ÝAKYMLY ÝATLAMALAR

Öwezmuhammet Mämmetnurow: reňkler ykbalymy, durmuşymy bezedi

Şu makalamyň sözbaşysyny ýaşuly suratkeşiň öz buýsançly sözlerinden aldym. Ol hakykatdanam şeýle. Ömrüni reňkler bilen baglan halypa saýlan hünärine wepalylyk bilen, häzirki günlerde-de irginsiz  zähmet çekip gelýär. Yhlasly zähmeti ony üstünliklere, abraý-mertebä ýetirdi. Ýurdumyzyň tanymal zehinleriniň biri Öwezmuhammet Mämmetnurow halkymyzyň öňünde bitiren uly hyzmatlary üçin 1993-nji ýylda «Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri», 2008-nji ýylda «Türkmenistanyň Halk suratkeşi» diýen hormatly atlara mynasyp boldy.

Öwez aganyň öň diňe zehinli suratkeşdigini bilýärdim. Ony metbugat sahypalaryndaky, teleradioýaýlymlardaky çykyşlary bilen gaýybana tanaýardym. 2008-nji ýylda onuň bilen ilkinji gezek ýüzbe-ýüz tanyşdyk. Beýik Ýeňşiň 63 ýyllygynyň baýramy bellenilýän günlerdi. Baýramçylyk mynasybetli guralan sergi hakynda ýazmak üçin Türkmenistanyň Döwlet muzeýine barypdym. Öwezmuhammet Mämmetnurow muzeýiň direktorydy. Ol muzeýe baran myhmanlary özi garşy alyp: «Hoş gördük! Geleweriň, şeýdip! Sergimizi görmäge geleniňiz üçin minnetdar» diýip, hal-ahwal soraşyp myhmanlar bilen sergä bile aýlandy. Watançylyk urşuna degişli muzeýiň gaznasynda saklanýan fotosuratlar, her dürli esbaplar hakynda giňişleýin gürrüň berip, myhmanlar bilen pikir alyşdy. Sergi şeýlebir täsin guralypdyr. Edil teatrda sahna eserini gören ýaly täsir etdi. Watan ezizligi, doganlyk-dostluk, agzybirlik, ýurt asudalygynyň gymmaty, zenan mertligi, gadymy şaý-sepler, uruşda wepat bolan gerçekleriň söweş ýollary, häzirki asuda günlerde olaryň her birine goýulýan sarpa hakda kän zatlary gürrüň berýär. Bu muzeýe öň baryp görmändim. Sergi zalyndaky gara öýüň içinde oturan iki gelniň heýkeliniň ýanynda saklandym. Ikisiniňem başynda ýas bürenjegi. Biriniň elinde uruşdan gelen üç burç hat. Ýüzüne seredenimden inim tikenekläp, endamym düýrügdi. «Belki, dogany ýogalandyr, belki-de ýanýoldaşy» diýip, oýa batdym. Gelinleriň garşysynda esli wagt durdum. Olara duýgudaşlyk bildiresim geldi. Ikisiniňem ýüzüne gaýta-gaýta seretdim. Seretdigimçe-de: «Wah, ýaşajyk gelinler. Eger bu hat ýan ýoldaşyndan gelen bolsa, onda ol näçe gün ýaşaşandyr öýdýäňiz?» diýip, olaryň halyna şeýle bir gynandym. Birdenem: «Bu haty menem bir okap göreýin-le» diýip içimi gepledip, elimi uzatdym. Gelniň elindäki hat ýere gaçdy. Eglip haty elime aldym. Gelinleriň gözlerinden paýrap gözýaş syrygýan ýaly boldy. Gara çyranyň gapdalynda, öňlerinde ýüň darak, örülgi jorapdyr ellik. Bukjadaky egin-eşikler fronta ibermek üçin taýýarlanan bolmaly. Aç-suwsuz, iýmäge-içmäge zat ýok. Dulda duran saçagam boş. Kersenem takyrap dur. Onda-da Hudaý gaýrat berýändir-dä…

