SIZDEN GELENLER

Türkmen telewideniýesiniň döreýşi hem ösüşi

Telewideniýe 1958-nji ýylda döredildi hasap edilen hem bolsa, onuň ösüş ýoly 60-njy ýyllardan başlanýar. Ilkibaşda telewideniýe ozalky “Bilm” jemgyýetiniň jaýynda 2-3 sany otag berilýär, ozalky Döwlet  – plan komitetiniň jaýynyň 3-nji gatynda hem göçme telewizion stansiýasynyň enjamlary oturdylýar. Telewideniýe boýunça kino görkezilýär, aýdym- saz berilýär. Olar hem Gökdepe-Gäwers aralygyndan uzaga gitmeýärdi. Telewideniýäni ilkinji bolup esaslandyran ýazyjy Taňryberdi Hojakgaýewdi.

60-njy ýyllaryň başlarynda telebaşnýa (telediň) ulanylmaga berlensoň, telewideniýede iş ugrugyp başlaýar. Telewideniýede işlemäge Çary Ödekow, Durdy Saparow, Atda Babaýew, Aşyr Nazarow dagy çagyrylýar. Studiýa açylyp, telewideniýänyň çeperçilik geňeşi döredilýär.

Ondan soň Kakow Orazsähedow, Mihail Rýabinin, Ýuriý Rýabinin, Jumadurdy Saryýew dagy teledöredijilik işleri bilen meşgullanyp başlaýar. Emma işler birbada şowuna bolup gidibermeýär. Režissýorlar, olaryň kömekçileri, operatorlar ýetenokdy.

Daşkendiň teatral institutyny gutaran Aman Tommadow, Aman Hojagulyýew dagy telewideniýä işe geldiler. Žurnalistler Abdy Myradow, Sahy Mämmedow radiodan çagyryldy.  “Sowet Türkmenistany” gazetiniň fotohabarçysy Rejep Işanow operatorlyga işe kabul edildi.

Şeýlelikde, telekanallaryň göwrümi artyp, halk hojalygynyň dürli pudagy boýunça bölümler döredilýär. Taýýarlanylýan gepleşikleriň sany artýar, mazmuny gowulanýar. Telefilmler alnyp başlanýar.

Türkmen telewideniýesiniň maddy-tehniki bazasy pugtalandyrylýar. Ol ösüş ýoluna düşüp, 1967-nji ýylda gepleşikler Moskwadan hem alnyp görkezilip başlandy. Şunuň bilen birlikde, gepleşikleri dürli reňkdäki şekillerde bermek ýola goýuldy.

Türkmen telewideniýesi gysga wagtda kyn ýoly geçip, tejribe toplaýar. Taýýarlanylýan gepleşikleriň hili gowulandyrylýar.

XX asyryň 60-njy ýyllarynyň ahyrlarynda telefestiwallar geçirilip başlanýar, respublikalaryň arasynda telegepleşikleriň alyş-çalşygy ýola goýulýar. Nebitdagda (Balkanabat), Çärjewde (Türkmenabat), Baýramalyda telewizion merkezler açylýar.

Türkmen telewideniýesi teleoýunlary, çeper hem dokumental telefilmleri guraýar. Ýurdumyzyň görnükli adamlary Alty Garlyýew, Sona Myradowa hakynda gyzykly gepleşikleri berýär.

70-nji ýyllaryň başlarynda Radiotelewideniýe boýunça döwlet komitetiniň döredilmegi bilen türkmen telewideniýesi ösüş ýoluna düşdi. “Siziň üçin, körpeler”, “Aýna”, “Ýartygulak” teležurnallary teletomaşaçylaryň söýgüsini gazandy. Türkmen telewideniýesine zehinli, ukyply ýaş žurnalistleriň gelmegi bilen taýýarlanylýan gepleşikleriň, wideosýužetleriň hili has-da gowulandy. Şunuň bilen birlikde, radiogepleşikleriň gerimi giňedi.

