No menu items!
8.9 C
Istanbul
29/05/2020 4:31
No menu items!
Home IŇ TÄZE HABAR Diplom Ykrar Etmek: Zerur Resminamalar

Diplom Ykrar Etmek: Zerur Resminamalar

Daşary ýurt döwletiniň ýokary we orta hünär okuw mekdebi tarapyndan berlen Resminamany Türkmenistanyň çäginde ykrar etmek işini geçirmek üçin zerur resminamalaryň sanawy baradaky habarymyzy täzeden saýtymyza ýerleşdirýäris.

Arza

Türkmenistanyň halkara şertnamalaryna laýyklykda, Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan maksatlaýyn okuwa iberilen Türkmenistanyň raýatynyň Resminamany ykrar etmek baradaky arzasy ýa-da

Türkmenistanyň halkara şertnamalaryna laýyklykda, Türkmenistanyň raýatyny maksatlaýyn okuwa iberen Türkmenistanyň ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň Resminamany ykrar etmek baradaky haty ýa-da

Türkmenistanyň çäkleriniň daşynda hususy tertipde okan adamyň Resminamany ykrar etmek baradaky arzasy;

Diplom we terjimesi

ýokary we orta hünär bilimi hakyndaky (Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň agzasy bolmadyk ýurtlarda berlen resminama  kanunlaşdyrylan bolmaly)  resminamanyň Türkmenistanyň döwlet diline resmi terjime edilen iki sany nusgasy;

Ozalky diplom we terjimesi

ikinji ýokary bilim hakynda resminama, magistr derejesi hakynda resminama, hünär biliminiň ýa-da akademiki kepilnamanyň binýadynda okuwyň gysgaldylan görnüşinde okalyp alnan Resminamalar ykrar edilende, ozalky bilimi hakynda resminamanyň Türkmenistanyň döwlet diline resmi terjime edilen iki sany nusgasy;

Bakalwr diplom (ykrar haty) we terjimesi

ýokary hünär biliminiň ikinji basgançagy (magistr derejesi) baradaky  Resminamalar ykrar edilende bakalawr derejesi baradaky Resminamanyň Türkmenistanyň döwlet diline resmi terjime edilen (ykrar edilen bolsa Ykrar şahadatnamasynyň hem) iki sany nusgasy;

Bahalar we terjimesi

okuw dersleri, okuw sagatlarynyň möçberi we her okuw dersi boýunça bilimlere goýlan bahalar görkezilen, Resminamanyň goşundysynyň (hasap-synag sanawnamasyndan göçürmäniň) Türkmenistanyň döwlet diline resmi terjime edilen iki sany nusgasy;

Bilim edarasynyň akkreditasiýasy barada resminama we terjimesi (GDA ýurtlary üçin)

Şu Gözükdirijiniň altynjy böleginiň 2-nji bendiniň “b”- “d” kiçi bentlerine degişli Resminamalary beren Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň bilim edarasynyň döwlet ýa-da halkara akkreditasiýasyny geçendigi baradaky resminamanyň okuw mekdebi tarapyndan tassyklanan göçürmesiniň (şol döwletlde göz öňünde tutulan halatynda) Türkmenistanyň döwlet diline resmi terjime edilen iki sany nusgasy;

Arhiw kepilnamasy we terjimesi

daşary ýurt döwletiniň bilim ýa-da bilim çygrynda dolandyryşy amala aşyrýan edarasynyň şu aşakdaky maglumatlar görkezilen resmi haty ýa-da arhiw kepilnamasy:

a) ýokary we orta hünär okuw mekdebine (eger-de olaryň sany birnäçe bolsa, ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine) okuwa kabul edilen we okuwy tamamlan senesi hem-de (bilim edarasy tarapyndan göz öňünde tutulan halatynda) ýokary we orta hünär okuw mekdebi boýunça çykarylan buýruklary, okuwyň görnüşi;

b) hünäri (taýýarlyk ugry) boýunça okuwyň kadalyk ölçeg möhleti (Resminamanyň goşundysynda görkezilmedik bolsa);

ç) Resminamanyň san belgisi;

d) bilim edarasynyň guramaçylyk-hukuk görnüşi.

Resmi hat ýa-da arhiw kepilnamasy (asyl nusgasy) daşary ýurt döwletiniň bilim ýa-da bilim çygrynda dolandyryşy amala aşyrýan edarasynyň blankynda ýazylan, onuň ýolbaşçysynyň goly bilen tassyklanan (Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň döwlet bilim edaralary  üçin – döwlet tugraly möhür basylan) görnüşinde bolup, ol Türkmenistanyň döwlet diline resmi terjimesi bilen bilelikde berilmelidir.

Daşary ýurt döwletiniň bilim ýa-da bilim çygrynda dolandyryşy amala aşyrýan edarasynyň resmi haty ýa-da arhiw kepilnamasy Türkmenistanyň halkara şertnamalaryna laýyklykda Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň beýleki ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan maksatlaýyn okuwa iberilen Türkmenistanyň raýatlaryna berlen resminamalara bildirilýän talaplaryň ýerine ýetirilendigini tassyklaýan Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, daşary ýurt döwletlerine maksatlaýyn okuwa iberen Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň güwänamasy bilen çalşylyp bilner.