Oýa batyp oturşyma elimdäki haty gelniň eline gysdyryp, ýerimden turdum. Ýöne näme üçin, men ýene yzyma gaňrylyp, gaýta-gaýta gelinlere seretdim. Birdenem: «Bolup durşumy, bu heýkel ahyry» diýip öz bolşuma özüm geň galdym. Sungat diýilýän zadyň gudratdygyna şonda hasam göz ýetirdim. Ine, şol pursatdan soň muzeýlerde guralýan baýramçylyk sergilerini görmäge gyzyklanmam has artdy. Öwez aganyň ýolbaşçylyk eden muzeýindäki baýramçylyk sergileri görmäge kän gezek bardym. Her bir baýramçylygyň öz many-mazmunyna görä çeper eser ýaly bezelen sergileriň çägindäki döredijilik duşuşyklarda ençeme gezek çykyş etmek miýesser etdi.

Halypasy Türkmenistanyň halk suratkeşi Annadurdy Almämmedowyň: «Öwezmuhammet Mämmetnurow döredijiliginiň erkin ýazylyş usuly, türkmene mahsus milli häsiýetleri bilen tapawutlanýan köp ugurly suratkeş. Ol teatr suratkeşi, görnükli nakgaş, professional dizaýner hem-de ussat guramaçy» diýip aýdyşy ýaly, ol hakykatdanam köp taraplaýyn zehinli halypa. Ýerlikli talapkär hem jogapkärçilikli ýolbaşçy, juda sowatly taryhçy, işjanly, işine berlen ussat. Onuň işgärlerem özi ýaly işbaşarjaň ýöne, ol şonda-da olara ynanyp arkaýyn oturýan adam däl. Iş ýerinde haýsydyr bir baýramçylyk çäresi geçirilsin, özem işgärleri bilen deň aýak üstündedir. Guralýan göredijilik duşuşyklara dürli ugurdan sowatly hünärmenleri myhman çagyryp, olaryň baýramçylygyň many-mazmunyna laýyk gyzykly gürrüňlerini teleradioýaýlymlar, gazet-žurnallar arkaly hem duşuşygyň üsti bilen kopçülige ýetirilmegi hakda alada edýärdi. Duşuşyk tamamlanansoň, myhmanlar duz-çörek hödür edilmän ugradylmazdy. Baýramçylygy hakyky toý dabarasyna besläp garşy almak muzeýiň adaty däp-dessurydy.

Öwez aga ýaşlary hünäre ugrukdyrmaga juda ökde halypa. Şu babatda bir pursady ýatlasym gelýär. Bir ýyl töweregi muzeýde Öwez aganyň işgäri bolan ýaş ýigit gürrüň berdi. Ol ýekeje ýylyň dowamynda oňa sergi guramagyň inçeliklerini şeýlebir öwredipdir. «Soň okuwa girdim. Mugallym sapakda öz pikirimizi kagyza geçirip beýan etmegi tabşyrdy. Birbada näme ýazjagymy bilmedim. Birdenem Öwez aganyň sergi guramak barada öwredenlerini kagyza gürrüň berip ýazgy etdim. Mugallym: «Örän gowy» diýip bäşlik goýdy-da, «Haýsy muzeýde işlediň?» diýip sorady. «Döwlet» muzeýinde diýenimden: «Öweziň elinden tälim alan adam, bihal bolmaly däldir» diýdi. Öwez aga gaty talapkärdi, ynjykdy. Işgärler bolup ondan çekinýärdik ýöne, iş öwredende ýadyňdan çykmaz ýaly öwredýär» diýip, hoşallygyny bildirdi. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragyda:

«Ýagşylardan alkyş algyl,

Ömrüň artyp, zyýat galsyn» diýen setirler bar. Ýagşy iş bitirseň undulaňok.

