SIZDEN GELENLER

Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýyly

Üstümizdäki 2024-nji ýylda “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly diýip atlandyrylyp, bu şygar bilen uly üstünliklere beslenýär. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyz ähli ugurlarda, syýasy-ykdysady, medeni-ynsanperwer, ylym-bilim, sport we beýleki ulgamlarda uly ösüşler gazanýar.

2024-nji ýylyň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly diýlip atlandyrylmagynyň giden umman ýaly çuň manysy bar.  Geçen ýyly Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” atly goşgysy giň okyjylar köpçiligine gelip gowuşdy. Bu goşgyny okanyňda Gahryman Arkadagymyz akyldar şahyrymyzyň waspyny çeper beýan edendigine göz ýetirýärsiň. Üstinden üç asyr geçen bolsada şu günki güne çenli akyldar şahyryň baý many mazmunly goşgylarynyň gadyr-gymmatynyň nä derejede ýokarydygyny açyp görkezýän bu goşgy Pyragynyň döredijiliginiň çeper beýany bolup durýar.

Şeýle hem şu ýyl beýik akyldar atamyz Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy giňden bellenilýär. Munuň ählisi beýik söz ussady bolan Magtymguly Pyragynyň döredijiligine uly sarpa goýulýandyny alamatlandyrýar. Çünki Pyragynyň her bir goşgydyr, eserlerini okanyňda berkararlyk, asudalyk, watansöýjilik, ulyny sylamak, kiçä hormat goýmak, dost-doganlyk, agzybirçilik ýaly ynsanperwer ýol-ýörelgeler öňe sürilýär. Hut şunuň bilen baglylykda akyldar şahyryň golýazmalar toplumy diňe bir türkmen edebiýatynda däl eýsem dünýä edebiýatynda aýratyn orun eýeleýär.

Şunuň bilen baglylykda şu ýylmyzyň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly diýlip atlandyrylmagy şahyryň ömür döredijiligine, goýulýan belnet sylag hormatyň nyşany bolmak bilen bir hatarda, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrinde akyldar şahyryň  ömüni, döredijiligini, edebi mirasyny has-da giňden öwrenmäge, dünýä ýaýmaga uly mümkinçilik berer.

Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň dünýä dolan şöhratyny has-da beýgeltmek we ony giňden wagyz etmek, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça ýurdumyzda giň gerimli işler alnyp barylýar.Ýurdumyzda Magtymguly Pyragynyň gününiň 300 ýyllygyny halkara jemgyýetçilik bilen bilelikde bellemek babatda durmuşa geçirilýän işler akyldar şahyryň dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna giren baý hem-de gymmatly edebi mirasyny öwrenmekde möhüm ähmiýete eýe bolup durýar. Täze taryhy döwürde Köpetdagyň eteginde Magtymguly Pyragynyň ägirt uly heýkeliniň gurulmagy beýik şahyryň ömrüne, döredijilik mirasyna häzirki döwrüň nesilleri tarapyndan uly sarpa goýulýandygynyň aýdyň nyşanydyr.

Döredijiligi Jemşidiň jamyna deňelýän Magtymguly Pyragy milletimiziň buýsanjydyr, onuň umman ýaly giň döredijiligi halkymyzyň ruhy baýlygydyr, bütin adamzadyň gymmatly hazynasydyr. Çünki beýik akyldaryň döredijiligi bütin adamzady agzybirlige, jebislige, ynsanperwerlige çagyrýar. Şundan ugur alsak, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň nygtaýşy ýaly, şahyryň eserlerine siňdiren berkarar ýurt gurmak, haýyr-sahawatlyk, edep-ekram, sylag-hormat, sahylyk, myhmansöýerlik, agzybirlik baradaky filosofik pikirler, ynsanperwer garaýyşlary şahyrana öwüt-ündewleri biziň milletimiziň müdimi ýörelge edinen durmuş mekdebidir.

Beýik akyldaryň «Berkarar döwlet istärin» diýip, özbaşdak döwlet, halkymyzyň agzybir, asuda we abadan durmuşda ýaşamagy hakynda eden arzuwlary döwletimiziň Garaşsyzlygyna eýe bolmagy bilen doly hasyl boldy. Dünýä medeniýetiniň baý genji-hazynasyna öwrülen Magtymguly Pyragynyň çuňňur pähim-paýhasa ýugrulan eserleri hem-de filosofik garaýyşlary, agzybirlik, sahawatlylyk hakyndaky pikirleri, öwüt-ündewleri türkmen jemgyýetiniň ruhy taýdan kämilligine, halkymyzyň häzirki we geljek nesilleriniň ruhy sagdynlygyna gönükdirilen döwlet syýasatynyň esasynda goýlandyr.

Biziň nusgawy şahyrlarymyzy sarpalaýan, olara hormat goýýan biz ýaşlara okamaga, işlemäge, döretmäge ähli mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýdýarys. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, işleri rowaç bolsun!

Gülşirin Ýagmyrowa, 

Aman Kekilow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň mugallymy. 

Ýene-de okaň

Zergärleriň ýasan şaý-sepleriniň adam saglygyna peýdasy        

Çagalaryň saglygy bahasyz baýlykdyr

Ähli zadyň sakasy saglyk

Gahryman Arkadagymyzyň pähiminden dörän seýilgäh

Goşa mukaddesligiň baýramy

«Agro-Pak Turkmenistan and Turkmen Food» halkara sergisi geçirilýär