JEMGYÝET

Magtymguly Pyraga bagyşlanan medeniýet ministrleriniň halkara maslahaty geçirildi

Şu gün paýtagtymyz Aşgabadyň “Ýyldyz” myhmanhanasynda Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp, medeniýet ministrleri derejesinde halkara maslahaty geçirildi. Onuň işine “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň wekilleri hem gatnaşdy.

Magtymguly Pyragy bagyşlanan medeniýet ministrleri derejesindäki halkara maslahatyna Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Mährijemal Mämmedowa, medeniýet ministri Atageldi Şamyradow, Türkiýäniň medeniýet we syýahatçylyk ministri Mehmet Nuri Ersoý, Täjigistanyň medeniýet ministri Matlubahon Sattori, Katar Döwletiniň medeniýet ministri Şeýh Abdulrahman bin Hamid bin Jasim bin Hamad Al-Tani, Gazagystanyň medeniýet we maglumat ministri Aida Balaýewa, Ermenistanyň bilim, ylym, medeniýet we sport ministri Žanna Andreasýan, Azerbaýjanyň medeniýet ministriniň orunbasary Murad Guseýnow, Russiýanyň medeniýet ministriniň orunbasary Andreý Malyşew, Gruziýanyň medeniýet, sport we ýaşlar ministriniň birinji orunbasary Ioseb Bagaturiýan, Gyrgyzystanyň medeniýet, maglumat, sport we ýaşlar syýasaty ministriniň orunbasary Esengul Uly Çyngyz, Özbegistanyň medeniýet ministriniň birinji orunbasary Bahodir Ahmedow we başga-da köp sanly döwletden wekiliýetler gatnaşdy.

Şeýle hem halkara maslahata halkara guramalaryň birnäçesiniň, hususan-da TÜRKSOÝ guramasynyň Baş sekretary Sultan Raýew, GDA-nyň Baş sekretarynyň birinji orunbasary Leonid Anfimow, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretarynyň orunbasary Huseýin Awni Byçakly, ÝUNESKO-nyň işleri barada milli toparlarynyň wekilleri çagyryldy.

Halkara maslahatynyň açylyş dabarasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň maslahat gatnaşyjylara iberen Gutlagy okaldy. Ondan hususan-da: “Nusgawy türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli medeniýet ministrleri derejesinde halkara maslahatyň geçirilmegi örän ähmiýetlidir. Bu maslahat medeni ulgamda özara bähbitli hyzmatdaşlygy kämilleşdirmäge, geljekde bu ugurda alnyp baryljak işleri has-da ösdürmäge, Magtymgulynyň baý edebi mirasyny çuňňur öwrenmäge we dünýäde giňden wagyz etmäge uly itergi berer. Çünki beýik akyldar Magtymguly Pyragy öz şygyrlarynyň üsti bilen dünýä halklaryny agzybirlige, dost-doganlyga, ynsanperwerlige çagyran, Ýer ýüzünde parahatçylygyň dabaralanmagyny arzuwlan şahyrdyr” diýlip bellenilýär.

Halkara maslahatda edilen çykyşlarda türkmen halkynyň uly sarpalaýan beýik şahyry, akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň dünýä jemgyýetçiligindäki ornunyň uludygyny bellediler.

Maslahata gatnaşyjy ministrleriň käbiri, hususan-da Türkiýäniň medeniýet we syýahatçylyk ministri Mehmet Nuri Ersoý Magtymguly Pyragynyň goşgulary bilen Türkiýäniň belli şahyry Ýunus Emräniň goşgularynyň, Gazagystanyň medeniýet we maglumat ministri Aida Balaýewa gazak halkynyň beýik şahyry Abaýyň goşgularynyň bir maksada gulluk edýändiginiň uly ähmiýete eýedigini belläp geçdiler.

Maslahatdaky çykyşlarda Magtymguly Pyragynyň diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem dünýä jemgyýetçiliginiň şahyryna öwrülendigini belläp, Türkmenistanda üstümizdäki ýylda giňden bellenilip geçilýän Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp, öz ýurtlarynda hem giň gerimli çäreleriň gurnalyp, beýik şahyryň öwüt-nesihata ýugrulan goşgularynyň öz ýurdunyň giň okyjylar köpçüligine ýetirilýändigini bellediler.

 

TÜRKSOÝ guramasynyň Baş sekretary Sultan Raýew öz çykyşynda TÜRKSOÝ tarapyndan 2024-nji ýyl «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýlip yglan edilendigini, şol bir wagtda Magtymguly Pyraga bagyşlanan halkara ähmiýetli çäreleriň diňe bir TÜRKSOÝ däl, eýsem BMG-niň Nýu-Ýorkdaky esasy merkezi binasynda, BMG-niň Ženewadaky merkezi edarasynda, Ýewropa döwletleriniň çäklerinde giň gerimde geçirilýändigini belledi.

Halkara maslahata gatnaşyjylar şu gün Magtymguly Pyragy medeni-seýilgäh toplumynyň hem-de beýik şahyrymyzyň heýkeliniň açylyş dabarasyna gatnaşarlar.

Ýene-de okaň

Ýewro-2024: Sweýsariýa ynamly ýeňiş gazandy

Ata Watan Eserleri

Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdiler

15-nji iýun: Ýewropa çempionatynda 3 duşuşyk bar

Germaniýa Ýewropa çempionatyna uly hasaply ýeňiş bilen başlady

Türkmenistan 5G tehnologiýasynyň mümkinçiliklerini öwrener

Türkmenistanda Horezmşalar döwrüne degişli altyn teňňeler tapyldy

Ata Watan Eserleri