Arada Türkmenistanyň halk suratkeşi Ada Gutlyýewiň 60 ýaş ýubileý sergisine bardyk. Şonda özara gürrüňdeşlikde, «Nesip bolsa, şu ýyl Öwez aganyňam ýubileý sergisini guramak meýilleşdirildi» diýdiler. Onsoň onuň terjimehaly bilen gyzyklandym. Öwezmuhammet Mämmetnurow 1954-nji ýylyň 5-nji awgustynda doglan eken. 70 ýaş toýuna sowgat hökmünde makala ýazmak üçin ýakynda oňa jaň edip, iş ussahanasyna myhmançylyga bardyk. Onuň bilen jaňlaşanymyzda ol üçünji gün, sagat üçlere ussahanasynda boljakdygyny aýtdy. Dört-bäş gün geçensoň, elime jaň geldi. Saglyk amanlyk soraşdy-da, «Öwezmuhammet Mämmetnurow bimaza edýär. Şu gün üçlere ussahanamda boljakdygymy aýdypdym welin, zerur bir işim çykdy. Kyn görmeseňiz sagat bäşlere geläýiň. Birden ir gelip, garaşyp kösenäýmäň» diýip ýagdaýyny aýtdy. «Sagat pylança geläý» diýip, soňam barsaň «işim çykdy» diýip ýerinde tapylmaýan adamlaram gabat gelýär. Öwez aganyň wagt diýlen zadyň hemem adama hormat goýmagyň gymmatyna gadyr goýýan şunuň ýaly gowy häsiýeti bar.

Ussahanasynyň diwaryndaky dürli ölçegdäki, dürli temalardan döredilen eserleri bir ýanyndan synlap çykdyk. Eserleriň her haýsynyň özboluşly reňk sazlaşygy bar. Tebigat gözellikleri beýan edilen  kümüş reňkli eserleriniň deňinde eglendik. Tebigata çykyp howanyň gaty sowuk wagty çekilen suratdygyny aýtdy. Reňkleri şeýle bir sazlaşdyrypdyr, juda owadan özüne çekiji eser bolupdyr. Onuň peýzaž eserlerinden tebigat gözellikleriniň her pasla görä aýratynlygyny görüp bolýar. Eserlerini aýdym-saz ýaly diňläp bolýar. Howanyň yssysyny, sowugyny duýup bolýar. Şemala başlaryny yrap oturan gülleriň, baglaryň ygşyldysyny eşidip bolýar. Gijemi-gündiz, sabamy, öýle aýdyň bilip bolýar.

