BIZNES

Aşgabatda azyk önümçiliginiň döwrebap tehnologiýalarynyň halkara sergisi öz işine başlady

Şu gün ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasynyň sergiler merkezinde Azyk önümçiliginiň döwrebap tehnologiýalarynyň halkara sergisi öz işine başlady.

Gözden geçirilişiň açylyş dabarasyna Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Halk Maslahatynyň, Mejlisiň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, daşary ýurtlaryň ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşdylar.

Ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň halkara sergä gatnaşyjylara iberen Gutlagyny uly üns bilen diňlediler. Döwlet Baştutanymyzyň Gutlagynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda azyk howpsuzlygyny berkitmek we sarp edilýän zerur önümleriň importyna garaşlylygy azaltmak boýunça möhüm çäreleriň amala aşyrylýandygy bellenilýär.

Türkmenistan üçin azyk howpsuzlygy diňe bir döwletiň özygtyýarlylygyny we garaşsyzlygyny gorap saklamagyň möhüm şerti bolman, eýsem, ilatyň ýaşaýyş-durmuşynyň ýokary derejesini üpjün edýän, azyk, çig mal babatda daşary söwda gatnaşyklarynyň netijeli ösmegine, importyň ornuny tutýan hem-de eksporta gönükdirilen önümçlikleri artdyrmaga mümkinçilik berýän milli, sebitleýin azyk bazarlarynyň ykdysady baglanyşygyna goldaw bermegiň hem möhüm esaslaryny emele getirýär.

Şu gezekki gözden geçiriliş oba hojalyk pudagynda diňe bir ýurdumyzyň gazanan üstünliklerini beýan etmek bilen çäklenmän, eýsem, bu pudakda işjeň orun eýeleýän işewür düzümleriň ägirt uly mümkinçiliklerini hem görkezýär. Bu ýerde ýurdumyzyň we daşary döwletleriň gatnaşyjylarynyň ýüzden gowrak wekili öz önümlerini görkezdiler. Şolaryň hatarynda Oba hojalyk ministrligi, Daşky gurşawy goramak ministrligi, degişli kärhanalar we düzümler, şeýle hem ýurdumyzyň telekeçileri bar.

Bular bilen birlikde Russiýadan, Türkiýeden, Belarusdan, Özbegistandan halkara sergä gatnaşýanlar innowasion tehnologiýalara we «nou-haulara» ünsi çekýän diwarlyklaryny ýaýbaňlandyrdylar.

Şu gezekki serginiň azyk senagatynyň öňdebaryjy tehnologiýalaryny alyşmak, maksatnamalaýyn taslamalara maýa goýumlary çekmek we degişli ugurda ygtybarly ulgamy döretmegiň usullaryny işläp taýýarlamak hem-de olary durmuşa geçirmek boýunça halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga oňaýly şertleri döredendigini bellemelidiris.

Ýene-de okaň

Angliýanyň ilkinji milliarder sazandasy boldy

Ata Watan Eserleri

Türkmen halysynyň baýramyna taýýarlyk görülýär

Türkmenistanda öndürilýän önümler «TIBCO-2024» sergisinde görkezilýär

Russiýa bilen Merkezi Aziýanyň haryt dolanyşygy 44 milliard dollara deň boldy

Ata Watan Eserleri

USAID 13-nji Merkezi Aziýa söwda forumyny geçirýär

Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky ulaglar arkaly söwda dolanyşygy $2,5 milliarddan geçdi