BIZNES

Türkmenistanda öndürilýän önümler «TIBCO-2024» sergisinde görkezilýär

16-19-njy maý aralygynda Rumyniýanyň paýtagty Buharestde geçirilýän «TIBCO ─ 2024» halkara sergisine Türkmenistan öz milli ekspozisiýasy bilen gatnaşýar. Oňa ýurdumyzyň degişli döwlet edaralary bilen bilelikde Söwda-senagat edarasynyň wekilleri hem gatnaşýarlar.

Türkmenistanyň sergi diwarlyklary ýerleşen bölümde ýurdumyzyň senagat, gurluşyk, dokma, nebitgaz, oba hojalyk, himiýa we beýleki pudaklarda gazanan üstünlikleri bilen tanyşdyrylýar. Sergi bölüminde ýurdumyzyň hususy düzüminiň wekilleriniň öndürýän harytlaryna, haly we dokma önümlerine hem giň orun berlipdir. Sergi diwarlyklarynda görkezilýän milli önümlerimiz myhmanlarda uly gyzyklanma döredýär.

Ýurdumyzyň wekiliýetiniň Buharest şäherinde geçirilýän bu halkara gözden geçirilişe özüniň sergi ekspozisiýasy bilen gatnaşmagy Watanymyzda öndürilýän harytlar bilen daşary ýurtly sarp edijileri tanyşdyrmaga, täze söwda we maýa goýum hyzmatdaşlary ýüze çykarmaga, olar bilen netijeli özara bähbitli gatnaşyklary giňeltmäge şertleri döredýär.

«TIBCO ─ 2024» ─ Rumyniýanyň «ROMEXPO S.A .» kompaniýasy tarapyndan her ýylda guralýan iň iri sarp ediş harytlarynyň sergisidir. Oňa dünýäniň 15-e golaý ýurdundan kompaniýalar gatnaşýarlar.

Ýene-de okaň

Türkmenistan bilen Gazagystan söwda möçberini artdyrar

Türkmenistan “Hytaý-Ýewraziýa EKSPO” halkara sergisine gatnaşar

Hindistanyň kompaniýalary Türkmenbaşy portunyň mümkinçilikleri bilen gyzyklanýar

“Apple” ABŞ-nyň iň gymmat kompaniýasy boldy

Rus ilçisi: tebigy gaz pudagynda rus-türkmen hyzmatdaşlygy ileri tutulýar

Ata Watan Eserleri

Aşgabatda “HI-TECH Türkmenistan 2024” halkara forum we sergi geçiriler