Soňra ussahananyň içine girdik. Ilki bilen tekjede duran foto suratlary synladyk. Öwez aganyň bir topar ýaşuly adamlar, daýzalar bilen bile düşen suratyny elime alanymdan ol: — Bular meniň orta mekdepde bile okan klasdaşlarym. Arada bir klasdaşymyz «akgoýun» toý etdi. Şonda obada düşülen surat. Olar menden öýkeläpdirler. «Toýa çagyrsagam gatnaşmadyň, aýat- töwir bolsa-da gelmediň» diýip nägile boldular. Menem olara aýtdym. Sizden aýry göwnüm ýok, ýöne ýolbaşçy işlerde işlämsoň, köplenç çakylyk ýollan wagtyňyz daşary ýurtlarda iş saparlarda wagtyma ýa-da baýramçylyk günlerine gabat gelip baryp bilmedim. Indem biraz boşrak wagt tapyp sizi görmek üçin ýörite geldim. «Dogry gelen keýigiň, iki gözünden başga aýby ýok» diýipdirler. Ursaňyz-a arkam, sökseňizem ýüzüm — diýdim. Obadan göçüp gaýdanymyza kän ýyl boldy. Klasdaşlarymyň köpüsini tanamadym. Hat-da partadaşymam tanamandyryn —  diýip oýlanyp oturdy. Öz ýanymdan: «Diňe ussahanasynyň içindäki eserlerini gören adamam Öwez agadan öýke-kine eder öýdemok. Olar ussahanasyna aýlanyp görmeli eken. Her dürli ölçegdäki munça eserleri döretmek üçin ýolbaşçy wezipeleriniň daşyndan nädip wagt tapdyka? Ol ýurdumyza daşary ýurtlardan myhmançylyga gelýän jahankeşdeleriň iň köp barýan medeni ojaklarynyň biri — Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň direktory wezipesine 1997-nji ýylda bellenip, diňe şol muzeýiň özüne 25 ýyl ýolbaşçylyk etdi. Mundan başga-da ol 1988-nji ýylda Türkmenistanyň dizaýnerler birleşiginiň başlygy, 2013-nji ýylda Magtymguly adyndaky halkara baýragyny bermek baradaky komitetiň başlyklygyna bellenildi. 1985-nji ýylda Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň agzasy boldy. 1975-nji ýylda žiwopis, grafika we dizaýn eserleri bilen Türkmenistanyň, Bütinsoýuz we daşary ýurt sergilerine gatnaşýar. Ussat suratkeş nakgaşçylyk we grafika eserleri boýunça 2004-nji ýylda paýtagtymyzda, 2005-nji ýylda Türkiýäniň Ankara şäherinde şahsy sergi guraýar. Ol 1975-2009-njy ýyllar aralygynda Russiýa federasiýasynda, Germaniýada, Türkiýede, Eýranda, Finlandiýada, Angliýada, Polşada, Awstriýada, Gazagystanda, Özbegistanda geçirilen sergilere gatnaşýar. Öwez aganyň halkymyz üçin bitiren işleri sanardan kän. 2005-nji ýylda paýtagtymyzdaky Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty mizeýiniň, Türkmenistanyň Milli Ak bugdaý muzeýiniň, 2007-nji ýylda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Prezident muzeýiniň, 2009-njy ýylda Gökdepe milli muzeýiniň, Türkmenistanyň Döwlet muzeýiniň, Türkmenistanyň Prezidentiniň hem-de Etnografiýa we ülkäni öwreniş muzeýiniň konsertual taslamasyny işläp düzdi we onuň ýolbaşçylygynda ylmy ekspozisiýa we sergi işleri ýerine ýetirildi. 2010-2011-nji ýyllarda bolsa, Balkan we Daşoguz welaýatlarynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýleriniň, konsertual taslamasyny we sergi zallarynyň ekspozisiýalarynyň ýerine ýetiriliş işlerini awtorlyk topary (Wýaçeslaw Maýkowskiý, Gurban Hojagulyýew, Wadim Baratow) bilen, 2013-2014-nji ýyllarda «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumyndaky «Watan mukaddesligi» muzeýiniň konsertual taslamasyny hem-de sergi zallarynyň ekspozisiýa işlerini awtorlyk topary (Wýaçeslaw Maýkowskiý, Wadim Baratow) bilen  ýerine ýetirdi. 1991-nji ýylda Türkmenistan döwletimiz  ýurt Garaşsyzlygyny alandan soň, döwlet nyşanlarynyň, orden-medallaryň şekil taslamalaryny, ministrlikleriň we edaralaryň belgileriniň nyşanlaryny işläp düzmäge işeňňir gatnaşýar. Şeýle uly işleriniň daşyndan ol ylmy iş bilen meşgullanyp «Türkmenistanyň muzeýleriniň taryhy we Garaşsyzlyk ýyllarynda muzeý işleri» diýen temadan ylmy iş ýazdy. Bu işini üstünlikli gorap, 2016-njy ýylda Taryh ylymlarynyň kandidaty alymlyk derejesine eýe boldy. Häzirki wagtda ol umumy ýazylan kandidatlyk işiniň temasyndan doktorlyk işiniň üstünde işleýär. Şeýle hem Türkmen döwlet medeniýet institutynyň «Muzeýler we rejeleýiş işleri» kafedrasynyň dosenti bolup ýokary bilimli muzeý işgärlerini taýýarlamakda mynasyp goşant goşýar.