Telewideniýäniň Krasnowodsk (häzirki Türkmenbaşy), Nebitdag (häzirki Balkanabat), Baýramaly, Çärjew (häzirki Türkmenabat) şäherlerindäki bölümleriniň işläp başlamagy bilen dürli temadaky gepleşikleri operatiw taýýarlamaga mümkinçilik döredi.

“Türkmentelefilmiň” döredijilik birleşigi çeper hem dokumental filmleriň birnäçesini taýýarlap, ekrana goýberdi.

Ýaş žurnalistleriň taýýarlanylyşy.  Metbugat düzüminiň geriminiň hem-de olara bildirilýän talabyň ösmegi, teleradionyň durmuşa pugta ornaşmagy bilen žurnalistleriň ýetmezçiligi mese-mälim bildirip başlady. Ýurdumyzda milli žurnalistleri taýýarlaýan ýörite okuw mekdebi ýa-da žurnalistika bölümi ýokdy.

Şonuň üçin 1972-1973-nji okuw ýylynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň türkmen filologiýasy fakultetiniň 3-nji ýyl talyplaryndan žurnalist hünäri boýunça döredilen toparda žurnalistika ugrundan ýörite dersler okadylyp başlandy. Şol dersleriň arasynda “Türkmen metbugatynyň taryhy” dersi hem bardy. Ony ilkinji bolup baýry metbugatçy Mämmetdurdy Annagurdow okadypdy.

Žurnalist hünäri boýunça şunuň ýaly topar 1973-1974-nji okuw ýylynda-da döredilip, soňra ýapylypdy. Şondan ençeme ýyl geçensoň, 1984-1985-nji okuw ýylynda žurnalist hünäri boýunça topar ýene döredildi we 1992-nji ýyla çenli, tä žurnalistika bölümi açylýança, şeýle topar dowam etdirildi. Žurnalist hünäri boýunça toparda soňky ýyllarda “Türkmen žurnalistikasynyň taryhy” dersini Hojamyrat Goçmyradow okatdy.

Türkmenteleradiosy. 80-nji ýyllaryň ahyrlarynda radioda täze gepleşikler ýaýlyma goýberilýär. «Oba säheri» (1980-njy ý.) hepdelik informasion-sazly gepleşikde halkyň ykdysady-sosial durmuşy hakda gürrüň berilýär.  «Ylham çaýhanasy», «Miras», (1980-nji ý,) edebi-çeper gepleşiklerinde türkmen halkynyň baý edebi hem medeni mirasy barada söhbet edildi. 1989-njy ýylda telewideniýede hem täze gepleşikler taýýarlanlyp, «mawy ekrana» goýberdildi. «Gözýetim» gepleşigi ýaşlar üçin informasion-sazly gepleşik bolup, onda ýaramaz edindiklere garşy alnyp barylýan çäreler hakda gürrüň edildi, wideoşekiller görkezildi. «Ýedigen» (1989-njy ý.) hepdelik edebi-sazly gepleşikde halkyň medeni-ahlak mirasy, sungat hakynda, eposlarymyzdaky däp-dessurlar barada söhbet edildi. Taýýarlanylýan her bir gepleşik milli medeniýetiň bir görnüşine bagyşlanyldy.

Garaşsyz Türkmenistanyň öz ýörelgesine, syýasatyna, kanunyna gabat gelýän metbugatydyr radiosy bilen birlikde, milli telewideniýesi-de  döredi. Halkara gatnaşyklarynyň giňelmegi bilen türkmen žurnalistikasynda täze  sahypalar açyldy. Garaşsyz Türkmenistan dünýäniň ençeme döwletleri bilen diplomatik gatnaşyklary alyp barýar. Bu gatnaşyklar türkmen žurnalistikasynyň, şol sanda teležurnalistleriň öňünde-de uly we möhüm weziperleri goýdy.

