SIZDEN GELENLER

Taryhyň aýdyň beýany

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitaby türkmen halkymyzyň gymmatly gollanmasyna öwrüldi.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly täze kitabynda türkmen halkynyň şöhratly geçmişi düýpli we giňişleýin beýan edilip, dürli taryhy maglumatlar berilýär. Şeýle hem bu ajaýyp kitapda halkymyzyň taryhy, asyrlaryň dowamynda kemala gelen gadymy däp-dessurlary barada söhbet edilýär. Kitabyň baplary arheologik tapyndylara we häzirki döwre çenli saklanyp galan özboluşly binagärlik ýadygärliklerine bagyşlanýar.

«Gadymy Änewiň täsinligi», «Taryhy birleşdirýän uly wakalar», «Ahal ýaýlasynda gadymy Änewiň şöhratly ýoly dowamata uzaýar» atly baplardan hem-de birnäçe bölümlerden ybarat bolan bu kitapda asyrlaryň dowamynda kemala gelen gadymy Änew medeniýeti, ony düýpli öwrenmekde alnyp barlan arheologik barlaglar barada gyzykly maglumatlar berilýär. Pederlerimiziň gurmak, döretmek ýaly sogaply işleriniň, ynsanperwer ýörelgeleriniň many-mazmuny giňden açylyp görkezilýär.

Kitabyň «Taryhy birleşdirýän uly wakalar» atly babynda bellenilişi ýaly, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip at berlen 2024-nji ýylda ýurdumyzyň taryhynda ähmiýetli orun alan Änew şäheriniň «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi, dünýäde meşhur şahsyýet, beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň ýokary derejede bellenilmegi türkmen taryhynyň umumylyklaryny baglanyşdyrýar, Watan hakyndaky garaýyşlary baýlaşdyrýar. Änew dünýäniň maddy medeniýetiniň möhüm sahypasy bolsa, Magtymguly Pyragy dünýäniň ruhy medeniýetiniň ösüşine goşandyny goşýan beýik şahyrdyr.

Täze kitap barada gürrüň açsak, onda, ilkinji nobatda, alym Prezidentimiziň bu ajaýyp eseriniň ylmy-populýar žanra degişlidigini bellemeli. Sebäbi çuň manyly bu kitapda gadymy Änew şäheriniň taryhyna, şeýle hem tutuş Ahal welaýatynyň geçmişine we şu gününe degişli gymmatly ylmy maglumatlar getirilýär. Şeýle usulda awtor durmuşyň dürli meseleleri barada öz pikirleridir garaýyşlaryny okyja ýetirýär.

Döwlet Baştutanymyzyň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly ylmy-populýar eseri girişden, üç bapdan we jemlemeden ybarat. Şeýle-de Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýokary hilli neşir edilen täze kitap türkmen halkynyň şanly taryhyna we häzirki bagtyýar döwrüne degişli täsirli suratlar bilen bezelendir.

Ýeri gelende aýtsak, kitapda getirilýän maglumatlar ýaş nesillerimiz üçin aýratyn möhümdir hem zerurdyr. Çünki Arkadagly Gahryman Serdarymyz we Gahryman Arkadagymyz eziz Watanymyzy mundan buýana-da ösdürmekde ýaşlara uly ynam bildirýärler. Şol sebäpli täze kitapda ýaş nesillere degişli jümleler hem bar. Mysal üçin, «Ýaş nesiller halkymyzyň taryhy ykbalyndan hem-de onuň ylmy esasda öwrenilişinden hemişe habarly bolmalydyrlar», «Halkymyz öz ägirtleri hakyndaky anyk maglumatlary terbiýeçilik işinde nusga hökmünde ulanýar. Şol hem beýik şahsyýetleriň manyly ömrüni ýaşlaryň özlerine nusga edinmeklerinde çeşme bolýar», «Täze bilim-terbiýeçilik ojaklarynyň häzirki zamanyň iň kämil okuw enjamlarydyr esbaplary bilen enjamlaşdyrylmagy ýaşlara bilimiň ak ýolundan barha öňe gitmäge, Watanymyza, halkymyza mynasyp nesiller bolup ýetişmäge, bilim işgärlerine bolsa döredijilikli zähmet çekmäge özboluşly hyjuw berdi», «Bu gün «ýaşlaryň şäheri» diýlip ykrar edilen Arkadag şäherinde bagtyýar durmuş, döredijilikli durmuş joş alýar».

Biz hem hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza bu gymmatly sowgady üçin müň mertebe alkyş aýdýarys. Döwlet Baştutanymyzyň halk bähbidi üçin işleýän galamy ýiti, şeýle ajaýyp kitaplarynyň höwri köp bolsun!

Goý, ata Watanymyzyň hem-de halkymyzyň her gününi toý-baýrama, şatlyk-şagalaňa besläp, ruhubelentlik bilen bagtyýar geljege alyp barýan belent mertebeli Prezidentimiziň we türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolup, il-ýurt we dünýä ähmiýetli tutumlary mydama rowaç alsyn!

Mähri Metdiýewa,

Aman Kekilow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň mugallymy.

Ýene-de okaň

Ýaşlary ýetişdirmekde dil biliminiň orny

Il saglygy- ýurt baýlygy

Lukmançylygyň gymmatly gollanmasy

Saglygy goraýşyň belent ykrary

Bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlyk

Saglyk – baýlyk