DÜNÝÄ

Seulda Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli çäreler geçirildi

Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky Ilçihanasynyň guramagynda Seul şäheriniň Ýoňsan etrap häkimliginiň binasynda beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli halkara ylmy maslahat geçirildi. Çärä «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy hyzmatdaşlyk forumynyň Sekretariatynyň ýolbaşçylary hem-de işgärleri, Koreýa Respublikasynda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalaryň baştutanlary, alymlar, döredijilik işgärleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri we talyp ýaşlar gatnaşdylar.

Maslahatyň dowamynda çykyş edenler Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň arasyndaky medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň yzygiderli we netijeli ösdürilýändigini bellediler. Türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň edebi mirasynyň, onuň parahatçylygy, watansöýüjiligi, agzybirligi we dost-doganlygy ündeýän eserleriniň halklaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň berkidilmegine ýardam edýändigi aýratyn nygtaldy.

Soňra maslahata gatnaşyjylar şahyryň ömri we döredijiligine bagyşlanan suratlaryň, şahyryň şygyrlarynyň ýygyndylarynyň, türkmen milli egin-eşikleriniň hem-de amaly-haşam sungatynyň eserleriniň sergisini synladylar.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň kitaplary sergide aýratyn orun eýelediler. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Änew – müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitaby sergä gatnaşanlarda aýratyn gyzyklanma döretdi.

Ýene-de okaň

Türkmen-hytaý parlamentara gatnaşyklary maslahatlaşyldy

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly halkara ylmy maslahat geçirildi

Aşgabat şäheriniň gününde 136 sany ýaşaýyş jaýy ulanmaga berler

Türkmenistan-Atom energiýasy boýunça halkara agentligi: hyzmatdaşlyk üçin täze teklipler

Türkmenistan Bahreýn Patyşalygyna ilçi belledi

Italiýa-Merkezi Aziýa daşary işler ministrleriniň duşuşygy bolar