Öwez aga bilen söhbetdeşligimizi ussahanasynyň içindäki diwara söýelgi duran üç sany uly ölçegdäki nakgaş eserleri hakyndaky gürrüň bilen dowam etdik. Milli keçeçilik sungatymyza bagyşlanyp döredilen eserler. Birinji görnüşi zenanlaň ýüň düýdüp, ýüň saýyp, ýüň darap oturan pursady, ikinjisi keçe gülläp oturylan pursady, üçünjisem keçäniň basylyp taýýar bolup barýan pursady beýan edilen eserler. Öwez aga: «Änewde ýaşaýas. Öýde mal saklamyzsoň, mallaryň gyrkylan ýüňleri haltalara dykylgy durdy. Zaýalanmaz ýaly bir gün olary muzeýe getirdik. Muzeýde işleýän işgärlere-de şol ýüňlerden keçe taýýarlatdyk. Ine, şondaky iş pursadynyň keşbini nakgaş eserlerimde beýan etdim hemem şol iş pursadyň wideoýazgysyny muzeý gaznasyna goşduk — diýip gürrüň berdi. Ol aýdýan gürrüňini manyly, sagdyn düşündirýär. Dogumly, zehinli ýaşuly. Saragt baba, Mäne baba, Nejmeddin Kubra, Keýmir serdar, Änewli Ysmaýyl serdar, Watançylyk urşunda edermenlik görkezen zenan Dürjemal Ysmaýylowa we başga-da birnäçe taryhy şahsyýetleriň keşbi şekillendirilen uly ölçegdäki portret eserlerini ýeke-ýekeden getirip, her biri hakynda diýseň gyzykly gürrüňler berdi. Olar bilen bagly aýdýan rowaýatlarynyň özüni aýratyn  kitap edip boljak. Ol Gowşut hanyň egni hywa donly uly portret suratyny çekipdir. Şol surat hakynda bir pursady ýatlady. «Daşkentde guralan sergä gatnaşanymyzda şu eserime ýaşululaň biri: «Egnine türkmeniň gyrmyzy donuny geýdirip çekäýmeli ekeniň» diýip bellik aýtdy. Taryhy rowaýatlarda halkara medeni hyzmatdaşlygyň çäginde dostlugyň hormaty hökmünde Gowşut hana hywa donunyň sowgat berlendigi baradaky ýazga gabat geldim. Onsoň şol rowaýata esaslanyp döreden eserimdigini düşündirdim — diýdi.

Öwez aga Dürjemal Ysmaýylowa bilen garyndaş eken. Ol baradaky gürrüňlerem özbaşyna ýazylmaga mynasyp. Onuň başga bir topar täsin eserleri bar eken. Şolar hakynda gyzyklandyk. Ol: «1983-nji ýylda ýurdumyzyň döredijilik işgärlerinden düzülen topar bilen Baýkal Amur magistralynyň gurluşygyny öwrenmek üçin iş sapar bilen gitdik. Suratkeşlerden bir özüm, galany žurnalistler, ýazyjy-şahyrlar. Merhum žurnalist Balkan Gapurowyň ýolbaşçylygyndaky topar bilen «on bäş günlük» diýlip gidilen iş saparymyzdan bir ýarym aýdan soň dolanyp geldik. Gaty sowuk ýer eken. Bäş barmak ellikde surat çekip bolmansoň, üstünden ýene üç barmak ellik geýip işlemeli boldum. Ynha, şu eserler şol ýerde döreden eserlerim. Aýyň derisinden tikilen ädik, başga-da şol ýeriň keşbi şekillendirilen eserler döredipdir. Ol eserleriniň 5-6 sanysy internetde-de goýlupdyr. Suratkeşiň talyplyk ýyllaryndan söhbet açyp duran «Bahar», «Tokaýda», «Derýanyň kenarynda» atly işlerinde Ukrainanyň gözel tebigaty, onuň ajaýyp bahar paslynyň şahyrana gözelligi beýan edilipdir. Eserleriň her biri hakyndaky täsirli gürrüňler biri-birinden gyzykly.

