlarynyň ugurlary boýunça diplomlar dünýäniň ýokary okuw mekdepleriniň öňdeligini düzýän halkara guramalarynyň kesgitleýän sanawyna giren ýokary okuw mekdepleri tarapyndan berlen bolmaly diýip bellenilen. Tertipde, medisina, inženerçilik we beýleki tehniki diýip biljegimiz ugurlaryň diplomlary üçin dünýäniň ýokary okuw mekdepleriniň öňdeligini düzýän halkara guramalarynyň kesgitleýän sanawyna girmelidigi barada bellik ýok. Başgaça aýdanymyzda tertipde bellenen beýleki şertlere laýyk bolmak bilen şu ugurlar boýunça islendik daşary ýurtlaryň ýokary okuw jaýlarynyň diplomlarynyň ykrar edilip boljakdygy barada netijä barmak bolýar. Biziň bu pikrimizi Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň halkara gatnaşyklary bölüminiň başlygy Hemra Haýyrowyň Türkmenportal saýtyna beren söhbetdeşligindäki jogap hem tassyk edýär. Ýagny, şol söhbetdeşlikde, şeýle sorag berilýär :

 

– Ýagny, döwlet klassifikatorlarynda görkezilen jemgyýet baradaky we ynsanperwer ylymlarynyň ugurlaryna degişli bolmadyk beýleki islendik hünärler boýunça  gündizki görnüşinde okalyp alnan resminamlar ykrar edilende çäklendirme ýok diýsek dogry bolýarmy?

 

Bu soraga aşakdaky ýaly jogap berilýär.

– Ýokarda belleýşimiz ýaly, jemgyýet baradaky we ynsanperwer ylymlarynyň ugurlaryna degişli bolmadyk hünärler  boýunça islendik daşary ýurt döwletleriniň hünär okuw mekdeplerine (GDA gatnaşyjy ýurtlaryň döwlet hünär bilimi edaralaryna) okuwa gidilip, okalyp alnan resminamalar ykrar ediler.

 

Biz seljermämizi Türkiýäniň ýokary okuw jaýlary boýunça mysal bilen dowam edeýliň.

Ýagny,

 

Eger Türkmen talyp, jemgyýet baradaky we ynsanperwer ylymlarynyň ugurlary boýunça Türkiýede ýokary bilim almak islese, onda, ilki bilen sanawda ýer alan 34 sany ýokary okuw jaýlaryndan birinde bilim almaly.

Eger Türkmen talyp, jemgyýet baradaky we ynsanperwer ylymlarynyň ugurlaryna degişli bolmadyk hünärler  boýunça  islendik Türk ýokary okuw jaýlaryndan birinde bilim alan ýagdaýynda diplomy beýleki şertleri ýerine ýetiren ýagdaýynda ykrar ediler. Emma bu ýokary okuw jaýlarynda okuwlar gündizki (önümçilikden aýrylmak şerti bilen) görnüşinde  okan bolmalydyr. Şeýle hem, bu ýokary okuw jaýlarynyň okuw möhleti hünär bilimi maksatnamasyny özleşdirmegiň kadalyk ölçeg möhleti Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasy (UNESCO) tarapyndan tassyklanylan, Bilim klassifikasiýasynyň Halkara standartynda bellenen möhletlere laýyk gelmelidir. Bellemeli zat, bu ýokary okuw jaýlary resmi ygtyýarlygy bolan hünär bilimi edaralary bolmalydyr.

Hormatly okyjy, bu seljerme, biziň ady agzalan Gözükdirijini seljermegimiz we Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekiliniň metbugat beýanyndan çykaran netijämizdigini berk ýatda saklamagyňyzy haýyş edýäris. Siz haýsyda bolsa bir okuw jaýyny saýlan ýagdaýyňyzda, gelejekde hiç hilli mesele bolmazlygy üçin Türkmenistanyň Bilim ministrligine ýüz tutmagyňyzy maslahat berýäris.  Belleýäris, bu habarymyz maslahat görnüşinde bolman, bu ulgamda okyjylara pikir bermek maksady bilen taýýynlandy.

Daşary ýurt döwletiniň ýokary we orta hünär okuw mekdebi tarapyndan berlen diplomy Türkmenistanyň çäginde ykrar etmek işini geçirmek üçin zerur resminamalaryň sanawyny saýtymyzdan okap bilersiňiz!

Daşary ýurtda Ýokary Bilim Almak Boýunça

Resminamalaryň Terjimesi Üçin

“Makul Hyzmat” Terjime Merkezi

“Makul Terjime” Aşgabat binasy salgysy we telefony: +993 63 78 96 73 & : + 993 12 96 48 55 & +993 62 60 52 61

Aşkabat, Oguzhan (Aýtakow)-Ankara (Ýubileýni) köçesi, A Blok, Makul Hyzmat Ofis, 4-nji gat, 401

E-mail salgysy : makulhyzmat@gmail.com

“Makul Terjime: Türkmenabat binasy salgysy we telefony:

Türkmenabat şäher, Garaşsyzlygyň 20 ýyllygy köçesi, 50. Lezzet söwda Merkezi, Gat 3. Gök Bazaryň ýany,

+993 63 16 34 69

Daşary ýurtda bilim almak we diplom ykrar etmek baradaky habarlar 

Diplom Ykrar Etmek: Zerur Resminamalar

Diplom ykrar etmek : Jemgyýet baradaky we ynsanperwer ylymlarynyň ugurlary

Türkiýäniň iň abraýly ýokary okuw jaýlarynyň sanawy

GDA agza ýurtlaryň hünär bilim edaralaryň iň abraýlylaryň sanawy

Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň  halkara sanawa giren abraýly ýokary okuw jaýlary

Hytaýyň iň abraýly ýokary okuw jaýlary

Amerikanyň Birleşen ştatlarynyň ýokary okuw jaýlarynyň sanawy

Ýene-de okaň

Döwlet mekdebe çenli çagalar edaralaryna çagalary kabul etmek

“Petronas” işe çagyrýar

Ata Watan Eserleri

Aşgabatda taksi awtoulaglaryna sürüjiler kabul edilýär

Mary welaýatynyň Tagtabazar etrabynda biometrik pasport nokady açyldy

Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabynda biometrik pasport nokady açyldy

Lebap welaýatynyň Darganata etrabynda biometrik pasport nokady açyldy