BIZNES

Russiýa bilen Merkezi Aziýanyň haryt dolanyşygy 44 milliard dollara deň boldy

Merkezi Aziýa döwletleriniň daşary söwda möçberiniň 33 göterimi Russiýa bilen ykdysady gatnaşyklarynyň paýyna düşýär. Bu barada Russiýanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mihail Galuzin halkara “Waldaý” maslahatlaşyk klubynyň forumynda habar berdi.

TASS habarlar gullugynyň habar bermegine görä, Mihail Galuzin Russiýanyň Merkezi Aziýa döwletleriniň ygtyýarly we esasy söwda-ykdysady hyzmatdaşy bolup durýandygyny belledi. Russiýa bilen Merkezi Aziýanyň arasyndaky haryt dolanyşygynyň yzygiderli artýandygyny belläp, 2023-nji ýylda 44 milliard dollar deň bolandygyny mälim etdi.

Russiýanyň ygtyýarly wekili milli pul birliklerinde hasaplaşyklary amala aşyrmak babatda hem degişli işleriň alnyp barylýandygyny belledi.

Onuň bellemegine görä, Russiýa bilen milli pul birliklerinde Gazagystan, Gyrgyzystan we Täjigistan bilen özara hasaplaşyklaryň 80 göterime, Özbegistan bilen 55 göterime, Türkmenistan bilen 24 göterime deň bolandygy bellenildi.

Galuzin, hökümetara toparlary we işewürler geňeşi arkaly Russiýa bilen Merkezi Aziýa döwletleriniň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ösdürilýändigini mälim etdi.

Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň maglumatyna görä, 20 ýylyň dowamynda Merkezi Aziýanyň ykdysady ösüşi 2,5 esse artdy.

Ýene-de okaň

Angliýanyň ilkinji milliarder sazandasy boldy

Ata Watan Eserleri

Türkmen halysynyň baýramyna taýýarlyk görülýär

Türkmenistanda öndürilýän önümler «TIBCO-2024» sergisinde görkezilýär

Aşgabatda azyk önümçiliginiň döwrebap tehnologiýalarynyň halkara sergisi öz işine başlady

USAID 13-nji Merkezi Aziýa söwda forumyny geçirýär

Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky ulaglar arkaly söwda dolanyşygy $2,5 milliarddan geçdi