Halypa suratkeşiň çagalyk ýyllary bilen bagly ýatlamalaryny diňläniňde, onuň terbiýe mekdebinde kakasynyň uly ornunyň bardygyna, köp häsiýetiniň  kakasyndan alan terbiýesinden geçendigine göz ýetirip bolýar. Ol: — Aslynda men ýurdumyzyň Kaka etrabynyň Gowşut obasynda doglan, ýöne 1950-nji ýyllarda uruş ýyllarynyň yzysüre SSSR-iň ykdysadyýetinde oba hojalygynyň pese gaçanlygy sebäpli, kiçiräk obalar birikdirilip, uly hojalyklar döredilipdir. Şol syýasata eýerilip Kaka etrabynda ýerleşýän Gowşut obasy merkezleşdirilip, oňa Hojagala, Dargana, Mämmetoraz obalary birikdirilipdir. Maşgalamyzyň taryhy ykbaly şol Hojagala obasynyň taryhy bilen bagly. Gökdepe pajygasyndan soň, atalarymyz ol ýerden gaýdyp, Hojagala obasynda mekan tutunypdyrlar. Şonuň üçin Hojagala obasy çagalyk ýyllarymda aýak yzlarymyň galan ýeri hasaplaýan.  Gowşut obasy bolsa, göbek ganym daman dogduk obam. Gowşutdaky 5-nji orta mekdepde başlangyç bilim aldym. Dogrusy, okamagy, ýazmagy bäş ýaşymda öwrendim. Sebäbi kakam mugallymdy. «Mämmetnur mugallym» diýlip tanalýardy. Kakam ýedinji synpy gutaryp mekdepde mugallym bolup işleýär. Soňra ol beýik Watançylyk urşuna gatnaşýar. Uruşdan dolanyp gelensoň, öňki Krasnowodskidäki mugallymçylyk tehnikumda, soňra Aşgabadyň mugallymçylyk institutynda ussat mugallymlar Mäti Kösäýewiň, Baýmuhammet Garryýewiň elinde okaýar. Kakam ömrüniň 55  ýylyny mugallymçylyga bagyşlady. Okuwçylara türkmen dili we edebiýaty dersinden sapak berensoň, döredijilige içgin düşünýärdi. Özüniňem özboluşly döredijiligi bardy. Kakamyň: «Adamy edebiýatyň üsti bilen terbiýelemeli» diýen ýörelgesi mydamalyk ýadymda galdy. Döredijiligimiň esasy özeni kakamyň beren terbiýesinden gözbaş alýar. Nirede okasamam, haýsy okuw jaýyny gutarsamam ilkinji mugallymym kakam bolupdy. Kakamyň hoşgylaw häsiýeti, işe bolan tutanýerliligi, durmuşyň nogsanlyklaryna bolan gazaplylygy, meniň üçin bütin ömrüme ýol görkeziji nusga, görelde mekdebi  boldy.

Dogduk  obamdaky 5-nji orta mekdepde okap ýörkäm Aşgabat şäherinde ýerleşýän ýörite sazçylyk mekdepden synag topary mekdebimize geldi. Aýdym-saza ukyply çagalary gözläp gelen topar meni şol mekdebe okuwa alyp gaýtdy. Şeýlelik bilen 1963-1965-nji ýyllarda ilki sungatyň aýdym-saz ugrundan okadym. Türkmenistanyň halk artisti Orazgül Annamyradowa synpdaşymdy. Menem Orazgül ýaly pianino saz guraly hünärinden okaýardym, ýöne birden ýöräp bilmän saglyk ýagdaýym sebäpli iki ýyldan soň obama gaýdyp barmaly boldym. Soň saglygym gowulaşdy, ýöne kakam meni şähere goýbermek islemedi. Ol maňa diňe kitap okamalydygymy maslahat berdi. Oba kitaphanasyndan her gün diýen ýaly kitap getirip berýärdi. Biri-birinden gyzykly kitaplary yzygider okap çykdym. Bar ünsüm kitap okamaga gönükdi. Kakamyň şahsy kitap tekjesinde-de kitap kändi. Olaram okap çykdym. Kitap okamak bilen pikirim düýbünden başgaça boldy. Oba sygman başladym. Ahyry, 9-njy klasy gutaryp, paýtagtda ýaşaýan garyndaşymyzyň öýüne myhmançylyga gaýtdym. Agam şo mahallar öňki opera we balet teatrynda  sahna bezeýji bolup işleýärdi. Agamyň ýany bilen teatra gatnamagym, onuň alyp barýan işlerine bolan höwes döretdi. 70-nji ýyllarda Türkmen döwlet opera we balet teatrynyň sahnasynda goýulýan dünýäniň nusgawy operalarydyr baletleri bilen birlikde türkmeniň milli operalary hem goýulýardy. Operanyň simfoniki orkestriniň ýerine ýetirýän sazlary bilen sahna bezegindäki şekilleriň täsinligi sungata bolan yşkdan püre-pür kalbyma şeýlebir täsir etdi. Onsoň agama: «Meniňem teatrda işläsim gelýär, ýöne kakam meni şähere goýberesi gelenok, obada traktor sürmegimi isleýär» diýip arzuw höwesimi düşündirdim.

