JEMGYÝET

Endo Toşiaki türkmen halkynyň Milli Liderini “EKSPO-2025” Bütindünýä sergisine çagyrdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy Endo Toşiaki bilen duşuşdy. Duşuşyga Ýaponiýanyň Parlamentiniň Wekiller palatasynyň agzasy Aýano Sato hem gatnaşdy.

Jenap Endo Toşiaki wagt tapyp kabul edendigi üçin Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Ýaponiýanyň Imperatory Naruhitonyň we Premýer-ministri Fumio Kisidanyň mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirdi hem-de türkmen halkynyň Milli Lideriniň soňky ýyllarda depginli ösdürilýän döwletara gatnaşyklaryň giňeldilmegine goşýan uly şahsy goşandyny belledi.

Hormatly Arkadagymyz myhmanlary mübärekläp hem-de olary myhmansöýer türkmen topragynda kabul etmäge şatdygyny belläp, Ýaponiýanyň wekilleriniň şu gezekki saparynyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň, hususan-da, parlamentara gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we geljegi barada pikir alyşmaga mümkinçilik döretjekdigine ynam bildirdi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy kanun çykaryjy edaralaryň ugry boýunça özara hereketleriň oňyn häsiýete eýedigini belledi. Bu ulgamda eýýäm köp işler edildi we häzir hem dowam etdirilýär.

Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy mähirli kabul edilendigi üçin Gahryman Arkadagymyza hoşallygyny bildirip, 2022-nji ýylda Ýaponiýada türkmen halkynyň Milli Lideri bilen bolan duşuşygyny ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny belledi. Şol duşuşygyň dowamynda döwletara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlaryna garaldy. Myhmanyň nygtaýşy ýaly, onuň Türkmenistanyň Prezidenti bilen şu günki duşuşygynyň dowamynda netijeli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Pursatdan peýdalanyp, jenap Endo Toşiaki hormatly Arkadagymyzy geljek ýyl Ýaponiýada geçiriljek “EKSPO — 2025” Bütindünýä sergisine baryp görmäge çagyrdy.

Söhbetdeşligiň dowamynda türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň möhüm meseleleri boýunça gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy. Şunda söwda-ykdysady ulgam ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri ýurdumyzy senagatlaşdyrmak boýunça maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegine ýaponiýaly hyzmatdaşlaryň goşýan saldamly goşandyny belledi.

Ýaponiýanyň iri kompaniýalary köp ýyllaryň dowamynda Türkmenistanyň gaz pudagynda, himiýa senagatynda netijeli işläp gelýärler. Şunda Ahal welaýatynda tebigy gazdan benzin öndürýän zawody gurmak boýunça bilelikdäki taslamanyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi muňa aýdyň mysal hökmünde görkezildi. Şunuň bilen baglylykda, myhman bu döwrebap kärhanada öndürilýän ýokary hilli, ekologik ölçeglere laýyk gelýän benzine daşary ýurtlarda uly isleg bildirilýändigini belledi.

Ýurtlarymyzyň uly kuwwaty nazara alnanda, özara bähbitli ykdysady hyzmatdaşlyk üçin täze ugurlar açylýar. Öňdebaryjy tehnologiýalary ulanmak, hususan-da, “akylly” şäherleri taslamalaşdyrmak, gurmak we dolandyrmak babatda tejribe alyşmak üçin hem giň mümkinçilikler bar.

Duşuşygyň dowamynda parlamentara gatnaşyklary ösdürmek meselesine aýratyn üns berildi. Şunda Türkmen-ýapon we Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparlarynyň işine möhüm orun degişlidir. Bu toparlar kanun çykaryjylyk ulgamynda tejribe alyşmak, ugurdaş ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmak, geňeşmeleri geçirmek üçin netijeli gural bolup durýar.

Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyzyň Aşgabatda “Merkezi Aziýa — Ýaponiýa” dialogynyň çäklerinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Ýaponiýanyň parlamentleriniň ýolbaşçylarynyň duşuşygyny geçirmek baradaky başlangyjyny amala aşyrmak boýunça işleriň alnyp barylýandygy bellenildi. Bu formatyň çäginde hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesi toplandy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri mümkinçilikden peýdalanyp, “Merkezi Aziýa — Ýaponiýa” dialogyna gatnaşyjy ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň ilkinji sammitiniň üstünlikli geçirilmegini arzuw etdi.

Ýene-de okaň

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow baýramçylyk çärelerine gatnaşdy

Ata Watan Eserleri

Aşgabatda “Türkmen-hytaý zenanlarynyň dünýäsi” atly forum geçirildi

Ata Watan Eserleri

«Magtymguly» atly kitap çapdan çykdy

Türkmenistanyň Prezidenti Magtymguly Pyragy medeni-seýilgäh toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy

Ata Watan Eserleri

Magtymguly Pyraga bagyşlanan medeniýet ministrleriniň halkara maslahaty geçirildi

Ata Watan Eserleri

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp, medeniýet ministrleri derejesinde geçirilýän halkara maslahata gatnaşyjylara