22/10/2020 8:44
Home IŇ TÄZE HABAR Şa serpaýly medeniýet we sungat işgärleri

Şa serpaýly medeniýet we sungat işgärleri

Ýakynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli döredijilik işgärleriniň birnäçesine hormatly atlar dakyldy we Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň altyn asyry” atly bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi. Şa serpaýlaryna mynasyp bolan medeniýet we sungat işgärleri ýürek buýsançlaryny «Atavatan Türkmenistan» halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com  saýtyna şeýle beýan etdiler:

Atajan Berdyýew,

Türkmenistanyň halk artisti:

Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly bäsleşiginiň ýeňijisi:

   — Toý gününde Gahryman Arkadagymyzyň Şa serpaýyna mynasyp bolmak biz döredijilik işgärleri üçin uly bagt. Şeýle bagtyýar pursatlar, hormatly Prezidentimiziň sungatymyza goýýan belent sarpasy geljekde täze sahna eserlerinde çykyş etmäge, ýürek joşgunymyzdan täze eserleri döretmäge ynam berýär, ylham berýär. Şonuň üçin bize diňe uly joşgun, hyjuw bilen işläýmek, döredäýmek, watanymyzyň belent ösüşlerini wasp edäýmek galýar.

Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzda milli aýdym-saz sungatymyzyň täze derejelere çykmagy üçin ähli mümkinçilikleri döredip berdi. Muňa milli operamyzyň gaýtadan dikeldilmegi, medeniýet we sungat işgärleriniň ýurdumyzda we daşary döwletlerde geçirilýän medeniýet günlerine gatnaşyp, aýdym-sazlar bilen çykyş etmegi aýdyň şaýatlyk edýär. Maňa ýurdumyzyň birnäçe döwletlerde geçirilen medeniýet günlerine, festiwallaryna gatnaşmak miýesser etdi.

Hormatly Prezidentimiz halypa-şägirtlik mekdebine uly üns berýär. Halypam, Türkmenistanyň halk artisti Atageldi Garýagdyýew bilen bir sahnada bilelikde çykyş etmegimiz, bagtyýar pursatlara bile şaýat bolmagymyz başymy gök diredýär. Bu günki günde milli opera sungatymyzyň täze ýaş nesli kemala gelýär. Muňa her ýylda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli sahnalaşdyrylýan operalarda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň zehinli talyplarynyň çykyş edip, öz ussatlyklaryny görkezmekleri aýdyň subutnamadyr. Ýakynda Magtymguly adyndaky milli sazly-drama teatrynyň sahnasynda Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Aýnazar Batyrowyň režissýorlyk etmeginde “Nejeboglan” dessany esasynda täze opera sahnalaşdyryldy. Türkmenistanyň halk ýazyjysy Gowşutgeldi Daňatarowyň ýazan librettosy esasynda goýlan operanyň sazyny Türkmenistanyň halk artisti Nurygandym Hojamuhammedow ýazdy. Bu operada men Aşyk Aýdyň piriň keşbini ýerine ýetirdim. Täze operada çykyş eden talyplarymyz ýurdumyzda milli opera sungatymyzyň bagtyýarlyk döwrümizde rowaçlanýandygyny ýene bir ýola subut etdiler.

Okap bilersiňiz  Sentýabrda köpçülikleýin sanjyma girişiler

Gahryman Arkadagymyzyň ýaşlygymyza garamazdan, sungatymyza ýokary baha bermegi täze döredijilik gözleglerine atarýar. Sungata baglanan durmuşymda bagtly, göwün joşduryjy pursatlar birnäçe gezek miýesser etdi. 2011-nji ýylda «Ýylyň parlak ýyldyzy» atly bäsleşigiň ýeňijisi, 2016-njy ýylda «Türkmenistanyň at gazanan artisti» diýen hormatly ada mynasyp bolanymda begenjimiň çägi bolmandy. Şol bir wagtyň özünde-de uly jogapkärçilik duýdum. Geljekde täze-täze aýdymlary halkymyza ýetirip, özüme bildirilen ynamy ödemegi öňümde maksat edinip goýdum. Geçen ýyl bolsa, “Türkmenistanyň halk artisti” diýen hormatly ada mynasyp bolanymda ýurdumyzda çeken zähmetiň ýerine düşýändigine ýene bir ýola göz ýetirdim.

