ÝAKYMLY ÝATLAMALAR

Pyhy Tagan: «Pyhy ölüpdir» diýseler ynanmagyn!

Sözbaşydaky bu sözler Pyhy aganyň öz sargydy. Ony maňa 2005-nji ýylda halypa ýazyjy Gurbangylyç Hydyrow aýdypdy. Şol gün ir bilen redaksiýa bardym.  «Edebiýat we sungat» gazetiniň baş redaktory Annamyrat Poladow: «Jigim, ýumuş görmäň, bir haýyş bar. Pyhy Tagan dünýeden gaýdypdyr. Jaň etdiler. Ýakyn gatnaşyk saklan kärdeşi Gurbangylyç Hydyrowa-da eşitdiräýseňiz» diýdiler. Ýarawsyz ýatan adama jaň edip aýtmaga çekinýän. Öýüne baryp seresabyrak aýdaýarsyň-da…» diýdi.

Waheý, imany hemra bolsun, bendäň! Gurbangylyç aga: «Pyhy halypa öýüme myhman gelse, seniň bilenem gürrüňdeş ederin» diýip ýördi. Nesibämiz ýok eken diýenimden: «Pyhy dädäni ýüzbe-ýüz görmediňizmi?» diýip sorady. Gördüm. Bir gezek okuwçy döwürlerimizdi öýdýän oba mekdebimize çykyşa geldi. Şonda aýdan bir degişmesi häzirem ýadymda. «Owadan gelnejeňiz ýaramajak bolýa. Onsoň lukmana görkezmäge äkitdim. Birden lukman otagyndan onuň ala-goh bolup sesi eşidildi. Eýgilik bolsun diýip gapydan boýnumy uzatdym. «Siziň bilýän zadyňyz ýok. Heýem bir beýnä suw iýnermi? Aýdýan gürrüňiňiz nähili?» diýip aýalym lukman bilen dawalaşyp dur. Goşulman durup bilmedim: «Goýaweri keýwany, beýdip lukmanyň göwnüne degmäweri! Adamyň işi gaýdanda, depesinden inmejek zat ýokdur» diýip köşeşdirdim — diýdi.

Bir gezegem talyp döwrüm kursdaşymyz bilen Ýazyjylar birleşiginiň edarasyna bardyk. Girelgäň öňünde durdyk. Egni gyrmyzy donly kellesi şypyrmaly Pyhy däde geçir barýar. Salam berdik welin:

— Döredijilik bilen meşgullanýaňyzmy? Kimiň ýanyna geldiňiz? — diýip sorady. Goşgyjyk ýazdyk welin, Krasnowodsk oblastynyň edebi maslahatçysynyň ýanyna geldik — diýdik. Ol egnindäki donuny sypalap: «Be, men indi garrap ýörmükäm, öň-ä ýaş şahyrlar goşgularyny maňa getirip maslahat soraýardylar» diýip ýylgyryp çykyp gitdi. Onuň gülkiniň heýkeli ýaly keşbi häzirem göz öňümde dur. Bendäniň ýogalanyny eşitse-hä Gurbangylyç aga gynanar. Onda-da şu gün habar ýetirjek bolaryn, başlyk — diýdim.

Bahana bilen ýaşulynyň hal-ýagdaýyny sorap gaýtdygym bolar — diýip öýlerine gitdim. Gurbangylyç aga ýatygly syrkaw bolsa-da ruhybelent ýaşulydy. Gapydan girenimden gelnejä: «Hany maňa bir ýerimden galmaga kömek ediň!» diýip ýüzlendi. Gelneje bilen iki bolup derrew ýaşulyny ýerinden galdyrdyk. Arkasyna ýassyk söýäp diwanda oturtdyk. Degişmeli gürrüňlerini diňläp esli oturamyzsoň gürrüňdeşligimiziň arasynda ol Pyhy agaly ýatlamalary aýdyp berdi. Şo pursat ondan Gurbangylyç aga, Pyhy aga aýatda barmy? — diýip soradym.

— Aý, öldi diýib-ä eşidemok. Näme?

— Ýok-la ýöne, bir hili «ýogaldy» diýip eşiden ýaly boldum-da aýdaýdym.

— Hä, şeýlemi? Öňräk halypam Pyhy Aşgabada gelipdir. Şonda ol maňa jaň edip: «ýüregi ýadap durandyr ýa-da ysmaz bolupdyr» diýseler ynan. Ýöne «Pyhy ölüpdir» diýseler ynanmagyn!» diýip tabşyrdy. Gaty köp gezek öýünde myhman boldum. Duz-çöregini iýdim. Men ondan Owadan daýzamyň ýagdaýlaryny soradym.

