29-njy maýda Italiýanyň we Merkezi Aziýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy bolar. Bu barada “Nova News” habarlar gullugy habar berýär.
Italiýanyň daşary işler we halkara hyzmatdaşlyk ministri Antonio Taýani Rim şäherinde Merkezi Aziýanyň 5 döwleti – Gazagystanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň, Gyrgyzystanyň we Türkmenistanyň daşary işler ministrleri bilen duşuşar.
Duşuşyga Gazagystanyň daşary işler ministri Murat Nurtleu, Özbegistanyň daşary işler ministri Bahtiýor Saidow, Täjigistanyň daşary işler ministri Sirojiddin Muhriddin, Gyrgyzystanyň daşary işler ministri Žeenbek Kulubaýew we Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň gatnaşmagyna garaşylýar.
Bu duşuşyk Italiýanyň Merkezi Aziýa döwletleri bilen gatnaşyklaryny has-da ösdürmäge uly ähmiýet berýändiginiň nobatdaky subutnamasyna öwrüler.
Duşuşygyň barşynda birnäçe çäreler göz öňünde tutulýar.
Soňky gezek 5+1 görnüşindäki duşuşyk 2021-nji ýylyň dekabrynda Özbegistanyň Daşkent şäherinde geçirildi.
Italiýa bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky gatnaşyklar yzygiderli ösýär, bu Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň Rime eden saparlarynda gazanylan şertnamalarda öz beýanyny tapýar.
Soňky aýlarda Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew hem-de Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon Italiýada resmi saparda bolupdy.