Bagtyýarlyk döwrümiziň her bir güni kalbymyza aýdym bolup dolýar. “Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany” ýylynda şahyr Aman Rozyýewiň sözlerine, Röwşen Nepesowyň sazyna “Şamçyrag Siz, Arkadag!” atly täze aýdymy halkymyza ýetirdim.

Nesip bolsa, geljekde-de Gahryman Arkadagymyzyň bize ýapan Şa serpaýyna jogap edip, döwrümiziň belent ruhuna ýugrulan joşgunly aýdym-sazlary dörederis diýip ynandyrýaryn.

Okap bilersiňiz  Ulaglarda ätiýaçlandyryş işi kämilleşdiriler

Züleýha KAKAÝEWA,

Türkmenistanyň at gazanan artisti,

“Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly bäsleşiginiň ýeňijisi:

Alkyşlarym näme bilen başlaýyn,

Dilim ejiz gelýär ýürek sesimden,

Aýdym bolup göwünleri hoşlaýyn,

Bu uly dünýäniň belent-pesinde.

Döwletli diýarymyzda Gahryman Arkadagymyzyň bize peşgeş berýän bagtyny, bagtyýarlygyny beýan ederden sözlerimiz ejiz gelýär. Bize diňe ýürek joşgunymyzy aýdymlarymyzyň üsti bilen ýetiräýmek galýar. Bagtyýarlyk döwrümiz her bir ynsanyň kalbyna egsilmez joşgun berýär. Aýratynam, şeýle ajaýyp döwürde döredijilik adamsy bolup täze eser döretmezlik mümkin däl. Bu döwür şahyra ajaýyp şygyr, bagşa hoş owaz, sazanda şirin mukam eçilýär. Toý gününde Türkmenistanyň Gahrymany Gözel Şagulyýewanyň sözlerine, Nobat Ödenyýazowyň sazyna “Ýaşa Arkadagym!” atly täze aýdymy diňleýjilere ýetirdim.

Arkadag Prezidentimiziň ýapan Şa serpaýy bize täze eserleri döretmäge hyjuw, ylham, ynam berdi.  Nesip bolsa, Gahryman Arkadagymyzyň bize bildiren ynamyny ödäp, geljekde-de täze aýdymlary halkymyza ýetireris.

Sungatymyzyň hak howandary Gahryman Arkadagymyza milli medeniýetimize, aýdym-saz sungatymyza goýýan belent sarpasy üçin alkyşymyzyň çägi ýok.

Döwletgeldi Berdiýew,

Türkmenistanyň at gazanan artisti,

Okap bilersiňiz  Türkmen alabaýlaryna bagyşlanan täze taslamalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly bäsleşiginiň ýeňijisi:

 — Däp bolup gelşi ýaly, bu ýyl hem Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni joşgunly dabaralara beslendi. Bu ajaýyp baýramçylygy ýurdumyzyň döredijilik işgärleri özleriniň toý sowgatlary bilen garşyladylar. Goşa toý mynasybetli ýurdumyzyň medeniýet we sungat işgärlerini hormatly Prezidentimiziň Şa serpaýlary bilen sylaglamagy dabaralaryň joşgunyny öňküsinden-de artdyrdy. Maňa hem Şa serpaýyny almak bagtynyň miýesser edendigine begenjimiň çägi ýok. Kärdeşlerimi, medeniýet we sungat işgärleriniň ählisini Şa serpaýlary bilen tüýs ýüregimden gutlaýaryn. Olara geljekde-de, sungat ýolunda uly üstünlikleri arzuw edýärin.

