No menu items!
21/09/2020 0:39
No menu items!
Home ESASY HABAR Pälwan Muhyýew: — Alypbaryjy bolmak üçin...

Pälwan Muhyýew: — Alypbaryjy bolmak üçin…

Birnäçe ýyl bäri alyp baryjylyk sungatynda ussatlygyny görkezip, toý dabaralarynyň joşguna, ajaýyp çykyşlara beslenmeginde mynasyp goşant goşup gelýän Türkmen döwlet medeniýet institutynyň medeni miras fakultetiniň folklor toparyny guramak we dolandyrmak hünäriniň 2-nji ýyl talyby Pälwan Muhyýewiň sungat ýoluna gelşi, döredijilik we durmuş baradaky garaýyşlary köpimizi gyzyklandyrýandyr. Şeýle bolansoň «Atavatan Türkmenistan» halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com  saýty üçin Pälwan Muhyýew bilen söhbetdeş bolduk.

— Gurbannnazar Ezizowyň:

Entek sadalykdan zyýan çeken ýok,

Sada bolsun ogulyňyz, gyzyňyz,

Geçsin ýazlaryňyz hereket bilen,

Bereketli gelsin tylla güýzüňiz… —

diýen arzuwlardan ýüki ýetik ajaýyp goşgusyny joşgun hem uly tolgunlanmalar bilen okan pursadym şu günki ýaly ýadymda. Ol pursat alypbaryjy bolup däl-de, toý tutýan ýaşlary gutlamak üçin ilkinji gezek sahna çykan oglandym. Sahnanyň jadyly güýjünden bihabar ýüregimiň düşnüksiz tolgunmalary bilen birlikde, toý märekesiniň sahna gönügen nazarlarynyň täsirindenmi, ýa-da, ak arzuwlary aýtmagyň ýakymly duýgularynyň täsirindenmi, garaz, şol gezek mende alypbaryjy bolmak höwesi döredi. Bu höwes maňa şol toýda ikinji gezek goşgy okamak üçin mikrofony elime aldyrdy. Garaz, işdeşim Batyryň durmuş toýunyň dabarasynda alypbaryjylyk sungatyna gadam basmagy ýüregime düwdüm. Şondan köp wagt geçmänkä-de, garyndaşlarymyň toý ýazgyly disklerini aldym. Olaryň köpüsini öň görenem bolsam, bu gezek alypbaryjylaryň gürleýän ýerlerine aýratyn seredip toý dabarasyny alyp barmagy öwrenip başladym. Mekdep döwrümde-de türkmen dili we edebiýaty dersini aýratyn gowy göremsoň, şahyrlaryň goşgularynyň köpüsini ýatdan bilýärdim. Bu-da maňa alypbaryjylykda söz baýlygymy artdyrmaga ýardam etdi. Ilki-ilkiler toý dabaralaryny adaty görnüşde alyp baryp başladym. Soňra bäsleşikleri, ýaryşlary gurnap ugradym. Toý dabaralaryny ýörite taýýarlanmazdan improwizasiýa görnüşinde alyp barmaklyga geçdim.

Tejribeli alypbaryjy hökmünde şu ugurdan gitjek ýaşlarda nämeleriň bolmagy zerur we özüňizi nähili kämilleşdirýärsiňiz?

