SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Çagalaryň saglygy — döwletiň gymmatly baýlygy

Bäherden etrabynyň hassahanasyna Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna satyn alnan Germaniýa Federatiw Respublikasynyň “B.Braun” kompaniýasynyň iki sany “Dialog+” kysymly gemodializ enjamy sowgat berildi.

Gany ekstrakorporal usulda arassalamak üçin niýetlenen bu döwrebap lukmançylyk enjamy dowamly böwrek ýetmezçiligi keselinden ejir çekýän näsaglary has netijeli bejermäge, şunuň esasynda olaryň ýaşaýşyny gowulandyrmaga, ömrüniň dowamlylygyny artdyrmaga ýardam berýär.

Munuň özi halkyň, ilkinji nobatda, ýaşlaryň saglygy we abadançylygy baradaky aladanyň ýurdumyzda «Döwlet adam üçindir!», “Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!” diýen ýörelgeler esasynda durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridigini nobatdaky gezek tassyklaýar.

Ýene-de okaň

“Eşretli syýahat” Gyrgyzystanda syýahatçylyk sergisine gatnaşdy

Aşgabat halkara mekdebi dynç alyş çäresine çagyrýar

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasy gemodializ enjamyny sowgat berdi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyñ syýahatçylyk agentlikleriniñ wekilleri Türkiýä saparlarynda Şanlyurfa we Gaziantepe baryp gördüler

Aşgabat-London ugurlaryna petekler onlaýn satuwa çykarylýar

Aşgabatdan Kuala Lumpura hepdede iki gatnaw ýola goýuldy