— Alada etme, kakaňa özüm düşündirerin — diýip, agam meni öz ýanyna işe ýerleşdirdi. Gije-gündiz ýadadym-ýaltandymsyz ylgap işläp ýörşüm işgärleň göwnünden turdy. Onsoň olar maňa şu ugurdan okuwa girmegi maslahat berdiler. Şeýlelik bilen 1970-nji ýylda Şoto Rustaweli adyndaky Türkmen döwlet çeperçilik uçilişesine okuwa girdim. Saragt Babaýew, Atageldi Serdarow, Allamyrat Muhammedow dagy bile okan, tirkeşen dostlarym. Bir birimizden galmajak bolup bäsleşerdik. Beýleki ders otaglaryna aýlanyp, çekilen suratlar bilen gyzyklanardyk. Bir-birimiz bilen pikir alyşmagymyz döredijiligimi hasam ösdürýärdi. Okuwym bilen utgaşyklykda-da teatrda işledim. 1974-nji ýylda okuwymy diňe bäşlik baha bilen tamamlap, sahna bezeýji suratkeş hünärine eýe boldum. Uçilişede ussat mugallymlarymyň beren sapaklaryny okuwdan soň teatryň iş tejribesi bilen toplan hünär kämilligim ykbal ýoluma ýagty şugla saçdy. «Kämilleşmeli, entekler okamaly, gözlemeli» diýen pikir bilen öňümde maksat goýdum. 1975-nji ýylda Ukrainanyň Harkow şäherinde ýerleşýän Çeperçilik-senagat institutynyň dizaýn bölüminiň talyby boldum. Ata Serdarow bilen Saragt Babaýew Moskwa okuwa gitdiler. Ýöne şol ýerde-de gatnaşygymyzy unutmadyk. Moskwa baramda olar bilen oturyp sungatyň  inçe syrlary hakda gürrüň ederdik. Dizaýner hünäri senagat bilen baglanyşyklydy. Harkow şäheri bolsa, iri senagat merkezleriniň biridi. Okuwdaky alan sapaklaryňy senagat kärhanalary bolan zawodlardyr fabriklerde özleşdirip bolýardy. 1980-nji ýylda okuwymy tamamlamsoň, meni ilki Başgyrdystana işe ýollajak boldular, ýöne öz ýurdumyzda işlemek islegimiň bardygyny aýdyp ýurdumyza dolanyp geldim. 1980-1988-nji ýyllarda Türkmenistanyň Çeperçilik fondunda taslamaçy suratkeş, jemgyýetçilik binalaryň we ekspozisiýalaryň konsertual taslamalaryny taýýarlaýjy bolup işledim — diýip Öwez aga zahmet ýolunyň başlangyç ädimlerini ýatlap: «Döredijiligiň haýsy ugrunda işlesemde meniň üçin esasy kär žiwopis-nakgaşçylyk boldy. Ýagny, reňkleriň kömegi bilen eseri ýazmak-döretmek iň ýakyn hemram boldy, häzirem şeýle. Nakgaş üçin esasy zat reňkler dünýäsinde sazlaşykly kompozisiýalary ýerine ýetirmekdir. Ol bolsa, fizikanyň kanunlaryna laýyklykda gözlegleriň üsti bilen reňkleri duýup bilşine bagly bolýar. Göräýmäge ýeňil ýaly, emma eser tebigatyň beren ukybyna görä uzak ýyllaryň dowamynda yhlasly çekilýän zähmetiň netijesinde döreýär. Reňkleriň dürli görnüşi bar. Suwly reňkler, ýagly reňkler. Olary dogry ulanmaly. Eserlerimde reňkleriň dürli görnüşini ulanyp, döredijiligimi bezeýän. Reňkler ykbalymy, durmuşymy bezedi, owadan ýaşamagy bagyş etdi. Durmuşy söýmegi, dost bolmagy, mähriban bolmagy öwretdiler. Durmuşymyň dürli döwürlerinde, kän-kän gowy adamlar, zehinli halypalar, mugallymlar bilen dostlaşdym. Olara hemişe minnetdar. Olar ykbalymy bezediler, durmuşymy ýeňilleşdirdiler.