— Alypbaryja ilkinji nobatda dilewarlyk gerek. Onuň üçin söz baýlygyň giň bolmaly. Galyberse-de, döredijilikli çemeleşmek, improwizator bolmak zerur. Şeýle-de, daşky keşbiňde özüne çekijilik bolmaly, diňletmegi başarmaly.  Alypbaryjylyk sungatyň beýleki görnüşleri ýaly hemişe gözlegde bolmagy talap edýär. Gözýetimiň giňelmegi üçin köpräk okamaly, internetden habarly bolmaly, kärdeşleriň bilen özara pikir alyşmaly. Içiňde bir şahsyýeti kemala getirmeli. Birine meňzejek bolup, keşbe girip gürlemeli däl. Möwlana Jelaleddin Rumynyň: “Ýa bolşuň ýaly görün, ýa-da, görnüşiň ýaly bol!” diýşi ýaly özüň bolup gürlemeli. Özüň bolsaň adamlar bolşuň ýaly kabul edýärler. Şonuň üçin hakykylygy durmuşyňa siňdirmeli. Diňe şonda kämillige gol berýäň. Umuman aýdanyňda, döwür bilen aýakdaş gitmeli. Munuň üçin irmän-ýadaman gözlegde bolmaly. Mundan sanlyja ýyl öň, meselem, artistleri alanymyzda adamlar olaryň hereketlerine gülýän bolsalar, häzir sözlerine gülýärler. Şonuň üçin alypbaryjy hem başarsa her bir aýdýan sözüniň tomaşaçynyň göwnünden turmagyny gazanmaly. Sesler üç topara bölünýär. Ýokary, ortaky we aşaky sesler. Köpler ýokary ses diňe aýdymçylarda bolýandyr öýdýär. Ol alypbaryjylarda-da bolýar. Alypbaryjylaryň hersiniň özüne mahsus sesi bar. Ýigrimi ýyl dagy mundan ozal sesiň ýogyn bolsa halaýardylar. Indi bolsa beýle däl. Häzir döredijilikli çemeleşişiňe baha berýärler. Sözleri dogry, düşnükli aýtmaly. Tankydy bellik etseler gaty görmeli däl. Öz üstüňde işläp, edilen belligi düzetjek bolmaly. Özüm-ä, bärden gaýdýan ýerimi aýtsalar gowy görýän. Şu mahal maňa çalt gürleýändigimi aýdýarlar. Psihologiýada köp pikirlenýän adamyň çalt gürleýändigi, onuň sebäbiniň bolsa kellesine gelýän pikirleri çalt ýetirjek bolýandygy bilen düşündirilýär. Bu mende endik bolup galypdyr. Şonda-da, başardygymdan haýal gürlejek bolýan. Esasy yzygiderliligi üzmän gürlemegi başarmaly. Sebäbi dabaranyň gyzykly, täsirli ýagdaýda geçmegi köp babatda alypbaryja bagly. Alypbaryjy toý dabarasynyň ikinji eýesi hasaplanylýar. Şonuň üçin onuň adamlara şadyýanlyk, işjeňlik paýlamagy esasy zat. Nähilidir bir aladaň bolanda-da, ýylgyrmagy başarmaly. Toý dabarasyny nähili başlasaň, şol depginde hem tamamlanýar.

Ýurdumyzda alypbaryjylyk sungatynyň kämilleşmegine uly üns berilýär. Bu babatda institutymyzda teleradiogepleşikleri guramak we alyp barmak hünäri hereket edýär. Şeýle-de paýtagtymyzdaky “Bagt köşgi” toý dabaralary merkezinde toý dabaralaryny guramak we alyp barmak hünärinden ýaşlar okadylýar. Bu bolsa alypbaryjylyk sungatynyň täze, kämil nesliniň kemala gelmegine ýardam berýär. Institutymyzyň folklor toparyny guramak we dolandyrmak hünäriniň talyp ýaşlary ýurdumyzda bellenilýän her bir baýramçylyga bagyşlap folklor çykyşlaryny taýýarlaýarlar. Enejan mugallymyň ýolbaşçylygynda “Miras” folklor-tans toparymyzda gadymdan gelýän milli toý däp-dessurlarymyzyň esasynda folklor çykyşlaryny sahnalaşdyrýarys. Olarda men köplenç keşp janlandyrýaryn. Şeýle-de institutymyzda geçirilýän baýramçylyk dabaralarynda, paýtagtymyzyň kinokonsert merkezlerinde guralýan döwlet derejesindäki konsertlerde alypbaryjy bolup çykyş edýärin. Bu bolsa sungat ýolunda täze gözlegler bilen kämilleşmegime ýardam berýär.

