BIZNES

USAID 13-nji Merkezi Aziýa söwda forumyny geçirýär

ABŞ-nyň Halkara ösüş guramasy (USAID) 13-nji Merkezi Aziýa söwda forumyny (CATF) gurnaýar. Şu ýylky “Söwda baglanyşyklary: Global köprüler” atly forum aragatnaşyk, täjirçilik we söwda syýasatyny ösdürýän sebitdäki esasy söwda wakalaryň  biridir.

Aziýanyň, Ýewropanyň, Ýakyn Gündogaryň,  Angliýanyň we ABŞ-nyň 300-den gowrak işewür ýolbaşçylary we döwlet işgärleri Merkezi Aziýada söwdany ösdürmegiň usullaryny öwrenmek üçin Gazagystanyň Almaty şäherinde duşuşýarlar. Maslahat sessiýalary sanlylaşdyrmak işlerine, ulaga, logistika, sazlaşyga, söwdany kadalaşdyrmaga bagyşlanýar.

Waşingtonyň, Kolumbiýa okrugyndan gelip forumda çykyş eden USAID-yň dolandyryjysynyň kömekçisiniň uly orunbasary Zeýna Salahi: “On ýyldan gowrak mundan ozal döredilen bu forumy goldaýandygymyza buýsanýarys, söwda hyzmatdaşlygynyň ýokarlanmagy has durnukly, gülläp ösýän we birleşdirilen Merkezi Aziýany döredip biler” diýip belledi.

Döredileli bäri CATF 32 million dollardan gowrak möçberdäki şertnamalaryň baglaşylmagyna ýardam berdi we 25 ýurtdan 10000-den gowrak hökümet we işewür ýolbaşçylary kabul etdi.

Beýleki esasy çykyş edenleriň arasynda Merkezi Aziýanyň Söwda ministrlikleriniň, Ykdysady Hyzmatdaşlyk we Ösüş Guramasynyň, QazTrade, Trans-Hazar halkara ulag ýollarynyň birleşmesiniň we Ýewropa-Kawkaz-Aziýa ulag koridorynyň  (TRACECA) wekilleri bar.

CATF bilen bir wagtda şu aşakdakylar ýerine ýetirilýär:

  • Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan, Türkmenistan we Özbegistandan 40 kompaniýanyň gatnaşmagynda söwda sergisi, halkara alyjylar üçin oba hojalygy, dokma, tikin we azyk önümlerini hödürleýär. Söwda sergisi  Gazagystanyň Söwda we integrasiýa ministrligi we Almaty söwda we maýa goýum palatasy bilen hyzmatdaşlykda geçirilýär.
  • Merkezi Aziýada söwda mümkinçiliklerini öwrenýän 40 sany pakistanly zenan telekeçiniň gatnaşmagynda aýal-gyzlar bilen işleýän kärhanalar üçin Pakistan-Gazagystan söwda mümkinçilikleri forumy.. Forum USAID-yň Pakistanyň sebitleýin ykdysady integrasiýa maksatnamasy (PREIA) tarapyndan guraldy.
  • Milli söwdany ösdüriş komitetleriniň 11-nji sebitleýin ýygnagy, ol gümrük, ulag, fitosanitar sertifikatlaşdyryş we weterinariýa serhedine gözegçilik etmek üçin Merkezi Aziýa ýurtlarynyň bäşisiniň işewür ýolbaşçylaryny we işgärlerini birleşdirýär. “Merkezi Aziýada söwda amallaryny ýönekeýleşdirmek ” atly taslamasynyň goldawy bilen gurnalan we Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýeti (GIZ) tarapyndan amala aşyrylan bu duşuşykda  söwda proseslerini sanlylaşdyrmak üçin ýol kartalary we sebitde söwda amallaryny optimizirlemek üçin bilelikdäki hereket meýilnamasyny düzmek meselesi ara alnyp maslahatlaşylýar.

Ýene-de okaň

Angliýanyň ilkinji milliarder sazandasy boldy

Ata Watan Eserleri

Türkmen halysynyň baýramyna taýýarlyk görülýär

Türkmenistanda öndürilýän önümler «TIBCO-2024» sergisinde görkezilýär

Aşgabatda azyk önümçiliginiň döwrebap tehnologiýalarynyň halkara sergisi öz işine başlady

Russiýa bilen Merkezi Aziýanyň haryt dolanyşygy 44 milliard dollara deň boldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky ulaglar arkaly söwda dolanyşygy $2,5 milliarddan geçdi