JEMGYÝET

Türkmen halkynyň Milli Lideri Kazanda möhüm başlangyçlary öňe sürdi

Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynda iş saparynda bolýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow “Russiýa — Yslam dünýäsi” strategik garaýyş toparynyň mejlisine gatnaşdy. Bu barada Tatarystan Respublikasynyň Baştutanynyň metbugat gullugy habar berýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideri “Russiýa — Yslam dünýäsi” strategik garaýyş toparynyň mejlisinde eden çykyşynda birnäçe möhüm başlangyçlary öňe sürdi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy parahatçylyk, özara düşünişmek hem-de ynam üçin yslam başlangyjyny işläp düzmegi teklip etdi.

– Bu forumda parahatçylyk, özara düşünişmek hem-de ynam üçin yslam başlangyjyny işläp düzmek mümkinçiligine garamagy teklip edýärin. Parahatçylygyň, ýagşylygyň we adalatyň dini hökmünde yslamyň ýörelgeleri esasynda özboluşly ýol kartasyny taýýarlamak möhümdir. Bu teklibi Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy we beýleki halkara guramalar bilen ara alyp maslahatlaşmagy maksadalaýyk hasaplaýaryn. Bilelikde işläp düzüp, ony BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlisleirniň birinde resmi resminama hökmünde hödürlemek bolar – diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri belledi.

 

Türkmen halkynyň Milli Lideri Rustam Minnihanowa  “Russiýa — Yslam dünýäsi: KazanForum — 2024” halkara ykdysady forumyna hem-de “Russiýa — Yslam dünýäsi” strategik garaýyş toparynyň mejlisine gatnaşmak üçin iberen çakylygy üçin minnetdarlyk bildirdi.

– Rustam Minihanowyň syýasatçy we diplomat hökmünde alyp barýan işiniň netijesinde, köp döwletler bilen özara hormat goýmak hem-de ynama esaslanýan gatnaşyklar alnyp barylýar. Bu ugurda möhüm üstünlikler gazanylýar – diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy belledi.

Şu günler Kazanda “Russiýa — Yslam dünýäsi: KazanForum” XV halkara ykdysady forumy geçirilýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bu foruma hormatly myhman hökmünde çagyryldy.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň 2022-nji ýylda geçirilen 13-nji foruma hem hormatly myhman hökmünde gatnaşandygyny bellemek gerek.

2009-njy ýyldan bäri her ýyl geçirilýän bu wekilçilikli halkara çäräniň işine ýurdumyzyň wekiliýeti ençeme gezek gatnaşdy. Munuň özi türkmen-tatar gatnaşyklarynyň hem-de Russiýa Federasiýasy bilen döwletara dialogyň netijeli häsiýete eýedigini aýdyň tassyklaýar.

Ýene-de okaň

“Galkynyş” tans topary Türkiýede 2-nji orny eýeledi

Türkmenistanyň Mejlisi täze kanunçylyk namalaryny kabul etdi

Messili Argentina – Kopa Amerikanyň çempiony

Ata Watan Eserleri

Ispaniýa – Ýewropanyň çempiony

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan Donald Trampyň janyna howp salynmagyny ýazgardy

Ýewropanyň finaly: Angliýamy, Ispaniýa çempion bolar?