BILIMSYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Jons Hopkins uniwersitetiniň lukmançylyk mekdebi mugt bolar

Dünýä belli Jons Hopkins uniwersitetiniň lukmançylyk mekdebi üçin 1 milliard dollar haýyr-sahawat serişdesi berildi. Milliarder Maýkl Blumbergiň ýokary bilim edarasyna gönükdiren 1 milliard dollar möçberindäki haýyr-sahawat serişdesi şu ýylyň güýzünde köp sanly talyplar üçin mugt bilim almagyna mümkinçilik berer.

Girdejisi 300 müň dollardan az bolan maşgalalardan bolan talyplaryň ähli okuw tölegleri bu serişdeleriň hasabyna tölener. Şeýle hem girdejisi 175 müň dollardan az bolan maşgalalardan bolan talyplar üçin bolsa, ýaşamak we beýleki çykdajylar hem serişdeleriň hasabyna amala aşyrylar.

Häzirki wagtda bu ýokary okuw mekdebiniň üçden iki bölegini maliýe kömeginden peýdalanmak hukugyna eýedir.

Şeýle hem uniwersitetiň käbir aspirantlaryna hem maliýe kömegi berler.

Milliarder Maýkl Blumberg ABŞ-da lukmançylyk mekdelerinde bilim almagyň bahasynyň ýokary bolandygy üçin köp sanly ýaşlaryň bilim almaga mümkinçiliginiň bolmaýandygyny belläp, şeýle haýyr-sahawat işini amala aşyrmagy maksat edindi.

ABŞ-nyň käbir beýleki lukmançylyk mekdepleri hem mugt okatmak usullaryny durmuşa geçirýärler. Şeýle hem Rut Gottesmanyň Albert Eýnşteýn lukmançylyk kolležine 1 milliard dollar gönükdirmegi bilen bu ýokary bilim edarasynda hem ähli talyplar üçin okuw mugt boldy.

Ýene-de okaň

Türkmen okuwçylary we talyplary halkara olimpiadalarda 737 medal gazandy

Türkmenistanda täze rektorlar wezipä bellendi

«Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly kitap pars diline terjime ediler

Türkmenistan bilen Wengriýa bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer

Türkiýäniň Ysparta şäherine hasyl möwsüminde baryp görüñ!

Ata Watan Eserleri

Yslam ösüş banky Türkmenistandaky onkologiýa merkezleriniň gurluşygyny maliýeleşdirer