— Şükür, ýagdaýlary gowy. Hudaýa tabşyryp gaýdandyryn — diýdi.

— Näme, öýde başga agtyk-çowluk ýokmudy? — diýemde:

—  Aý, olara tabşyrsam pul tölemeli bormukam öýdýän — diýip degşipdi. Soňam: — Owadanam Aşgabada kän gatnaýaň welin, öýlenjek bolýan bolaýma? — diýip gabanýar. Menem: «Türkmenlerde bir söz bar. Ömrüňden ýeke gün galan bolsa öýlen. Ömrüňden iki gün galan bolsa at al!» diýipdirler — diýdim. Ýol şaýymy tutup daş çykdym. Öýüme boş çüýşe ýygnaýanlar geldi. «Çüýşe boşadýan döwrüm bir eýýäm geçendir» diýdim.

— Halypa! O döwür geçdi diýer ýaly sen näçe ýaşyňda? — diýip sowal berdim. Ol:

— Men ýaşymy iki hili aýdýan. Sen erkek adam bolaňsoň dogrymy aýdaýyn. Segsen alty ýaşymda.

— Aýallara näçe ýaş diýip aýdýaň?

— Segsen altyny iki epläp ýarsyny aýdýan. Arada iki sany nätanyş aýal maşgala öýümize gelip: — Öýüňizde köne zat barmy? — diýip sorady.

— Hawa. Menden başga köne zat tapmarsyňyz. Meni alyp gidäýiň — diýsem, «Beter köne zady alamyzok» diýip gitdiler — diýdi. Şonda jaňlaşanymyzda-ha, ýagdaýlary gowudy. «Owadan daýzaňyza, şu gezeg-ä Aşgabada «Türkmenistanyň Halk ýazyjysy» diýen ady almak üçin barýan. Seni begendirjegim çynym diýdim» diýip degişdi. Ondan bäri uzak wagta geçenok — diýdi. Onda-da, şol ýogalan ýaly-la?

— Bilmedim. Aý, näme sanalgyň dolsa gidibermeli-dä. Ol-a ýaşy bir çene baran adam. Mümkin şeýledir — diýenden, maňa aýdan adam ynamdar adam, Gurbangylyç aga. Pyhy däde dünýesini täzeläpdir — diýip ahyry anyk aýtdym. Ol: — Wah-eý, ol-a bolmandyr. Pyhy dädäň aýatyna barmaga ýagdaýym ýok-da…—  diýip başyny aşak salyp oturdy. Gynandyranyma ökündim. Ýiti adam bolansoň ýüzümden aňdy. Ýasama ýylgyryp: «Ýogsa-da, Pyhy dädäni indiki ýyl ýerlenende-de porsap durasy ýog-a, oňa çenli menem saglygym dikelip ýörärin» diýdi. Dili şerebeli Pyhy dädäniň duzlanyp kakadylan balyk ýaly keşbini göz öňümde janlandyrdy-da: «Halkyna gülki paýlap, o dünýesini gazanan halypa! Nesip bolsa, jaýyň jennetden bolar, enşalla! Gülki meýdanynda sesiň hemişe eşidilip durjagyna şübhäm ýokdur» diýdi.

Gurbangylyç aga bilen kän gezek gürrüňdeş bolupdyk. Ol: «Biz-ä adamlary gepläp güldürip bilemizok, emma Pyhy halypamyzy görenlerinde welin şobada gülşüp başlaýarlar. Amerikada Mark Twen, Angliýada Bernard Şou, Rossiýada Gogol, Saltykow Şedrin, Türkmenistanda Pyhy Tagan» diýerdi. «Hakykatyň hamyrmaýasy Pyhy Taganyň kendiriginden tapylaýsa gerek» diýdiren halypamdyr — diýip ýatlaýardy.

