SÖHBETDEŞLIK

 Babajan Rozyýew: Aýdymym – ruhy dünýämiň beýany

Bagtyýarlykdan ruhlanyp, bagtdan paýly bolup, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaş nesiller baradaky aladalaryndan mynasyp peýdalanýan, öz hünärli ýollarynda ýürek namalaryny aýdym-sazda beýan edýän ýaşlarymyzyň bu gün kalby joşly, zybany alkyşly. Aýdym-saz dünýäsi ynsanyň ruhy dünýäsini baýlaşdyryp, bu ugurda zähmet çekýän, kämillik ýoluny dowam etdirip okaýan ýaşlaryň arasynda ýurdumyzyň gündogar topragynda öz joşgunly aýdymlary bilen türkmen toýlarynyň bezegi bolan aýdym-saz äleminiň wekili Babajan Rozyýew bu gün biziň saýtymyzyň myhmany.

Babajan ilki bilen Sizi saýtymyzyň AtawatanTürkmenistan halkara žurnalynyň elektron saýtynyň söhbetdeşlik sahypasynda hoş gördük. Diýarymyzyň ösüşli ýollary her bir ynsanyň kalp namasyny joşdurýar. Ýaş waspçylaryň arasynda Siziň adyňyzyň bolmagy, ýurdumyzda ýaşlaryň ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmäge döredilýän mümkinçilikler dogrusynda söhbetimize başlaýaly.

  • Dogrudanda bagtyýar zaman biz ýaşlaryň ukyp-başarnygymyzy açyp görkezmäge, saýlan hünärimizi ele almaga, aýdym-saz äleminiň wekili bolup halkymyza,Watanymyza hyzmat etmäge giň mümkinilikleri döretdi. Biz ýaşlara geljege bolan ynamly ýoly dowam edip, saýlan ugrumyzdan kämilleşmek we hyzmatymyz bilen jogap bermek galýar. Ynsanyň durmuşda lezzet alýan zatlarynyň biri maşgala asudalygy, jan saglygy we höwesli kärinde zähmet çekmegi. Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri bolsa durmuşdan lezzet alyp, mynasyp Watan perzendi bolup ýaşamagymyza ähli mümkinçilikleri döredýär.

Aýdym-saz älemine geliş döwrüň barada söhbetdeşligimizi dowam etsek.

  •   Aýdym –saz älemine men çagalygymdan başladym. 2008-2013-nji ýyllar aralygynda men çagalar sungat mekdebinde baglama saz guralyny çalmagy öwrendim. Elbetde sungatyň ähli görnüşleri bir-biri bilen aýrylmaz baglanyşykly bolýar. Okuw sapaklarymyzyň arasynda köpçülikleýin aýdym-saz sapaklary hem geçilýärdi. Şol ýerde aýdym aýtmaga bolan höwes döräp bu ugurdan mugallymlar bilen aýratynlykda işleşip başladym. Welaýatymyzda geçirilýän toý-dabaralaryna gatnaşyp ugradym. Aýdym aýtmak sungaty meniň durmuşymyň bir bölegine öwrüldi.

Halypa-şägirtlik ýolunda döredijiligiňe ýardam beren ynsanlar.

  • Ýokarda belleýşim ýaly ilki bilimi çagalar sungat mekdebinde aldym. Ondan soňra türkmen toýlarynyň bezegi bolan welaýatymyzda, döwlet derejesinde geçirilýän baýramçylyklara özleriniň şirin aýdymlary bilen halkymyza hyzmat edip gelýän ýaş estrada aýdymçylar Umyt Bazarow, Bagtyýar Joraýew dagylar meniň döredijilik ýoluma öz täsirini ýetiren we aýdym-saz äleminde halypalyk eden ynsanlar.

Türkmen medeniýetiniň, sungatynyň aýratynlygy.

  • Her bir halkyň özboluşly sungaty, medeniýet ýoly bar. Her bir millet şol gymmatlyklary, milli däp-dessurlary bilen älem ýüzünde mynasyp orundan peýdalanýar. Türkmen halkynyň aýdym-saz älemindäki özboluşly taraplary sanardan kän. Milli saz gurallarymyz dutar, gyjak, tüýdük, kakuw saz gurallary, gopuz bularyň ählisi halkymyzyň milli buýsanjy, ýürek namasy. Halk aýdymlarynyň halypalarymyz tarapyndan ökdelik bilen şirin mukama siňdirilip ýerine ýetirilmegi biz ýaş aýdym-saz wekillerine nusgalyk mekdep bolup durýar.

Haýsy daşary ýurt aýdymlaryny diňlemegi ýa-da ýerine ýetirmegi  gowy görýärsiňiz?

  • Sungat ýoly ähli dilde-de düşünikli. Mysal üçin el telefonlarynda ýa-da öýde aýdym göwnümize ýarasa diline seredibem duramyzok. Isle aýdym-saz wekili bolsun, isle başga ugurda zähmet zekýän ynsan bolsun aýdym ynsanyň ruhuny göterýär, şähdini açýar. Şonuň üçin belli bir ýurduň aýdymy gowy ýa-da erbet diýmek kyn. Şonuň üçin meniň özüm ähli halklaryň aýdymlaryny diňleýärin, ýerine ýetiremde bolsa goňşy döwletimiz Özbegistan döwletiniň aýdymlaryny ýerine ýetirmegi halaýaryn we toý baýramlarda özbek dilindäki aýdymlarym bilen çykyş edýärin.

 Eger-de ynsanlary reňkler bilen häsiýetlendirmeli diýilse, onda haýsy reňke nähili häsiýetli adamlary göz öňüne getirerdiňiz?