Resminamanyň eýesi degişli döwletiň kanunçylygyna laýyklykda hereket edýän we şu Gözükdirijiniň bäşinji böleginde görkezilen talaplaryň ýerine ýetirilendigini tassyklaýan beýleki resminamalary tabşyryp biler;

Pasport nusgasy

pasportynyň ýa-da onuň ornuny tutýan başga resminamanyň nusgasy we bar bolan ýagdaýynda Türkmenistanyň raýatynyň Türkmenistandan gitmek we Türkmenistana gelmek üçin pasportynyň nusgasy;

Şahsy maglumat

bellenen nusga boýunça Resminamanyň eýesiniň özi barada maglumat.

 

Daşary ýurtda bilim almak we diplom ykrar etmek baradaky habarlar 

Diplom ykrar etmek : Jemgyýet baradaky we ynsanperwer ylymlarynyň ugurlary

Türkiýäniň iň abraýly ýokary okuw jaýlarynyň sanawy

GDA agza ýurtlaryň hünär bilim edaralaryň iň abraýlylaryň sanawy

Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň  halkara sanawa giren abraýly ýokary okuw jaýlary

Hytaýyň iň abraýly ýokary okuw jaýlary

Amerikanyň Birleşen ştatlarynyň ýokary okuw jaýlarynyň sanawy

 

Diplom ykrar etmek üçin

Resminamalaryň Terjimesi Üçin

“Makul Hyzmat” Terjime Merkezi

“Makul Terjime” Aşgabat binasy salgysy we telefony: +993 63 78 96 73 & : + 993 12 96 48 55 & +993 62 60 52 61

Aşkabat, Oguzhan (Aýtakow)-Ankara (Ýubileýni) köçesi, A Blok, Makul Hyzmat Ofis, 4-nji gat, 401

E-mail salgysy : makulhyzmat@gmail.com

“Makul Terjime: Türkmenabat binasy salgysy we telefony:

Türkmenabat şäher, Garaşsyzlygyň 20 ýyllygy köçesi, 50. Lezzet söwda Merkezi, Gat 3. Gök Bazaryň ýany,

IŇ TÄZE HABARLAR

Türkiye’den Türkmenistan’a uçuşlar ne zaman planlanıyor?

Türk medyasında yer alan bir habere göre, Türkiye’nin yurt dışı uçak seferlerini başlatma tarihleri belli olduğu iddia edildi. Resmi olmayan bu bilgilere göre, Türkiye’den...

Akylly däl, mehaniki sagat

“Xiaomi” kompaniýasy güýçli depginler bilen özüniñ täze enjamlaryny öndürmegini dowam edýär. Bu kompaniýa "Twenty Seventeen Skeleton Tourbillion Mechanical Watch" atly mehaniki turbiýon sagadyny tanyşdyrdy. Sagatda...

6G ulgamyny öwrenýär

Hytaýyň “Xiaomi” kompaniýasynyñ ýolbaşçysy Leý Szun soñky söhbetdeşlikleriniň birinde 5G ulgamyna has köp möçberde maliýe serişdelerini sarp edýändigini we häzirki wagtda 6G aragatnaşyk ulgamynyñ...

Howa barha arassalanýar

Koronawirus pandemiýasy bilen baglanyşykly dünýäde dowam edýän karantin çäreleri sebäpli, 2020-nji ýylda Ýeriň atmosferasyna CO2 zyňyndylary 2,6 Gt azaldy. Bu bolsa, adamzadyň senagat önümçilik...
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -

KÖP OKALÝAN

Türkmenistan we Türkiýe : telefon arkaly söhbetdeşlik

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan bilen telefon arkaly söhbetdeşligi boldy. Iki ýurduň Liderleri mähirli salamlaşyp, mukaddes Oraza baýramy...

Çalt garramagymyzyň ýene bir sebäbi…

Ispaniýanyň Nawarra uniwersitetiniň alymlary çalt garramagyň ýene bir sebäbini anykladylar ― diýip, «La Vanguardia» neşiri ýazýar. 57 ― 91 ýaş aralygyndaky 886 adamda geçirilen barlaglar...

32 ýyldan soňra ogluny tapdy

Hytaýda 1988-nji ýylda 2 ýaşynda wagty ogurlanyp, başga bir maşgala satylan oglan 32 ýyldan soňra öz ejesine gowuşdy. Mao Ýin atly ýaş oglan 32 ýyl...

Dünýä adaty durmuşa dolanýar (27-nji maý)  

— Serbiýada soňky iki aýyň içinde ilkinji gezek koronowirus bilen kesellän ýekeje adam hem hasaba alynmady. — Ispaniýanyň Ibisa adalaryndaky ýüzüş howuzlary boşap galdy. Tebigatyň...