Biziň käbir teležurnalistlerimiziň bu ugurda şowly ädimler ädýärler. Olaryň bir topary hökümet wekilýeti bilen Eýranda, Türkiýede, Hytaýda, Hindistanda, ABŞ-da, Angliýada, Fransiýada, Russiýada we beýleki döwletlerde bolup geldi.

Biziň Garaşsyz ýurdumyzda habar beriş serişdeleriniň beýleki görnüşleri bilen birlikde, telewideniýäniň hem taýýarlaýan gepleşikleriniň many-mazmunynyň, ideýasynyň milli Garaşsyzlyk ruhumyza laýyk bolmalydygy barada alada edilýär. Taýýarlanylýan her bir gepleşige döwletimiziň milli ruhy, galkynyş ruhy bütin dolulygy bilen ekrana siňýär.

Garaşsyzlyk ýyllarynda türkmen telewideniýesiniň “ýüzi” täzelendi. Telewideniýede ornaşdyrylan täze tehnika esasynda “Watan”, “Giç ýagşy”, “Säher salamy” ýaly habarlar gepleşikleri täzelenip,  täze alypbaryjylar bilen teleýaýlyma çykdy. Şeýle hem baýramçylyk gepleşikleriniň arasynda kompýutor grafikasyny hem-de çylşyrymly montažy ulanmak bilen taýýarlanylan gepleşikler, forma taýdan täzelenmeler (perebiwkalar), teleýaýlyma berip başlandy. Milli telewideniýäniň “ýüzüni” düýpli özgerden bu täzelikler teletomaşaçylar tarapyndan gowy garşy alyndy.

Garaşsyz ýyllarynda “Horjun”, “Sag-aman ördüňizmi?”, “Mülkdaryň mekdebi”, “Jahan ýaňy”, Köňül kelamy” ýaly telegepleşiklerem girizildi. Telewideniýäniň beýleki bölümlerinde-de örän gysga döwrüň içinde “Şowhun”, Edebi telebäsleşik”, “Söhbetdeş” ýaly başga-da birnäçe uly we kiçi göwrümli syýasy, edebi we dynç alyş gepleşikleri taýýarlanylyp teleýaýlyma berildi.

Garaşsyzlygyň ilkinji ýyllarynda döredilen milli telewideniýäniň “Watan” habarlar gepleşigi gysga wagtyň içinde uly abraýa eýe boldy. Bu gepleşik halk arasynda milli telewideniýäniň “ýüzi” hasaplanylýar.

Halkyň uly höwes bilen sereden “Jahan ýaňy”, “Giç ýagşy”, “Säher salamy”, “Rysgal-döwletli türkmen”, “Ýedi gün” ýaly gepleşikleri, türkmen we iňlis dillerindäki beýleki habarlar hem goýberişler gözbaşyny “Watan” habarlar gepleşiginden alyp gaýdýar.

Garaşsyzlyk döwründe: “Altyn asyr: Türkmenistan”, “Miras”, “Ýaşlyk”, “TW-4, Türkmenistan” ýaly teleýaýlymlar döredildi. Bu teleýaýlymlaryň hersi özbaşdak, biri-birine garaşsyz bolup, ýurduň dürli ugurlary boýunça alnyp barylýan işler, ýetilen sepgitler, halkyň däp-dessury teletomaşaçylara ýetirýär.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk  döwründe teleradoýaýlymlary. Habar beriş serişdelerinde Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe zähmet gahrymanlaryny wasp etmekde dürli žurnallar ulanylýar. Teleradioýaýlymlarynyň işi kämilleşdirilýär, gepleşikleri operatiw hem çuň many-mazmunda bermek ýola goýulýar.

Türkmen radioýaýlymlary häzirki wagtda taýýarlanylýan gepleşikleriň hilini barha gowulandyrýar. Her bir gepleşige türkmeniň milli ruhy siňdirilýär. Radioýaýlymlaryň hemmesi-de Berkarar döwletiň ýokary talaplaryna laýyk işlemäge çalyşýar.