 Belli rus alypbaryjylary Pawel Wolýa, Iwan Urgant meniň üçin uly mekdep. Bu ussatlardan alypbaryjylyk sungatyna degişli köp zatlary, improwizatorlygy  gaýybana öwrenýärin.

Alymlaryň aýtmagyna görä, islendik işde ussatlyga ýetmek üçin, şol iş bilen azyndan 10 müň sagatlap meşgullanmaly. Bu bolsa günde üç sagat türgenleşeniňde 10 ýyl diýmek. Ol uzak möhlet ýaly görünýär. Aslynda, bu biziň sabyrsyzlygymyzda. Günde türgenleşip, öz üstüňde işlemegi endige öwürseň ussatlyga tarap barha ýakynlaşýaň. Ussatlyga ýetmek üçin ýola düşmänkäň öňüňde ilki bilen goýan maksadyňy kesgitlemeli. Il-gün üçinmi, eneň-ataň saňa guwanmagy üçinmi, özüň üçinmi, ýa-da, yzyňda at galdyrmak üçinmi… umuman, ahyrky maksadyň anyk bolmaly. Özgeleň garaýşy üçin, ýa-da, at-abraý üçin ýola düşmek iň uly ýalňyşlyk.

Gözýetimiň giňelmegi üçin syýahat etmege näme diýersiňiz?

 — “Eşiden deň bolmaz, gören göz bilen” diýlişi ýaly, gözel ýerlere syýahat etmek diňe bir gözýetimiňi giňeltmän, eýsem, durmuşyňa, onda-da döredijilik adamsynyň dünýäsine egsilmez ylham eçilýär, täze gözleglere atarýar. Meniň üçin syýahat etmeli iň gözel ýer mähriban Watanymyz. Ýurdumyzyň gözel ýerleriniň köpüsine syýahat etdim. Watanymyzyň gözelligine, adamlarynyň mähribanlygyna söýgim çäksiz.

Siziň pikiriňizçe üstünligiň açary nämede?

Yhlas etseň ýetilmejek menzil ýok. Bir gapy ýapylsa, ikinji gapy açylýar. Şoňa ynanmaly. Öz-özüňe itergi berip, öňe tarap hereket etmeli. Bir iş edeniňde hökman netijesi bolmaly diýen pikir dogry däl. Bu sapar bolmasa, indiki gezekde bolar. Synanyşmagymyzy dowam etmeli. Esasy zat ýadaman-ýaltanman zähmet çekmeli. Zähmetiň miwesi bu gün bolmasa-da ertir bolar. Biziň ýalňyşlygymyz howlugýandygymyzda, gowy netijäni çalt gazanjak bolýarys. Dünýäniň meşhur şahsyýetleri diňe sabyr etmegiň netijesinde üstünlik gazanypdyrlar. Şu ýerde ýene-de, Gurbannazar Ezizowyň goşgusyna ýüzlenesim gelýär:

Ynsana bagt üçin nämeler gerek?

At gerek, ýol gerek, hoş hyýal bilen,

Her goşgymda kämil bolmana derek,

Onuň barha kyn düşýänne razy men…

 Bu goşgyny men elmydama ýüregimde göterýärin..

Ýadyňyzda bolsa, žurnalymyzyň redaksiýasy www.atavatan-turkmenistan.com saýtynda hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli “Üstünlik gazanmagyň ýollary” mowzugy boýunça “Ata Watan eserleri” ady bilen döredijilik bäsleşigini geçirdi. Siz bäsleşik hakyndaky maglumatlary internet arkaly ildeşlerimize ýetirmäge gatnaşyp, oňa gatnaşanlaryň, hem-de, hödürlenen eserleri okanlaryň sanynyň köpelmegine goşant goşduňyz. Bäsleşik sizde nähili täsirleri galdyrdy?