Käte onuň şol aýdanlary ýadyma düşüp öz-özüm oýlanyp oturýan. Tanymal halypalaryň Pyhy aga barada aýdan sözlerini hakydamda aýlaýan. Döwürdeş halypalar Berdi Kerbabaýew: «Biz Pyhy Tagan ýaly satiriklerimize guwanmalydyrys. Olary başga dillere-de terjime edip çykarmaly», Rahym Esenow: «Ataköpek Mergen, Pyhy Tagan ýaly şahsyýetler hemme asyrda dogulmaýar», Pomma Nurberdi: «Balkan sebitleriniň Keminesi Pyhydyr», Annaly Berdiýew: «Pyhy Tagan — halkyň şahyrydyr», Çary Geldimyradow: «Pyhy Tagan hemişe halkyň hakydasyndadyr. Pyhy dädäniň söz bilen «Dokan halysy» özboluşlydyr, hiç kimiňkä meňzeýän däldir», Annaberdi Agabaýew: «Aperin, beýlede bir ýatkeşlik bor oguşýa. Pyhy halypaň kellesiniň içinde ýene-de bir kelle bolmaly», kinorežissýor Çaryýar Seýidow: «Pyhy aga dogabitdi artistdir», Leýla Şadurdyýewa: «Pyhy däde gaýtalanmajak şahsyýetdir», Atda Gurbangeldi: «Pyhy Tagan diplomsyz alymdyr», Ýylgaý Durdyýew: «Pyhy şahyryň ady respublikamyzyň günbatar raýonlarynda ökde ýomakçy, ýiti satirik hökmünde giňden bellidir. Her bir oturylyşykda bolsun, toý-meýlisde bolsun, onuň baran ýeri ala-ýaz. Pyhy özüniň satiriki, liriki goşgularyny klassyky formada ýazsa-da, beýan edýän zadyna özüçe çemeleşýär. Halka ýakyn dilde ýazýar», Täçmämmet Jürdekow: «Eger-de Pyhy dädäniň onki däl-de, ýigrimi dört süňňi bar bolsa, onda şolaryň hemmesi hem ýumora ýugrulan bolmaly. Onuň bilen azajyk pursat hem söhbetdeş bolsaň ýylgyrman, gülmän durup bilmersiň. Bu oňa Hudaý tarapyn peşgeş berlen zehin. Ol duran ýerinde gülki ýasamany başarýan kişi»,  Aşyrberdi Kürt: «Ol diňleýjileri jadylamagy başarýar. Keseden duýdansyz «Aý, şu gezeg-ä ýüňsakgal ederin» diýip berilýän sowala aljyrap durmaýar-da, şol demde göwnejaý, ýumorly jogap tapyp bilýär. Ana, şol sebäpdenem Pyhy aga nirä barsa-da, onuň daşy märekeli bolýar. Pyhy Tagan bolmak kyndyr», Ümür Esenow:

«… Pyhy akga dogduk diýaryna jany-jigeri bilen hyzmat edişine özünden soňkulara önjeýli mirasam galdyrdy. Belki, köpüň içinden mynasyp orun tutarlary dömüp çykyşyna, onuň göwünlere gül bitirýän ýörelgesini has önjeýli ilerlemelere aralaşdyrar diýen hyýalada gaplandym», Amangeldi Hydyrow: «Pyhy dädäniň surat keşbini döretmek meniň esasy arzuwlarymyň biridi. Şu maksat bilen işe girişdim. Elbetde, bütin durky bilen degişmä ýugrulan Pyhy dädäni ýüzugra çekip bolaýanok. Ol degişýär, ýomak aýdýar… Portreti gutaryp barýarkam, men Pyhy dädä ýüzlenip: «Men-ä sizi döwrümiziň Keminesi hasap edýärin» diýdim. «Şol aýdýan sözleriňi şu suratyň ýüzüne hem ýazyp biljekmi?» diýip, Pyhy däde sorady. Men sesimi çykarman, Pyhy dädäniň oturan keçesiniň nagyşlarynyň arasynda owadanlap şol setirleri ýazdym», Soltanmyrat Amanow: «Men kaşaňja surathananyň ýanyndan geçen pursatlarymda ýönekeýden sada, ynsanperwer suratçy geljekde belli şahyr bolar, durmuş pelsepelerine ýugrulan «köňül horjuny» sahylyk bilen açyp, ýüreklere melhem paýlar diýip pikir etmändim. Soň-soňlar Pyhy Tagan şygyrlary bilen il içinde tanalyp ugrady. Kalbyňy asmana göterýän, ýürekleri joşdurýan goşgulary göwünleri galkyndyrdy. Göwünleri joşa getirip, gülki-gülzarlyklary eçilýän degişmeleri barasynda aýtsak, onda oňa edil on paý berlen ýalydy», Ödemämmet Töräýew: «Pyhy Tagan ýer barasyndaky ylmy, edebiýat donuna dolan uly ussatdyr», Gurban Wehimi: «Pyhy däde edebiýat meýdanyna goýberilen buldozerdir, biz ýalylary-ha buksir bilenem alyp çykar»… Pyhy aga barada aýdylan ynha, şeýle gysgajyk ýöne juda pikirlendirýän jümleler entegem kän. Oňa şunuň ýaly beýik baha berenleriň ählisem resmi taýdan hem halkymyz tarapyndan ykrar edilen tanymal halypalar. Olaryň hiç birem çem gelene beýle baha bererler öýdemok. Pyhy dädä juda göwni ýetensoňlar uly baha berendirler — diýip pikir edýän hemem Pyhy Tagan barada indi öwrenmelidigime göz ýetirdim.