Artist sahna çykanda, döredýän keşbine başbitin girýär. Janlandyrýan keşbiňe ilki bilen özüň ynanmasaň, tomaşaçyny ynandyryp bolmaýar. Munuň üçin, elbetde, irginsiz gözlegde bolmak, ýeterlik derejede zähmet çekmek zerur. Bu kinofilmde surata düşmek babatda-da şeýle. Teleýaýlymda tomaşaçy bilen ýüzbe-ýüz bolmasaň-da, kinoda bolup geçýän wakalar, ondaky gahrymanlaryň her bir hereketi tomaşaçynyň gözünden sypanok. Hormatly Prezidentimiziň Şa serpaýy bize täze keşpleri döretmäge, döredijiligimiziň täze gözlegler bilen baýlaşmagyna ylham berýär. Şu günlerde “Aşgabat” teleýaýlymy tarapyndan Sapardurdy Annaýewiň režissýorlyk etmeginde “Gudrat” atly telefilm surata düşürilýär. Ýurdumyzyň gözel tebigatynda ösýän dermanlyk ösümlikleriniň ynsan saglygyny berkitmekde ýetirýän täsiri dogrusynda söhbet açýan bu telefilmde men ýolbelet ýigidiň keşbini ýerine ýetirýärin. Daşary ýurt syýahatçylarynyň türkmen tebigatynyň täsinliklerine bolan gyzyklanmasy telefilmiň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Telefilmiň Türkmen döwlet medeniýet institutyny tamamlan zehinli ýaşlaryň gatnaşmagynda surata düşürilmegi bizi buýsandyrýar.

Nesip bolsa, Gahryman Arkadagymyzyň biz — medeniýet, sungat işgärlerine bildirýän ynamyny ödäp, geljekde-de spektakllarda, kinofilmlerde täze keşpleri döredip, uly hyjuw bilen işläris.

 

Ahmet ATAJANOW,

Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly bäsleşiginiň ýeňijisi:

Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda bagtyýarlyk döwrümizde ýaş zehinleriň ýüze çykmagy üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Muňa ýurdumyzda yzygiderli geçirilýän döredijilik, aýdym-saz bäsleşikleri-de şaýatlyk edýär. 2009-njy, 2013-nji ýyllarda Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly bäsleşiginiň, 2017-nji ýylda bolsa “Ýylyň parlak ýyldyzy” atly bäsleşigiň ýeňijisi bolmagym aýdymly dünýämi galkyndyrdy. Ynha bu günki günde-de, Mähriban Arkadagymyzyň ýapan Şa serpaýy aýdym-saz sungatyna söýgimi öňküden-de artdyrdy.

Okap bilersiňiz  Brigs-Taýson tutluşygy
Okap bilersiňiz  Saglyk – altyn açar

Hormatly Prezidentimiz halypa-şägirtlik mekdebine uly üns berýär. Biz ýaş aýdymçylar halypalaryň döreden aýdymlaryny halkymyza ýetirmekden ylham alýarys. Halypa-şägirtlik mekdebi biziň üçin ylhamyň, sungata bolan söýginiň, ynamyň çeşmesi. Halypalaryň maslahatlary sungatda öz ýolumyzy tapmagymyza, täze aýdym-sazlary döretmegimize ýardam berýär. Bagtyýarlyk döwrümizde Gahryman Arkadagymyzyň alyp barýan beýik işlerini, mähriban watanymyzyň bedew batly ösüşlerini sungat adamsy bolup wasp etmezlik asla mümkin däl. Bu döwür bize işlemäge, döretmäge egsilmez ylham berýär. “Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany” ýylynda Türkmenistanyň halk artisti Şamämmet Bäşimowyň sazyna “Dünýä dursun parahat!” atly täze aýdym işledik. Bu aýdym “Türkmen owazy” teleýaýlymy tarapyndan şekilli aýdyma geçirilip, halkymyza ýetirildi. Ýakynda bolsa, şahyr Arslan Amanowyň sözlerine, kompozitor Babamyrat Babaýewiň sazyna “Sagbol Arkadag!” atly täze aýdym döretdik. Bu aýdymy häzirki wagtda şekile geçirýäris. Şa serpaýyndan ruhlanyp, täze aýdym işläp başladym. Aýdymyň sözleri Arslan Amanowyňky, sazy özümiňki.

Hormatly Arkadagymyzyň biz ýaş aýdymçylara ýapan Şa serpaýyna jogap edip, täze aýdym-sazlary dörederis. Bize şeýle ajaýyp döwri peşgeş beren Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli işleri rowaçlyklara beslensin!