Ykbal ýolumda dogduk obamyň aýratyn orny bar. Çagalyk ýatlamalarym kän zatlary ýadyma salýar. Käte oturyp pikir edýän. Dünýäni duýmagy, durmuşa düşünmegi hem düşündirmegi öwreden, elime galam-kagyz beren ýerler, döredijilige, durmuş atly uly ýola ataran dogduk mekanym hakynda oýlanýan. Hak nazary düşen bu obalary ýatlanymda ylham guşym ganatlanyberýär. Baglaryň ygşyldysy, guşlaryň saýraýşy, şillirdäp akýan ýaplaryň sesi durşy bilen aýdym-saz, mukam bolup ýaňlanyberýär. Oba durmuşynyň öz gözelligi, şäher durmuşynyň öz gyzygy bar. Ömrümiň köp bölegi şäher durmuşy bilen bagly. Şonda-da oba durmuşynyň täsin keşbi göz öňümde ebedilik eser bolup galdy…» diýip gürrüň berdi. Şol pursat ussahanadaky eserleriň arasyndaky  owadanja gyzjagazyň suratynda ünsüm eglendi. Daş töweregi güller bilen bezelip çekilen suratdaky gyzjagazyň öz keşbem güle meňzäp dur. Ol eseriň ady «Jennetiň güli» diýlip atlandyrylypdyr. Öwez aga: «Bu surat eserimi gyzjagazym Gülnar jana bagyşlap döretdim. Ýan ýoldaşym Sona bilen garyndaş. Iki ogul, iki gyz perzendimiz bardy, ýöne Gülnar jan dört ýaşynda ýogalaýdy-da…» diýip dymdy.

Surat eserleriniň gapdalyndaky üýtgeşik reňkleniş aýratynlygy bilen tapawutlanýan peýzaž eser hakynda sowal berdik. Ol: «Tebigata çykyp açyk meýdanda eser döretmek endigim bar. Öňräk ähli iş gurallarymy alyp tebigata çykdym, ýöne çotga äkitmändirin. Onsoň wagt ýitirip baramsoň, iş bitirmän gaýtmajak bolup, ellik geýip barmakda çekilen surat, bu» diýdi. Haýran galdym. Reňk köpräk gerek bolandygy görnüp dur, ýöne güberçek görnüşde galam ýörediş ugry ýaly aýratyn üýtgeşik eser bolupdyr. Şeýle owadan eserleriňiziň höwri köp bolsun, Öwez aga! Durmuşyň açysam, süýjüsem ykbaldan berilýän paý. Herki bendesine Beýik Taňry ýagşy günlerini eçilsin. Maşgala ojagyňyz abat bolsun, döredijiligiňiz mundanam güllesin! Agtyk-çowluk toýlaryňyza gatnaşyp, toýlarda duşuşalyň!

Akgül Saparowa.

Ýene-de okaň

Gurbanjemal Ylýasowa: kämile gol bergen ussat         

Ata Watan Eserleri

Hojaguly Narlyýew: kino sungatynyň ägirdi

Ata Watan Eserleri

Nurberdi Gulow: çopan ýolunyň ussady

Bäşgeldi Garajaýew: Dekorasiýa sungatynyň ussady

Ýolaman Hummaýew: «Palawa gel»-den başlanan söhbet

Ata Watan Eserleri

Oguljeren Işangulyýewa:sungat durmuşynyň manysy