Şu mahal bir pursat ýadyma düşdi. On-on bäş ýyllykda «Onkologiýa» keselhanasynda operasiýa bolup ýatyrdym. Otagymyzyň içi dym-dyrslykdy. Her kim aladaly iç-gysgynç ýagdaýdady. Şonda Pyhy aganyň obadaşlaryndan biri keselhana düşdi. Onuň ýagdaýam öwerlik däldi, ýöne özi gaty ruhubelent zenan eken. «Beýdip ýatsag-a gyzlar, ezraýylyň göhi geler. Men size Pyhy dädemiň gülküli gürrüňlerinden aýdyp bereýin» diýip bir topar degişme aýtdy. Gülkimize nobatçy lukmanlar gelip şeýlebir begendiler. «Şeýdiň-ä, biziňem zähmetimize goşant goşuň ahyry» diýdiler. Şonda ol zenan: «Döwrümiziň Keminesi Pyhy dädemize obadaşlarymyz «Gülki terapiýasynyň doktory»,  «Gülki lukmany» diýýärler — diýip gürrüň berdi. — Onuň ýaly bolsa, menem Mämmet Seýidiň obasyndan — diýip syrkaw ýatan garry daýza-da degişme aýdyp başlady.

Elbetde, syrkawçylyk bolýan ýagdaý, ýöne ruhubelentlik hökman gerek. Tüweleme, ählimiz aman-sag öýümize dolandyk. Owal Alla, soň lukmanlaň bejergisi, ýöne gamgyn wagtyňda göwnüňi götermek üçin gülki paýlaýan adamlaram juda zerur eken. Kä wagt şu pursady ýatlanymda tebibe aklyk beren ýaly elimden gelse şeýle adamlaryň hyzmatyna uly-uly sylaglary bagyşlasym gelýär.

Pyhy aganyň ýogalanyna 20 ýyl bolup barýar. Emma ol edebiýatyň gülki meýdanynda hemmeleriň «Pyhy dädesi» bolup hemişe ýatlanýar. Pyhy Tagan 1920-nji ýylyň 5-nji ýanwarynda Gazanjyk (häzirki Bereket) etrabynyň Ajyguýy obasynda doglan. Çagalyk hem-de ýetginjeklik ýyllary Gyzyletrek etrabynda geçýär. Oňa Daşoguzdan göçüp gelen Mämmedoraz şahyr ak pata berýär. Pyhy ene-atasyndan ir juda düşýär. Ol Büzmeýinde mugallymlary taýýarlaýyş kursuny gutarýar. 1938-nji ýyldan başlap Guýlar oba geňeşliginde ilki mugallym, soňra mekdep müdiri bolup işleýär. Şahyr repressiýanyň pidasy bolup, Kolyma adasyna iberilýär. Şol ýerden dolanyp geleninden soň Balkanabadyň ilata durmuş taýdan hyzmat edýän kombinatynda suratçy bolup işleýär. Soňra şol ýerdäki telestudiýa çagyrylýar. Ençeme ýyllap Goturdepede inžener bolup işleýär. Bagbançylykdan soň, hormatly dynç alşa çykýar.

Döredijilik ýoluna 1938-nji ýylda başlaýar. Ilkinji goşgulary etrap gazetinde hem-de «Tokmak» žurnalynda çap edilýär.

Onuň 1971-nji ýylda «Harasada garşy» atly goşgular we poemalar ýygyndysy, 1978-nji ýylda «Il aýdar» atly goşgular ýygyndysy, 1983-nji ýylda «Tikenli setirler» ady bilen hekaýalar we degişmeler kitaby, 1985-nji ýylda «Tazygan jeren» atly goşgular we poema ýygyndysy, 1989-njy ýylda «Meniň saçagym» atly goşgular, rubagylar, poema ýygyndysy neşir edilýär. Şahsy kitap tekjämizde duran

«Meniň saçagym» atly kitabyny käte okaýan. Kitapda aýdym bolan goşgularam bar. Onuň döredijiliginiň menem muşdaklarynyň biri.

