SÖHBETDEŞLIK

Ruslan Mingazow: Messi bilen söhbetdeş bolmak aýratyn duýgy

Ozal habar berşimiz ýaly, Argentinanyň milli ýygyndysynyň ýyldyzy Lionel Messiniň çykyş edýän ABŞ-nyň “Inter Maýami” topary özüniň Aziýa saparynyň çäklerinde birnäçe ýoldaşlyk duşuşyklaryny geçirdi. Şol duşuşyklaryň birinde ildeşimiz Ruslan Mingazowyň hem düzüminde oýnan Gonkongyň ýyldyzlarynyň topary bilen duşuşdy.

Bu duşuşygyň çäklerinde ildeşimiz Ruslan Mingazow Lionel Messi, Serhio Buskets ýaly ýyldyzlar bilen surata düşüp, jemgyýetçilik torlarynda paýlaşdy.

Biz hem “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň “www.atavatan-turkmenistan.com” saýty hökmünde Ruslan Mingazow bilen söhbetdeş bolmagy makul bildik. Onuň dünýä ýyldyzlary bilen geçiren duşuşygyndan soňky ýakymly pursatlary barada maglumat aldyk.

  • Salam Ruslan, seniň bilen köp sanly janköýerleriň uly gyzyklanma bildiren, dünýä ýyldyzy Lionel Messiniň çykyş edýän topary bilen bolan duşuşykdan soňra söhbetdeş bolmagy makul bildik. Ilki bilen özüňiz barada gysga tanyşdyrsaňyz.
  • Salam, men Ruslan Mingazow, Aşgabatda doguldym. Meniň kakam hem futbolçy. “Ata kesbi – ogla halal” diýlişi ýaly, maşgala däbi dowam etdirip, futbolçy boldum. Türkmenistanyň futbol mekdebini tamamlap, Ýewropa geçdim. 12 ýyl Ýewropa bolup, soňra Gonkongda çykyş edip başlady. Häzir hem bu ýerde futbol durmuşymyz dowam etdirýärin.
  • Häzirki wagtda haýsy toparda çykyş edýärsiňiz. Daşary ýurtda futbol oýnamagyň aýratynlyklary nämeden ybarat?
  • Häzirki wagtda men Gonkongyň “Kitchee” toparynda oýnaýaryn. Eýýäm 15 ýyldan bäri dürli daşary ýurt toparlarynda oýnap, sport bilen dünýä aralaşdym. Köp sanly ýurtlara gidýärin. Güýçli toparlara garşy futbol duşuşyklarynda çykyş edýärin. Ol hem maňa öz kärimi has gowy ýerine ýetirmäge uly mümkinçilik döredýär.

  •  Lionel Messi, Luis Suares, Serhio Buskets, Jordi Alba ýaly dünýä ýyldyzlary bilen geçirilen duşuşykda saňa-da Gonkong toparynyň düzüminde oýnamak miýesser etdi. Şol duşuşyk barada aýdyp berseňiz?
  • Hawa, Gonkong şäherine Lionel Messi we beýleki ýyldyz futbolçylary özünde jemleýän “Inter Maýami” topary geldi. Bu duşuşyga köp sanly janköýerler uly sabyrsyzlyk bilen garaşdylar. Bu ýöne bir ýoldaşlyk duşuşygy bolandygyna garamazdan, oňa bolan gyzyklanmany aýtmaga söz tapmarsyň. 40 müň janköýer stadiona ýygnanyp, bu ýoldaşlyk duşuşygyna tomaşa etdiler. Bu pursatlar, ady rowaýata futbolçylar bilen duşuşyklar meniň çagalygymdaky arzuwymdy.

  •  Lionel Messi bilen surata düşmegiň özi uly bagt. Bu barada nämeler aýdyp bilersiňiz?
  • Lionel Messi ýaly ýyldyz bilen surata düşmek aýratyn duýgy, bu duýguny taryplamaga söz ýok. Messi  bilen birnäçe minut gysgaça söhbetdeş boldum. Oňa Türkmenistanda hem köp sanly janköýerleriniň we ony halaýan adamlaryň bardygyny aýtdym. Şeýle hem oňa geljekki durmuşynda üstünlik arzuw etdim.

  •  Geljekki meýilnamalaryňyz barada hem gysgaça belläp geçseňiz.
  • Meniň Gonkongdaky 5 ýyllyk şertnamanyň möhleti 2025-nji ýylyň ýanwarynda tamamlanýar. Şertnamamyň möhleti tamamlanýança, bu ýerde futbol durmuşymy dowam ederin. Üstümizdäki ýylda Türkmenistanyň milli ýygyndysy bilen hem birnäçe duşuşyklarynda çykyş ederin. Şonuň üçin meýilnamam doly, möwsümi iň gowy derejede tamamlamak üçin ähli tagallalary ederin.

  • Ruslan, beren gyzykly gürrüňleriňiz üçin köp sag bolsun aýdýarys. Size futbol durmuşyňyzda uly üstünlikleri arzuw eýäris. 
  • Köp sag boluň. 

Ýene-de okaň

 Babajan Rozyýew: Aýdymym – ruhy dünýämiň beýany

Jemile ŞASAPAROWA: Kalbymyň namasy aýdym-sazymda

Maýsa Myradowa: ýaşlygyma ýoldaş bolan sungatym

Gözel HOJAÝEWA: kalbymyň namasy aýdym-sazymda

Resulkary Saparow: arzuwlar üçin her gün öwrenmäge dowam etmeli

Güljemal Taýlyýewa: Sungat – durmuşa bolan höwesim

Ata Watan Eserleri