SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Türkmenistanyñ syýahatçylyk agentlikleriniñ wekilleri Türkiýä saparlarynda Şanlyurfa we Gaziantepe baryp gördüler

«Turkish Airlines» Awiakompaniýasy hem-de Türkiýäniñ Syýahatçylygy mahabatlandyryş we özgerdiş Agentligi tarapyndan 2024-nji ýylyň 16-20-nji apreli aralygynda ýurduñ syýahatçylyk pudagynda mynasyp orna eýe bolan Şanlyurfa we Gaziantep şäherlerine tanyşlyk sapary guraldy. Bu sapara Türkmenistanyň sekiz syýahatçylyk agentlikleriniň wekilleri gatnaşdy.

Wekiliýet, 12 müň ýyllyk taryhy bilen “Taryhyň başlangyjy” diýlip häsiýetlendirilýän we ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen Şanlyurfadaky Göbeklitepe gadymy arheologiki ýadygärligine, şeyle hem gastronomiýa pudagy boýunça ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherler toryna goşulan ilkinji Türk şäheri bolmagy sebäpli “Gastronomiýanyň paýtagty” diýlip atlandyrylýan Gaziantep şäherine baryp gördi. Gaziantepde  türkmen hünärmenler dünýäniň iň uly mozaika muzeýi bolup durýan Zeugma Mozaika Muzeýi bilen ýakyndan tanyşdylar.

Saparyň dowamynda oňa gatnaşyjylar baryp gören ýerleriniň täsin tagamlary we medeni mirasy bilen tanyşmaga mümkinçilik aldylar. Şeýle hem maglumat alyşmak we hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin Türkiýäniň syýahatçylyk pudagynyň wekilleri bilen işewür duşuşyklar geçirildi.

 

Ýene-de okaň

“Eşretli syýahat” Gyrgyzystanda syýahatçylyk sergisine gatnaşdy

Aşgabat halkara mekdebi dynç alyş çäresine çagyrýar

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasy gemodializ enjamyny sowgat berdi

Ata Watan Eserleri

Çagalaryň saglygy — döwletiň gymmatly baýlygy

Aşgabat-London ugurlaryna petekler onlaýn satuwa çykarylýar

Aşgabatdan Kuala Lumpura hepdede iki gatnaw ýola goýuldy