Arada gyrgyz halkynyň dünýä belli ýazyjysy Çingiz Aýtmatow hakynda makala ýazanymda halypa kinorežissýor Çaryýar Seýidow bilen gürrüňdeş bolduk. Şonda ol: «1983-nji ýylda Magtymguly Pyragynyň 250 ýyllygy bellenýän günlerinde Eduard Meželaýtis, Çingiz Aýtmatow başga-da daşary ýurtly ýazyjy-şahyrlaň birnäçesi ýurdumyza geldi. Türkmenistanyň Kinematografiýaçylar birleşiginiň başlygynyň orunbasary bolup işleýärdim. Kinostudiýaň direktory Hojaguly Narlyýewdi. Şonda maňa myhmanlara ýolbelet bolmak tabşyryldy. Olar bilen şähere aýlandyk. Garrygalanyň Gerkez obasyna gezelenje gitdik. Ýazyjylaň Garrygalada geçirilen duşuşygyna balkanly ýazyjy-şahyrlaram gatnaşdy. Degişmeçi şahyr Pyhy Tagan  bilenem ilkinji gezek şonda tanyşdyk» diýenden, Pyhy däde bilen bagly ýatlamalar ýadyňyza düşýärmi? — diýip soradym.

Ol: «Baýramçylyk mynasybetli Gerkez obasyna çenli ýol diýseň gowy düzedilipdir. Pyhy däde: — «Ýagşy ynsanlar o dünýä gitse-de ile kömegi deger» diýleni, ýoly gowlapdyrlar — diýdi. Menem şol etrapda doglan, ýöne meniň dogduk obam Magtymgala obasy. Gerkez obasyna obadaşlarymyzdanam köpüsi bardylar. Olar maňa: «Gaýrat edip aýt, Pyhy däde biziň obamyza-da myhman barsyn. Birki gün degişmelerini diňläýsek. Ynha, şu haýyşymyzy oňa ýetirseň» diýdiler. Menem o wagtlar ýaş, özümem  Pyhy dädäni ilkinji gezek görşüm. Aý, ýok, çekinýän diýdim. «Onda-da siz ýol belet bolup durkaňyz öňüňize düşmäli» diýip duransoňlar, bolýa diýmeli boldum. Pyhy dädäniň ol ýerde öňden tanyş Meret Aşyr atly dosty bardy. Bir görsek ol şol dosty bilen Arapjyk obasyna toýa gidipdir. Onsoň ulagymyz bilen toý ýere bardyk. Märeke bary üýşüpdir. Pyhy däde-de şol toýda çykyş edip dur eken. Çykyş edip boldy welin, ýuwaşlyk bilen gulagyna pyşyrdap obadaşlarymyzyň haýyşyny aýtdym. Päli pes eken. «Bolýa» diýäýdi. Ulagly ýöräp ugradyk. Sumbar jülgesiniň boýy bilen Daýna obasyna çenli  «Babagoýun» çeşmesi, «Narly dere», «Zerzaw», «Köşekuçan», «Garrygowak»,  «Okatan» diýen birnäçe taryhy ýerler bar. Pyhy agany ýadatmajak bolup hemem ýaşuly adam «ýoly gowy däl eken» diýip yzyna gaýdaýmasyn diýip taryhy ýerleň atlary bilen bagly bilýänlerimi gürrüň berip güýmejek bolup barýan. Birden ol: «Hany, Çary jan dur. Aýdyp berýän jülgeleň at dakylmadygy barmy? Eger ýok bolsa, onda «Pyhy ölen» diýibem dakalyň!» diýdi — diýip gürrüň berdi.

Ýakynda «Garagum» žurnalyndan halypamyz Çary Geldimyradowyň Pyhy Tagan  barada ýazan ýatlamasyny okadym. Şol makaladan  bir parçany makalama goşasym geldi. Ol:

—1996-njy ýyldy öýdýän. «Edebiýat we sungatdan» «Watan» gazetine geçen döwürlerimdi. Men bu ýerde «Watançylyk terbiýesi hem-de edep-ekram» bölüminiň daşyndan hepdede bir gezek «Şadyýan şenbe», «Edep» sahypalaryny-da taýýarlaýardym.