— Ilki bilen bellemeli zat, bu bäsleşigiň mowzugynyň “bäsleşik” sözi bilen aýrylmaz baglanyşyklydygy. Sebäbi şeýle bäsleşikleriň geçirilmegi bir tarapdan ýaş zehinleriň ukyp-başarnygyny açyp görkezse, ikinjiden, oňa gatnaşmak, mowzugy hakynda gyzyklanmak, hödürlenen eserleri okamak… bularyň ählisi üstünlik gazanmagyň ýollaryna degişli. “Dünýäde näçe adam bar bolsa, şonça-da filosofiýa bardyr” diýlişi ýaly, bu bäsleşikde bir mowzuk hakynda dürli-dürli garaýyşlaryň beýan edilmegi, olaryň has degerlisiniň okalan sany boýunça kesgitlenmegi bäsleşigiň ähmiýetini hasam artdyrdy.

Durmuşdaky ýörelgäňiz?

“Wagt biziň üçin iň gowy lukman,

Şonuň üçin ýaşaberiň howlukman”

Sungatyň beýleki görnüşleri bilen araňyz nähili?

— Boş wagtym pianinonyň başyna geçip saz çalýaryn. Şeýle-de dutar  çalmakdan ylham alýaryn. Türkmen we daşary ýurt simfoniki orkestriniň sazlaryny diňlemegi gaty gowy görýärin. Türkmenistanyň halk artisti Atageldi Garýagdyýewiň şeýle-de, simfoniki orkestriň konsertlerine tomaşaçy bolup gatnaşýaryn. Daşary ýurt  kompozitor-sazandalaryndan,  köplenç, Italýan kompozitory Lýudowiko Eýnaudiniň “Una mattina” sazyny diňleýärin. Bu saz mende täze pikirleri oýarýar. Şeýle-de Omar Akramyň, Ýirumanyň sazlaryny diňlemegi gowy görýärin. Kino sungatynda drama žanryndaky kinofilmlere, gadymy türkmen kinofilmlerine, Golliwudyň kinolaryna tomaşa etmegi gowy görýärin. Teatr sungatynda bolsa spektakllara tomaşa etmek meniň üçin has täsirli.

— Kinofilmde keşp janlandyrmak arzuwyňyz barmy?

— Keşp janlandyrmak arzuwym-a ýok. Ýöne kinorežissýor bolup drama žanrynda, terbiýeleýji äheňde kino düşüresim gelýär.

— Eserlerini höwes bilen okaýan ýazyjy-şahyrlaryňyz?

— Ilkinji nobatda Gurbannazar Ezizow. Onuň çuňňur many-mazmuna ýugrulan, ajaýyp şygyrlaryny gaýtalap-gaýtalap okaýaryn. Şeýle-de, Berdinazar Hudaýnazarowyň, Halyl Kulyýewiň, Çary Ýegenmyradowyň, Kakamyrat Rejebowyň, Seýitmyrat Geldiýewiň goşgularyny höwes bilen okaýaryn. Ýaş şahyrlardan Aşyr Hanowyň goşgularyny gowy görýärin, olaryň köpüsini ýatdan bilýärin. Daşary ýurt edebiýatyndan  Robert Kiýosakiniň eserleri meniň üçin ilkinji ýerde durýar. Şeýle-de, Sagdy Şirazynyň, Saidmurod Dawlatowyň eserlerini höwes bilen okaýaryn.

—Taýýarlaýan wideorolikleriňiz barada hem gürrüň beräýseňiz?