  • Durmuşda ak bar ýerinde garada bar diýilşi ýaly, häsiýet ynsany ynsan edýän, ynsanyň köpçülikde we jemgyýetde mynasyp orun almagyna mümkinçilik berýän gymmatlyk. Reňkleriň hersine psihologik taýdan hem häsiýet berilýär. Adam häsiýetlerini reňkler bilen baglanyşdyrsak ak, gök reňke men gowy häsiýetli ynsanlary göz öňüne getirýärin, gara reňke bolsa tersine. Bu meniň pikirim.

 Nirelerde syýahat etmegi we kimler bilen nirelerde dynç almagy halaýarsyňyz?

  • Diýarymyzyň gözel, baglyk ýerlerine syýahat etmegi halaýaryn. Maşgalam bilen asuda, arassa howada, dynç günlerimiz bolsa dost-ýarlarymyň arasynda dynç almagy gowy görýärin. Mundan başga-da men sungat dünýäsinde netijeli iş edemde, eden işimden lezzet alýan pursadym hem dynç alýaryn.

 “Ýaňlan Diýarym” telebäsleşiginde haýsy aýdymlary ýerine ýetirdiňiz?

  • Ýaňlan Diýarym telebäsleşigi meniň durmuşymyň iň gymmatly günlerini peşgeş etdi. Bu bäsleşikde men “Tansa çykaly” diýen söýgi aýdymyny ýerine ýetirdim we bu aýdym maňa şowlulyk getirdi.

Bäsleşiklere gatnaşanyňyzda netijäni nähilli kabul edýärsiňiz?

  • Bäsleşik adyndan belli bolşy ýaly ýeňmeli we ýeňilmeli diýen iki sütünden ybarat. Bäsleşigiň gowy taraplary haýsy ugurdandygyň parhy ýok şol ugruň has kämilleşmegine, eseriň we ony ýerine ýetirýäniň ussatlyga ýetmegine, özüňe bolan ynamy artdyrmakda, maksadaokgunly häsiýetiň ösmegine uly täsiri bar. Ynsan haçanda özünden ökde adamy görende şondan-da has aýratyn bolmaga, öz başarjaňlygyny açyp görkezmäge ymtylýar. Men öz durmuşymdan mysal alsam 2021-nji ýylda Ýaňlan Diýarym bäsleşigine gatnaşyp, şäher tapgyryna çykyp, döwlet tapgyryna gatnaşyp bilmedim. Şonda öz öňümde maksat goýdum, “men hem ýeňiji bolan deň-duşlarym ýaly aýdym aýtmak ussatlygymy ösdürerin, menem ýeňiji bolaryn” diýip. Şol maksadym ýolunda men halypalarymyzdan aýdym aýtmagyň syrlaryny, aýdym ýerine ýetirilende sahnada özüňi nähili alyp barmalydygyny, haýsy temadaky aýdymlarda hereketleriň sazlaşygyny öwrendim. Şolaryň netijesi maňa 2023-nji ýylda Ýaňlan Diýarym bäsleşiginiň ýeňijisi diýen ada mynasyp bolmagyma şert döretdi.

Haýsy temalarda aýdym aýtmagy gowy görýärsiňiz?

  • Haýsy temada aýdym aýdaňda-da esasy ýerine ýetirýän eseriň halk tarapyndan gowy garşy alynda sungat işgäriniň azaby ýerine düşdügi bolýar. Çünki bir aýdym döretmek üçin oňa diňe bir aýdymçynyň däl kompazitoryň, şahyryň, montaž edýäniň zähmeti siňýär. Şonuň üçin islendik eseriň gowy kabul edilmegi birnäçe ynsanyň azabynyň ýerine düşdügi bolýar.

Esasan men söýgi temasynda aýdym aýtmagy gowy görýärin.

Geljekki maksatlaryňyz.

  • Haýsy kärde zähmet çekende-de öňde goýlan maksat ynsanyň geljege bolan ynamyny artdyrýar. Beýik maksatlara ýetmegine itergi berýär. Islendik kär ösüşi, täzeçilligi talap edýär. Sungat ulgamy hasam. Şonuň üçin men geljekde öz hünärimi kämilleşdirip, milli we estrada sungatyna mynasyp goşant goşmagy, türkmen medeniýetini, sungatyny ösdürmekde zehin başarnygymy gaýgyrman zähmet çekmegi maksat edinýärin.

Şahsy maglumatlary:

 Doglan senesi:06.10.1997ý

Doglan ýeri:Lebap welaýatynyň Saýat etraby.

Okan orta mekdebi: Lebap welaýatynyň Saýat etrabyndaky 14-nji orta mekdebi, 2004-2015ý

Ilkinji halypasy:Bagtyýar Joraýew.

Ilkinji ýerine ýetiren aýdymy:”Eý mekdebim jana-jan” aýdymy.

Halaýan reňki: Ak, gara.

Halaýan tagamy: Unaş, gutap.

Gyzyklanýan we meşgullanýan  sport görnüşi: Futbol.

Şaperi OTUZOWA, žurnalist.

 

Ýene-de okaň

Emeli Intellekt: Magtymguly Pyragy Garward, Oksford, Kembrij derejesinde bilim alypdyr

Ata Watan Eserleri

Aly Agamyradow: Fransiýa, woleýbol we çempionlyk – aýratyn duýgular

Ruslan Mingazow: Messi bilen söhbetdeş bolmak aýratyn duýgy

Jemile ŞASAPAROWA: Kalbymyň namasy aýdym-sazymda

Maýsa Myradowa: ýaşlygyma ýoldaş bolan sungatym

Gözel HOJAÝEWA: kalbymyň namasy aýdym-sazymda