Bir gün iş otagymda ýeke özüm otyrdym. Birden gapy açyldy. Içerik eli hasaly, peşeneli sakgally goja salam berip girdi. Allaniçiksi boldum. Nurana goja türkmen halk ertekilerinden çykyp gaýdan ýagşyzadany ýatladýardy. Üstesine, bir görlen tanyş ýüzem ýaly. Içgin synladym. Päheý-de weli! Büý-ä asyl Pyhy dädäň özi oguşýa. Birbada tanamanym hakykat. Dogrymy aýtsam, burnundan tanadym. Ýomakçynyň ilden üýtgeşik burny bardy. Gözlerine seretdim. Ýyllaryň geçmegi bilen adamyň ýüz keşbi üýtgese-de, hiç haçan gözleri üýtgemeýär. Şol öňki mähirli gözler. Ýerimden turup görüşdim. Sakgalyny gutladym. Gojalsa-da, şol ozalky wäşiligi.

— Walla, siz meni öýde rahat oturtjak däl!—diýip, Pyhy aga sag-gurgunçylyk soralyşanyndan soň, habaryny berdi.

— Hä, näme boldy? — diýip, Pyhy dädäniň aýlawly gürrüňlerine belet bolamsoň, oýurganyp duruberdim.

— «Şadyýan şenbede» suratymy ýalpyldadyp beren ekeniňiz. Şony çeken nakgaşa «taňryýalkasyn» aýdyp, ýörite arkasyna kakmaga geldim.

— Arkasyna hasaň bilen kakjakmy ýa-da…— diýip, menem turuwbaşdan myhmanyň hörpünden gopdum.

— Hany, öňürti özüni beri görkez! — diýip, olam ýeň bererli däl. — Murty jaýtaryp duran döwpisint pyýada bolsa, birden hasamy alagetdin, iki bölüp, öňüme oklaýmasyn!

Waka okyjylara has aýdyňrak bolaryndan ötri biraz yza çekileýin. Men bir döwürde ýomakçynyň dilinden ýazyp alan degişmeleri jemläp, onuň eli hasaly, sakgally suratynam bir ýerden tapyp, şol suratam elde çekmek üçin nakgaş Annanur Rejebowa tabşyrypdym. Surat jüpüne düşüpdi. Pyhy Taganyň degişmelerini has-da bezäpdi. Nakgaşyň çeken suraty Pyhy aga ýaran borly. Ýogsa, ol ýetmiş alty ýaşy arka atyp, Balkanabat ýaly ýerden hasasyny süýräp gelmezdi. Ýerine düşen iş hatda gojalary-da garysyna galdyrýar. Ýogsa, ol soňky döwürde Aşgabada gelmesini seýrekledipdi.

Şeýlelikde, oturan ýerimden til kakyp, nakgaşy idedim. Ol «Nesil» gazetinde işleýärdi. Hernä ýerinde eken. Mähetdel etmän geldi. Deşli pyýada. Pyhy dädäniň çaky däl. Köwşi dagy Adam atanyňky ýaly. Kyrk bäşinji ölçeg. Ikisini tanyşdyrdym. Myhman oňa minnetdarlyk bildirip, şeýle diýdi: — Bally, gaty gowy çekipsiň. Hakyt içki dünýäm daşyna çykyp dur.

— Içiňizi çöwräýipdir-dä, onda…—diýip, menem degişmän durup bilmedim.

Häli-häzirem haýran galýaryn. Pyhy Tagan ýaly hemişe ýüzi-gözi gülüp duran adamyň ýanynda hiç haçan dommarylyp oturyp bolmaýan eken. Derrew gülki damaryň gozgap, tirpildemäge başlaýar. Degişmäniň öz-özi-de diliňe geliberýär. — Sen, bally, nakgaşlygyň çyn bolsa, meň suratymy ullakan edibem çek! «Üýtgeşik jandaryň suraty eken!» diýip muzeýlerem satyn alar. Nesip bolsa, baýarsyň, taryha girersiň. Seň arkaňdan menem taryha girerin…

Degişme ýomakçynyň diline gelip dur. Menem ýöne ýatmadym. Her dürli sowallar berip, ony gorjaladym. Garaz, şol gün Pyhy däde bilen ýoňsuz wagt gürleşip oturypdyrys. Ýanyňa ýomakçylar geleninde ýigdelen ýaly bolýarsyň. Pyhy aga ejaza berilse, ýolagçydygyny ýaňzytdy. Myhman bilen hoşlaşdyk. Şonda ol otagdan çykyp barýarka, birden yzyna gaňryldy-da:

— Inim, Çary, ýanyňa ýöriteläbem geljekdirin. Degişme goşgujyklammam taslaşdyryp goýdum. Başga ýerik hödürlemen. Diňe size getirerin!— diýdi.