Wideoroliklerimi  sosial torlar arkaly paýlaşýaryn. Mysal üçin “Makul Hyzmat” terjime merkezi hakynda wideorolikleriň birnäçesinde çykyş etdim.  Merkezde esasan hem dürli görnüşdäki resminamalaryň terjimelerine isleg ýokary. Munuň şeýledigine merkeziň terjime hyzmatlaryndan peýdalanýanlar, hem-de bu baradaky wideoroliklerimiz bilen tanyşanlar hasam oňat göz ýetirendirler.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda ýaşlaryň ylym-bilimden ýüküniň ýetik, giň dünýägaraýyşly, kämil şahsyýetler bolmagy üçin ähli mümkinçilikleri döredýär. Munuň netijesinde ýurdumyzda sanly ulgama geçmek işi döwrebap derejede ösdürilýär. Bu babatda ýaşlaryň sanly ulgamdan ýokary derejede baş çykarmagy möhüm ähmiýete eýe bolup durýar.

— Häzirki zamanyň ösen kompýuter tehnologiýalaryndan ýokary derejede baş çykarmak, şeýle-de, daşary ýurt dillerini bilmek şu günüň we geljegiň möhüm wezipesi bolup durýar. Şundan ugur alnyp, ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda sanly bilim ulgamy ornaşdyrylýar, ýaşlara bu ugurdan ýokary derejede hünär öwredilýär. Bu aladalara jogap edip, biz ýaşlara diňe okamak, öwrenmek, döretmek, watanymyzyň şanly ösüşlerine mynasyp goşant goşmak galýar.

Alyp baryjylykdan daşgary kompýuter inžinerligi, web-dizaýn hünärlerini özüme ýakyn görýärin. Sebäbi zähmet ýoluna başlamankam bu ugurlardan “Gujurly nesil” dil merkezinde bilim aldym. Nesip bolsa, bu ugra mynasyp goşandymy goşmak maksadym bar.

— Sportuň haýsy görnüşi bilen meşgullanýarsyňyz?

—  Çagalykdan bäri sportuň grek-rim göreşi bilen meşgullanýaryn. Bu ugurdan birnäçe ýyl sport mekdebine gatnap, halypa tälimçilerden sapak aldym. Mekdep döwrümde   Aşgabat şäherinde grek-rim göreşi boýunça geçirilen bäsleşikde öňdäki orny eýeledim.

— Siziň pikiriňizçe, çaga häsiýet ene-atadan geçýärmi, ýa-da, soňra döreýärmi?

— Ikisindenem. Meselem, meniň öýkelekligim ejemden geçen. Özümde ýetişdiren häsiýetim bolsa şadyýanlyk, alçaklyk. Sebäbi çaga wagtym tutukdym. Gürlämde-de çalt-çalt gürleýärdim, özbaşyma ýeke gezmegi halaýardym. Çagakam dost tutunmak diýen düşünje mende bolsa-da, tutuk bolanym üçinmi, ýa-da, diňe okuwym, kitap-depderlerim bilen gümra bolup, töweregime seretmegi ýatdan çykarandygym üçinmi, garaz dostum kän ýokdy. Mekdepde ýekeje Myrat diýen dostum bardy. Ol hem hemişe okuw bilen başagaýdy. Ikimizem diňe bäşlige okaýardyk. Bardy-geldi mekdepden öýe pes baha alyp gelsem, süýji söz eşitmejegim ikuçsyzdy. Çaga terbiýesinde häsiýetiň kemala gelmegi ene-ata hem-de çaganyň özüne-de bagly bolup durýar.

— Köpümiz gylyk bilen häsiýete bir düşünje hökmünde garaýarys. Muňa siziň garaýşyňyz nähili?

— Ikisi bir zat däl. “Öwrenilen gylyk örkleseň-de durmaz” diýlişi ýaly, gylyk dogabitdi bolýar. Mende öýkeleklik gylygym bar. Şony aýyrjak bolup jan etsem-de aýryp bilemok. Öýkämi gaty uzak saklaýaryn. Bu gylygym maňa köp ýerde zyýan getirýär. Öýkelemän diňe ýagdaýa görä netije çykarmaly. Men bolsa şony edibilemok. Birinden öýkelesem on ýyllap dagy gürleşmän gezip bilýän. Onuň durmuşyndan özümi aýyrýan. Häsiýeti bolsa üýtgedip bolýar. Özümden mysal getirsem, ýaňy belleýşim ýaly, çaga wagtym tutukdym, häzir bolsa şadyýan.

