MEDENIÝET

Teýlor Swift britan ykdysadyýetine 1.2 milliard dollar gazandyrar

Dünýä belli aýdymçy Teýlor Swift dünýä möçberindäki “Eras Tour” konsert maksatnamasynyň çäklerinde Beýik Britaniýada konsert berer. “Barclays” bankynyň çaklamasyna görä, Teýlor Swiftiň iýun we awgust aýlaryndaky konsertleri britan ykdysadyýetine 997 million funt-sterling (1.2 milliard dollar) girdeji getirer.

Swift britan stadionlarynyň 4-üsinde 15 konsert maksatnamasy bilen çykyş eder. Bu konsert maksatnamalaryna takmynan 1,2 million adamyň gatnaşmagyna we her biriniň ortaça 848 funt-sterling sarp etmegine garaşylýar.

Bu sarp ediljek möçberde bilet, ýaşamak we gatnaw üçin pul serişdeleri göz öňünde tutulýar. Şeýle hem konsertler üçin ýörite eşikler we resmi nyşanlaryň satyn alynmagy, iýmek-içmek üçin sarp ediljek maliýe serişdeleri göz öňünde tutulanda, bir adamyň ortaça sarp ediş möçberiniň 800 funt-sterlingden geçmegine garaşylýar. Diňe biletiň bahasy ortaça 206 funt-sterlinge deň bolar.

Ýene-de okaň

“Gorkut ata” atly halkara kinofestiwaly noýabr aýynda geçiriler

“Owaz”- durşy bilen aýdym-saz    

Ata Watan Eserleri

“Aşgabat” we “Ýaşlyk” teleýaýlymlaryna täze ýolbaşçylar bellenildi

Hytaýda Türkmenistanyň medeniýet ýylynyň açylyş dabarasy geçirilýär

Türkmen döredijilik topary Türkiýede iş saparynda

Dünýäniň iň gymmat toýy: Biber 10 million dollar gazandy