Radioýaýlymlaryň işgärleri ýurdumyzyň halk hojalygynda gazanylýan üstünlikleri, amala aşyrylýan bimoçber işleri beýan etmäge täzeçe operatiw çemeleşýär. Döwrüň zähmet gahrymanlaryny wasp etmekde täze usullar ulanylýar.

Türkmen telewideniýesiniň işi hem kämilleşdirilýär, gepleşikleri operatiw hem çuň many-mazmunda bermek ýola goýulýar. Bagtyýarlyk döwründe ozalky hereket edip gelýän “Altyn asyr – Türkmenistan “, “Miras”, “Ýaşlyk”, “TW-4” teleýaýlymlarynyň täze tehniki enjamlary bilen üpjün edilişi görlüp-eşidilmedik derejede gowulandyrylýar. Teleýaýlymlaryň hemmesi-de häzirki döwürde täze kameralar, montaž stollary bilen üpjün edilip durulýar.

Munuň özi teleýaýlyma her bir gepleşigini (mejlisleri, dabaralary, duşuşyklary, sport ýaryşlaryny) dolulygyna görkezmäge mümkinçilik berýär.Dürli temadaky, dürli žanrdaky telegepleşikler gyzyklylygy hem-de özüne çekijiligi bilen tapawutlanýar.

Ozaldan hereket edip gelýän teleýaýlymlardan başga, bäşinji teleýaýlym, ýagny “Türkmen owazy” teleýaýlymy hem açyldy. Bu täze teleýaýlymy türkmenistanlylary milli aýdym-saz medeniýetiniň hazynasy, bu ugurda häzirki döwürde ýetilen sepgitler bilen tanyşdyrylýar. Şeýle hem ol türkmen ýaşlarynyň estetiki terbiýesine we sazlaşykly ösüşine ýardam berýär.

Täze teleýaýlym boýunça halk aýdym-sazlary, klassyk sazlar, şekilde häzirki zaman aýdymlary, operalar, folklor çykyşlary berilýär we türkmeniň bu ugurda ýeten derejesi dünýä ýaýylýar.

Bagtyýarlyk döwründe milli telewideniýäniň tehniki taýdan enjamlaşdyrylyşyna yzygiderli üns berlip gelinýär. Aşgabadyň günorta-günbatarsynda, Köpetdagyň eteginde umumy beýikligi 211 metr bolan uly teleminaranyň ulanylmaga berilmegi  bilen “Türkmenistan” teleradiogepleşikler merkezini” döretmäge we täze teleradioýaýlymlarynyň açylmagyna mümkinçilik döredi. Merkeziň 38 metr beýiklikdäki antennasy adaty we sazly gepleşikleri ýaýlyma bermäge mümkinçilik berýär. Ýyldyzyň ägirt uly sekizburçly şekili binanyň esasy aýratynlygydyr.

Täze merkezde “Aşgabat” hem-de “Sport” teleýaýlymlary işe başlady. Teleýaýlymlar hünärli işgärler, dünýä ülňülerine laýyk gelýän ýokary hilli enjamlar bilen üpjün edildi. Teležurnalistler häzirki wagtda ýokary hilli gepleşikleri taýýarlamagyň kämil usullaryny ulanýarlar we has möhüm ähmiýetli wakalaryň göni ýaýlymda ýokary derejede görkezilmegini gazanýarlar.

 Yslam Durdyýew

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň

Taryh we arheologiýa institutynyň

  kiçi ylmy işgäri.

Antarktida-da 75 million ýyl ozal tokaý ýangynlary bolupdyr

 

Ýene-de okaň

Taryhda yz goýjak “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly

Magtymguly Pyragynyň döredijiligi ruhy hazynadyr

Magtymguly Pyragy – döwürleriň we köňülleriň şahyry

Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýyly

Magtymguly – dünýä şahyry

Taryhyň aýdyň beýany