Söýgä garaýşyňyz?

Bu sowalyňyza şahyryň şu goşgy setirleri bilen jogap beresim gelýär:

Söýgi oýun däldir, synagdyr söýgi,

Her ýeten oň ýükün göterip bilmez,

Söýgä mynasyplar götär söýgini,

Söýgi ejizleriň golundan gelmez.

 

Biz bu dünýä goja diýýäs käýarym,

Emma dünýä görşümizden ýaş bu gün,

Söýmedikler bu dünýäde gojadyr,

Söýen sürýär bu dünýäniň ýaşlygyn…

— Söýgi ýaşa bagly däl. Ynsanyň göwni garramaýar. Şonuň üçinem, söýýän, söýülýän ýürekler elmydama ýaşdyr.

— Dostluga garaýşyňyz nähili?

Ibrahim Tatlisesiň aýdyşy ýaly, dost bolmak üçin dost ýaly hereket etmeli. Men hakyky dosty maşgala hasaplaýaryn. Seni bolşuň ýaly kabul edýän diňe maşgalaň.

Maşgala barada söz açdyňyz. Maşgalaňyz hakynda olaryň sungatyňyza garaýşy dogrusynda aýdaýsaňyz.

— Biz maşgalada dört dogan. Aýaldoganym Ogulkeýik, oglan jigilerim Amannazar hem-de Şanazar. Maşgalamyň, ýanýoldaşym Mährijemalyň sungatyma hormaty uly. Oglumyň ady Jelilberdi. Ol nesip bolsa geljekde, Watana wepaly ýaşlaryň biri bolup ýetişer.

— Öňüňizde goýýan maksadyňyz?

— Gahryman Arkadagymyzyň biz ýaşlara bildirýän ynamyny ödäp, nesip bolsa geljekde-de, ýurdumyzyň milli medeniýetiniň döwrebap ösüşlerine, alypbaryjylyk sungatyna mynasyp goşandymyzy goşarys.

 — Pälwan, täsirli söhbetdeşligiňiz üçin döredijilik toparymyzyň adyndan köp sagbolsun aýdýarys! Okuwyňyzda, sungat äleminde mundan beýläk-de, üstünlikleriň ýar bolmagyny tüýs ýüregimizden arzuw edýäris!

    

Gysgaça maglumat:

Doglan wagty: 1992-nji ýylyň 1-nji dekabry

Doglan ýeri: Aşgabat şäheri

Okan mekdebi: Aşgabat şäheriniň 20-nji orta mekdebi

Bilýän daşary ýurt dilleri: rus, iňlis, pars, türk

Meşgullanýan sport görnüşi:grek-rim göreşi

Gowy görýän sazlary: Lýudowiko Eýnaudiniň

“Una mattina” sazyny, simfoniki eserler

Gowy görýän kino žanry: drama

Gowy görýän tagamy: palaw

 

 

Söhbetdeş bolan  Aýjemal GAÝLYÝEWA,

Magtymguly adyndaky TDU-nyň talyby

 

 

Saýtymyzyň Söhbetdeşlik sahypasyna girip ähli söhbetdeşliklerimizi okap bilersiňiz!

