BILIM

ÝB Türkmenbaşy şäherinde energiýany iň köp tygşytlaýan mekdebi sylaglady

Şu gün Türkmenbaşy şäherinde, ÝB – Türkmenistan Durnukly Energiýa Günleri 2024-iň çäklerinde energiýany iň köp tygşytlaýan mekdebi sylaglamak dabarasy geçirildi.

Şäheriň umumy orta bilim berýän mekdepleriniň arasynda 10-njy orta mekdebi – energiýany iň köp tygşytlaýan mekdep diýip yglan edildi. Mekdebiň mugallymlary, okuwçylary, ene-atalar, ÝB-niň, BMGÖM-iň, Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň we Türkmenbaşy şäher häkimliginiň wekilleri, mekdebiň üstünliklerini bellemek üçin bu çärede ýygnanyşdylar.

Onuň Alyhezreti ÝB-niň Türkmenistandaky ilçisi Hanym Beata Peksa, öz çykyşynda şeýle diýdi: Ýewropa Bileleşiginiň bu sylagy, ozaly bilen, çagalarda tebigy serişdeleri aýawly we rejeli peýdalanmak, şeýle hem daşky gurşawy we planetany söýmek başarnyklarynyň ösdürilmegi mugallymlaryň goşan goşantlaryny ykrar edýär. Mekdebi, onuň mugallymlaryny we okuwçylaryny bu ajaýyp üstünlik bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Bu maglumaty ýaýradyň we öz göreldäňiz bilen başgalary höweslendiriň. Energiýa tygşytlamagyň wajyplygy hakynda öz ýakynlaryňyz, dostlaryňyz, goňşularyňyz bilen gürrüňdeşlik geçiriň. Energiýany has netijeli peýdalanmak bilen, biz hemmelerimiz üçin ýagty we sagdyn geljegi gurýarys”.

 Sylaglamak dabarasyndan soňra mekdep okuwçylary üçin ekologiki çäre geçirildi. Onuň çäklerinde “Tebigat – biziň umumy öýümizdir” atly giriş okuw sapagy, kiçi sportuň ýaryşlary we ekologiki taýdan arassa ulaglary ýaýbaňlandyrmak üçin welosipedli ýöriş, şeýle hem bag ekmek dabarasy geçirildi, onuň dowamynda Türkmenistanyň ekologiýasyny gowulandyrylmagyna we parnik gazlarynyň azaldylmagyna goşant goşmak bilen, çagalar we myhmanlar bilelikde agaç nahallaryny oturtdylar.

Durnukly energiýa günleri, 2024-nji ýylyň 27-nji apreli we 3-nji maýy aralygynda, Aşgabatda we Türkmenbaşy şaherinde geçirilýär hem-de ýaşlary we mekdep okuwçylaryny goşmak bilen, milli gyzyklanýan taraplaryň we giň jemgyýetiň arasynda energiýa netijeliligi, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri hem-de energiýa bilen klimatyň üýtgemegi arasyndaky özara baglanşygy hakynda habardarlylygy ýokarlandyrmaga gönükdirilen.

Bu çäre Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň we Türkmenbaşy şäher häkimliginiň goldaw bermegi bilen, “Merkezi Aziýada durnukly energiýa baglanyşyklary (SECCA)” atly taslamanyň çäklerinde, BMG-iň Ösüş maksatnamasynyň (BMGÖM) “Türkmenistanda durnukly şäherler: Aşgabatda we Awazada ýaşyl şäherleriň toplumlaýyn ösüşi” taslamasy bilen bilelikde Ýewropa Bileleşigi tarapyndan geçirilýär.

Ýene-de okaň

«Halkara gatnaşyklary: parahatçylyk dialogynyň medeniýeti» atly halkara bäsleşik geçirilýär

Türkmenistanda Çagalary goramagyň halkara güni giňden belleniler

Çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümine taýýarlyk görülýär

Ylymlar gününde geçiriljek çäreler

Ýaponiýa talyp hakly okuw maksatnamalaryna çagyrýar

Türkmen wekiliýeti “THE Aziýa baýragy- 2024” sammitine gatnaşdy

Ata Watan Eserleri