Ýöne onuň şo gidişi gidiş boldy. «Dert ýamany garrylyk» diýleni. Ýaşyň birçene baransoň, uzak ýere çykmagam hyllalla. Hiç kim gojalygy arkasyna hopba edesi gelenok. Gojalygyň özi gös-göni boýnuňa münýär. Pyhy däde-de, Aşyrberdi Kürtem, umuman, ýaşuly satiraçylaryň köpüsi şu degişme şekilli akyly aýtmagy gowy görýärdi. Çaky gojalyk Pyhy aganyňam boýnuna münen borly. Ýogsa, ol hökman redaksiýa köwlenerdi. Sebäbi onuň söz berip, sözünde tapylmadyk gezegi ýadyma düşenok. Ol türkmençiligiň kada-kanunlaryny saklaýan adamdy. Arman…

Çary aganyň bu ýatlamasyndan soňra Pyhy dädäniň şägirdi hem ogly Röwşen Tagana jaň edip: «Pyhy dädäniň näçe perzendi bar?» diýip soradym. — Bäş ogly, bäş gyzy bar. Ejem on çagany dünýä getiren gahryman ene, kakam gahryman ata — diýdi-de, gürrüňini dowam etdi.

— Dädem 2005-nji ýylyň 25-nji martynda dünýeden gaýtdy. Jebel bilen Nebitdagyň arasyndaky Gara Ahun gonamçylygynda ýerlendi. Dädem  ýogalanda märekesi ýetik boldy. Soň-soňlaram eşidip geldiler. Bir gün bäş sany peşeneli ýaşuly gaýypdan düşen ýaly bolup öýümize geldi. Tanamyzok. Olaryň biri:

— «Adam ölse adam aglar, alym ölse älem aglar» diýipdirler. Pyhy Tagan alymdyr» diýdi. Dädem bolany üçin aýdamok ol toslaýjy, oýlap tapyjy, lirik, satirik, ýumorist, özi döredip özi ýerine ýetiriji, artist, çykyş edende bir gezek aýdan gürrüňini bäş minutdan gaýtalanda-da güldürip bilýärdi. «Indi tankyt edenoklar, massaž edýärler. Tankytsyz başlyk uýansyz atdyr. Ýerlikli bellik üçin «sag bol» aýtmaly. Hamyryň ýumrugy ýetende çöregi tagamlydyr» diýerdi. Danalaryň aýdan pähimli sözlerini, aforizmleri aýdyp berýärdim. Ol «Genileriň duşmany döwürdeşleridir, olaryň hossarlary geljekki asyrlardyr» diýen aforizmi juda gowy görýärdi, köplenç gaýtalaýardy. Dädeme ýazyjy Hudaýberdi Durdyýew: «Tiz pähim» diýip baha beripdi. Ol hakykatdanam şeýledi. Bir gün iş ýeriniň golaýyndaky kitap dükana arap ýazyjysy Mir Ammanyň «Dört derwüş» atly kitabyny satyn almaga barýar.  Satyjy ol kitabyň ýany bilen başga-da bir kitaby goşup satýandygyny aýdýar. Şonda dädem: «Beýle ol kör zehine dözmeýän bolsalar «Bäş derwüş» diýip bir kitaba jemläýmeli ekenler» diýip kitabyň ikisinem satyn alypdyr. Dädem hakynda çuwal-çuwal, horjun-horjun, garçyn-garçyn, ganar-ganar ýatlama bar. «Hamyr ujundan petir» edip halka ýetiribermeli.

Kakam ýogalanda mirasgär Ümür Esen ýedi günläp Maryda öz öýünde aýat-töwir edipdir» diýenden, Ümür aganyň gyzy Akjemal gelnejäniň: «Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Bibliografiýa bölümi tarapyndan 2020-nji ýylda giň okyjylar köpçüligine niýetlenip, Pyhy Taganyň doglan gününiň 100 ýyllygyna bagyşlanan bibliografiýa görkezijisi taýýarlandy. Kakam aýatda bar wagty: «Gyzym, Pyhy Taganyň bibliografiýa görkezijisini taýýarlagyn!» diýip tabşyrypdy, ýöne şahyryň belli bir ýubileý senesine gabatlap taýýarlamasak bolanok. Onsoň kakamyň sözi ýerde galmasyn diýip, ýaşlaryň ýanynda halypalyk edip gijirägem bolsa görkezijini taýýarladyk» diýip aýdan gürrüňi ýadyma düşdi. Pyhy dädäniň şol kitapdaky suratyny synladym.

