SPORT

Waran “Mançester Ýunaýted” toparyndan gidýär

Fransuz futbolçy Rafael Waran möwsümiň tamamlanmagy bilen “Mançester Ýunaýted” toparyndan gidýändigini mälim etdi. Angliýanyň topary tomus möwsümde fransuz goragçysynyň gidýändigini tassyklady.

Fransuz futbolçy erkin futbolçy hökmünde başga toparlaryň düzümine goşulyp biler. Ol iňlis toparynda 2021-nji ýyldan bäri oýnaýar.

Waran iňlis toparynyň düzüminde 93 duşuşykda oýnap, 2 gezke tapawutlandy. Fransuz futbolçy “Mançester Ýunaýted” topary bilen Angliýanyň ligasynyň kubogyny gazandy.

Bu futbolçy bilen birnäçe ispan toparlary gyzyklanýar.

Ýene-de okaň

“Baýer” topary ýeňilmän çempion boldy

Ronaldo Saud Arabystanyda galyp biler

“Ýuwentus” topary 15-nji gezek Italiýanyň kubogyny gazandy

Ata Watan Eserleri

“Mançester Siti” toparynyň çempionlygyna bir duşuşyk galdy

Dünýäniň iň gowy toparlarynyň sanawy düzüldi

Türkmenistan geljegi uly boks ýurdy