 

Taýýarlan Aýjemal GAÝLYÝEWA,

Magtymguly adyndaky TDU-nyň talyby

 

Ähli söhbetdeşliklerimizi okamak üçin :

Türkmenistanyň at gazanan artisti Zylyha Kakaýewa bilen söhbetdeşlik

Türkmen Star :Zylyha Kakayeva ile reportaj

Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Kakageldi Seýitmuhammedow bilen söhbetdeşlik

Türkmenistanyň at gazanan artisti Döwletgeldi Berdiýew bilen söhbetdeşlik

Türkmen Sanatçısı Çınara ile reportaj

Türkmen aýdymçysy Çynara bilen söhbetdeşlik

Türkmenistanyň halk artisti  Hakberdi Hudaýberdiýew bilen söhbetdeşlik

Režissýor Öwezmämmet Galandarow bilen söhbetdeşlik 

Ýaş zehinli kompozitor Begenç Hojaýew bilen söhbetdeşlik

Aýdymçy Tirkiş Amangeldiýew bilen söhbetdeşlik

Zehinli  aýdymçy Gözel Öwezowa bilen söhbetdeşlik

Türkmenistanyň halk artisti Toýguly Jepbarow bilen söhbetdeşlik

Türkmenistanyň halk artisti Altyn Goşaýewa bilen söhbetdeşlik

Aýdymçy şahyr Allaýar Çüriýew bilen söhbetdeşlik

Aýdymçy Şamyrat Artykow bilen söhbetdeşlik

Türkmenistanyň halk artisti Amanbibi Mämmedowa bilen söhbetdeşlik

Okap bilersiňiz  Ähli sport bäsleşikleri ýatyryldy

IŇ TÄZE HABARLAR

Gülälek Gulmyradowa:Käbäm bilen bile ýörän ýollarym!

Dünýäde şeýlebir bagt bar, ol seniň çagalyk arzuwlaryň wysal bolanda ýüze çykyp, seniň nurly dideleriňe mähir – muhabbete besläp, başyňy göge ýetirýär. Ol bagt...

“Garagum ýalkymy : Wideo we Foto Habar

Gözel Diýarymyzyň Garagum sährasyndaky köp ýyllardanbäri ody sönmeýän Derweze gaz krateridir. Ol “Garagum ýalkymy” diýlip atlandyryldy. Biz bu barada öň saýtymyza Foto Habar ýerleşdiripdik....

Öz asyrynyň ogly : Jelaleddin Meňburny

Häzire çenli “Jelaleddin Türkmen ýa-da Jelaleddin Meňburny” atly makalamyzyň 3 bölümini saýta ýerleşdirdik. Häzir bolsa makalamyzyň soňky bölümini Size ýetirýäris. Ýurdy goramaklygyň meselelerine garan ýokary...

Barselona oýunçylary bilen şertnamalaryny täzeledi

Futbol sportunuň beýik toparlarynyň biri hasaplanylýan “Barselona” futbol topary, özüniň esasy düzümde çykyş edýän derwezewan Mark Ter Ştegen, goragçy Jerard Pike, Kleman Lengle we...
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -

KÖP OKALÝAN

Jemi 25 Baýrak Size garaşýar: Bäsleşik dowam edýär

“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň  www.atavatan-turkmenistan.com     saýtynyň geçirýän  “Ata Watan Eserler”  döredijilik bäsleşiginiň täze tapgyrynyň mowzugy ýaly “Söýgi – durmuşyň özeni”! Habaryň Instagram Wideosy üçin şu...

Kitap-geçmişimizden geljege şugladyr.

KITAP  zehin gözbaşydyr. Ondaky jemlenen maglumatlar  biziň üçin altyn zerden  gymmatly hasaplanylýar. Il içinde: özbaşdak  kitap  ýazmak, çap etmek sogap bilinýär. Siziň  çykaran kitabyňyz...

“Garagum ýalkymy : Wideo we Foto Habar

Gözel Diýarymyzyň Garagum sährasyndaky köp ýyllardanbäri ody sönmeýän Derweze gaz krateridir. Ol “Garagum ýalkymy” diýlip atlandyryldy. Biz bu barada öň saýtymyza Foto Habar ýerleşdiripdik....

Daşary ýurtlardan ulag serişdeleriniň wagtlaýyn getiriliş möhletleri

Türkmenistanyň Gümrük kodeksiniň 213-214-nji maddalaryna laýyklykda Türkmenistanyň gümrük çägine wagtlaýyn getirilýän (getirilen) ulag serişdelerine ygtybarly gümrük gözegçiligini guramak hem-de ol ulag serişdelerini gümrük taýdan...