Ähli söhbetdeşliklerimizi okamak üçin :

 

Türkmenistanyň at gazanan artisti Zylyha Kakaýewa bilen söhbetdeşlik

Türkmen Star :Zylyha Kakayeva ile reportaj

Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Kakageldi Seýitmuhammedow bilen söhbetdeşlik

Türkmenistanyň at gazanan artisti Döwletgeldi Berdiýew bilen söhbetdeşlik

Türkmen Sanatçısı Çınara ile reportaj

Türkmen aýdymçysy Çynara bilen söhbetdeşlik

Türkmenistanyň halk artisti  Hakberdi Hudaýberdiýew bilen söhbetdeşlik

Režissýor Öwezmämmet Galandarow bilen söhbetdeşlik 

Ýaş zehinli kompozitor Begenç Hojaýew bilen söhbetdeşlik

Aýdymçy Tirkiş Amangeldiýew bilen söhbetdeşlik

Zehinli  aýdymçy Gözel Öwezowa bilen söhbetdeşlik

Türkmenistanyň halk artisti Toýguly Jepbarow bilen söhbetdeşlik

Türkmenistanyň halk artisti Altyn Goşaýewa bilen söhbetdeşlik

Aýdymçy şahyr Allaýar Çüriýew bilen söhbetdeşlik

Aýdymçy Şamyrat Artykow bilen söhbetdeşlik

Türkmenistanyň halk artisti Amanbibi Mämmedowa bilen söhbetdeşlik

Şa serpaýly medeniýet we sungat işgärleri

Çynara: Bu aýdym türkmen we türk halkyna sowgadymyz

Akmyrat Rejepow : «Ol şirwan perdäňe, galsana bagşy!»

IŇ TÄZE HABARLAR

Hususy kärhana:bellige almak uçin gerekli resminamalar

Ýurdumyzda ýeke esaslandyryjyly kärhana-hususy kärhana açmak isleýänler üçin saýtymyza bu kärhanany bellige almak üçin gerekli resminamalaryň sanawyny ýerleşdirýäris. Bellenen nusgada arza (bellige almak üçin) ...

Güýz bilen söhbet…(Şahyrana oýlanma)

Gurbannazar Ezizow:                                                              Birden gök asmana dikildi gözüm.   Ah, ol görnüş! Gözüm nämeler görýär.                                                                    Gül düzüň üstünden düzümde-düzüm,                                                                    Göwnüňi göterip, durnalar barýar...   Durnalar barýar. Misli günlere...

“Täç hil”: Täze önümlerimiz bilen halkyň hyzmatynda bolarys

Paýtagtymyz Aşgabatda geçirilen Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleri sergisine gatnaşýan “Täç Hil” hususy kärhanasynyň hünärmeni Haknazar bilen söhbetdeş bolduk. Ol türkmen bazarynda özleriniň alyp barýan işleri...

Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi

Şu gün paýtagtymyz Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynyň sergiler zalynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 29 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň üstünlikleriniň sergisi geçirilýär. 2 gün dowam edýän sergide...
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -

KÖP OKALÝAN

Italiýanyň kompaniýasy täze önümçilik desgany gurar

Türkmenistanyň ykdysady kuwwatyny has-da berkitmek hem-de gurluşyk serişdeleriniň görnüşlerini köpeltmek, şeýle hem Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçilik ministrliginiň 2020-2023-nji ýyllarda senagat we önümçilik desgalaryny...

Burger şekilli pahlawa

Pahlawa (baklawa) diýlende, ilkinji göz öňümize Türkiýe Respublikasy gelýär. Bu ýurduň köp ýerinde bu görnüşdäki süýjüligiň dürli görnüşleri taýýarlanýar. Olaryň sada, içiň maňyzly we...

Stambulyň iş tertibi kesgitlendi

Türkiýäniň Stambul şäheriniň häkimi Ali Ýerlikaýa tapgyrlaýyn iş tertibi barada maglumat berdi.  Resmi we hususy bilim ojaklarynyň 1-nji synpynda, mekdebe çenli başlangyç synpynda hem-de...

“Mançester Ýunaýtediň” iň gowy oýunçysy saýlandy

“Mançester Ýunaýtediň” portugaliýaly ýyldyzy Bruno Fernandes toparda “ýylyň iň gowy oýunçysy” diýlip yglan edildi. Bruno Fernandes Angliýanyň “Premýer Liga” toparlaryndan biri bolan “Mançester Ýunaýted” toparyndaky...