Bir mahal telegörüjileriň söýüp tomaşa edýän «Ýedigen» gepleşiginde Pyhy aga kän çykyş ederdi. Gepleşigi kärdeşimiz Atamyrat Şaguly alyp barýardy. Onsoň oňa-da jaň edip Pyhy däde bilen bagly gürrüň bermegini soradym. Ol:

«Pyhy dädäň öz kitaplarynyň birine «Il aýdar» diýip juda sadadan, çuň manyly at goýşuna haýran galýaryn» diýip oýlanyp oturdy. Birdenem ýylgyryp gürrüň bermäge başlady. «Kämahal iki zehin tanşyp, dostlaşyp gitse, göýä aýdym bilen sazyň goşulyşy ýaly bolýar gidiberýär eken. Meşhur satirik şahyr Pyhy Tagan bilen şahyr Gurban Wehimi şeýle adamlardandylar. Pyhy däde aýtmyşlaýyn, olaryň ömrüniň gylla ýary bile geçipdir. Gurban Wehimi muny tassyklap: «Pyhynyň aýak yzyny tanaýan islendik adam oň ýanynda meňem aýak yzymy emgenmän saýgaryp biler» diýerdi.

Bu goşa zehin bilen maňa birnäçe sapar duşuşyp, telewideniýede gepleşik taýýarlamak miýesser edipdi. Her saparam men olaryň ikisini bir gepleşige çagyrmagy ýola goýmaga çalşardym.

Belli teatr režissiory Konstantin Sergeýewiç Stanislawskiniň «Dilewar adam belli bir derejede degişgendir» diýen sözleri ýadyma düşýär. Bu hakykatdan-da şeýle. Gepleşikde olar dilewarlyk bilen bir-birine henek atyp, degşerdiler. Ýöne olaryň degişmeleri herniçik-de bolsa gepleşik medeniýetiniň çygryndan  çykmazdy.

Şeýle gepleşikleriň birinde Gurban aga Pyhy dädeden:

— Bu günler bir zat ýazýaňmy? — diýip sorady. Pyhy aga-da: — Bir zat däl, üç zat ýazýan. Ýadamda bi:limi ýazýan, ajyksam saçak ýazýan, ýatamda düşek ýazýan. Onda Gurban aga:

— Men-ä şäherde oňman çarwa çykdym. Onda-da känbir oňup bilemok — diýdi. Pyhy däde:

— Oňmasaň çopanlaryň mal-garasyna kömekleşmek gerek.

Gurban Wehimi:

— Kömekleşer ýaly içinde meniň goýnum ýok — diýenden Pyhy däde:

— Näme, itiň goýny barmy, gije-gündiz daşynda hars urup ýör-ä — diýdi. Onuň şol jogaby häzirem ýadymda — diýip ýatlady.

Hawa, Pyhy dädeli ýatlamlara gutarma ýok. Olary ogly Röwşen aganyň aýdyşy ýaly «Hamyr ujundan petir» edip halka ýetiribermeli. Makalama nokat goýup daş çykdym. Goňşymyz şahyr Azat Rahmanow geçir barýardy. Biraz durup gürrüňdeş bolduk. Pyhy däde hakynda ýatlama ýazandygymy aýtdym. Ol: «Oňarypsyň, Pyhy aga beýik halypadyr, ýöne onuň ogly Röwşen Taganyň döredijiligem öwrenilmäge, ýazylmaga mynasypdyr» diýdi. Ýa, nesip…

Akgül Saparowa.

 

 

Ýene-de okaň

Medeniýet Şahberdiýewa: dünýä sungatynyň göwher gaşy

Atajan Tagan: taryhyň hem şu günüň waspçysy

Ata Watan Eserleri

Çingiz Aýtmatow: halkymyza ýakyn ýazyjy

Ata Watan Eserleri

Öwülýaguly Kulyýew:tötänden ýazylan ýatlamalar

Gara Seýitliýew: ýürekden ýürege yşkyň ýoly bar

Ata Watan Eserleri

Azat Rahmanow: halk döredijiligini halypa tutunan şahyr