TEHNOLOGIÝA

Türki döwletleri bilelikde kosmosa emeli hemra ibererler

Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş sekretarynyň orunbasary Mirwohid Azimow guramanyň agza we synçy döwletleriniň kosmos agentlikleriniň 3-nji mejlisinden soňra beren beýanatynda türki döwletleriň arasynda bilelikde emeli hemra işläp düzmek babatda ylalaşyk gazanylandygyny habar berdi.

Bu taslamanyň çäklerinde degişli ýurtlardan düzülen inženerler topary Gazagystanyň ylmy-barlag merkezinde iş alyp bararlar we şonuň netijesinde kosmos giňişligine emeli hemra uçurylar.

Türkiýe Respublikasynda geçirilen duşuşykda taraplar kosmos we emeli hemra pudagynda hyzmatdaş’lyk etmegiň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşydylar. Şeýle hem taraplaryň arasynda kosmos ylmy-barlaglary bilen baglanyşykly käbir meseleler boýunça ylalaşyklaryň gazanyldy.

–  Türkiye guramamyzdaky kosmos hyzmatdaşlygynyň ösmegine uly goşant goşýar. Ýakynda Türkiýe Respublikasy ilkinji kosmonawtyny kosmosa iberdi. Ýakyn wagtda “Turksat 6A” emeli hemrasyny orbita ibererler we bu, elbetde, ýurda köp peýda getirer. Türkiýäniň kosmos pudagyndaky tejribesi beýleki türki döwletlerimiz üçin gaty peýdaly bolar. Türkiyä tejribe we bilimleri paýlaşmaga taýýar – diýip, Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş sekretarynyň orunbasary Mirwohid Azimow belläp geçdi.

Türkiýede geçirilen Türki Döwletleriň Guramasynyň kosmos agentlikleriniň 3-nji mejlisine Türkmenistanyň wekiliýeti hem gatnaşdy. Türkmenistan döwletimiz bu duşuşykda «Türkmen hemrasy» ÝGPJ-niň direktory Batyr Orazdurdyýew wekilçilik etdi.

Ýene-de okaň

Ilon Mask Türkiýede wekilhanasyny açdy

Türkmenistanda elektron maglumat alyşmak ulgamy ösdürilýär

Aýda otly gatnawy hakykata öwrülýär

Ata Watan Eserleri

“Google” umumy bahasy 2 trillion dollardan geçen ABŞ-nyň dördünji kompaniýasy boldy

“Samsung” ýene-de birinjiligi eýeledi

Hytaý Azerbaýjanda elektrikli awtobus öndürer