DÜNÝÄ

Türkmenistanda howanyň üýtgemegine garşy göreşmek ugrunda taslama durmuşa geçiriler

Türkmenistanda Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýeti (GIZ) bilen hyzmatdaşlykda howanyň üýtgemegine garşy göreşmek ugrunda taslama durmuşa geçiriler. Hususan-da,“2024 — 2028-nji ýyllarda howanyň üýtgemegine garşy gönükdirilen çäreler we syýasy dialog” atly taslama ýerine ýetiriler.

Bu babatda degişli ähtnama şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistanyň Energetika ministrligi, “Türkmengaz” döwlet konserni hem-de Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýetiniň arasynda gol çekildi.

Degişli resminama gol çekmek dabarasy Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda gurnalan  “Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň 30 ýyllygy: geljegiň hatyrasyna bilelikdäki işler” atly maslahatyň çäklerinde geçirildi.

Forumyň çäklerinde parlamentara gatnaşyklary, howpsuzlyk, söwda, ylym-bilim, “ýaşyl” energetika ugurlarynda hyzmatdaşlyk gatnaşyklary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda geçirilen foruma Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow, Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili Teri Hakala, ilçiler we halkara guramalaryň wekilleri gatnaşdy.

Ýene-de okaň

Kaliforniýanyň Dawis şäherinde Türkmenistan tanyşdyryldy

Ata Watan Eserleri

Putin 26-27-nji maýda Özbegistanda döwlet saparynda bolar

Türk aşhana hepdeligi badalga aldy: Aşgabatda çäreler guraldy

ABŞ-nyň Waşington şäherinde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli dabaralar geçirildi

Türkmenistanyň ilçisi Gruziýanyň Premýer-ministri bilen duşuşdy

Türkmenistanyň we Latwiýanyň arasyndaky hyzmatdaşlyk maslahatlaşyldy