TEHNOLOGIÝA

Los-Anželes uniwersitetiniň talyplaryna emeli aňy öwrenmek mümkinçiligi döredilýär

Kaliforniýanyň Los-Anželes uniwersitetiniň (UCLA) talyplaryna, mugallymlaryna we işgärlerine döredijiliklerini we innowasiýalaryny goldamak maksady bilen “ChatGPT Enterprise” — uly guramalar üçin niýetlenen “OpenAI” platformasynyň ýöriteleşdirilen görnüşi — ulanmaga mümkinçilik berler. Bu platforma, okatmak, öwrenmek we ylmy-barlag işlerinde täsirli netijeler gazanmak üçin niýetlenendir.
Şu ýylyň ahyryna çenli, kampus talyplardan, mugallymlardan we işgärlerden innowasion taslama tekliplerini we pikirlerini kabul etmek üçin açyk çagyryş yglan eder. Esasy ugurlar, talyplaryň üstünliklerini ýokarlandyrmak, ylmy-barlag işlerini güýçlendirmek we institutlaryň netijeliligini we iş häsiýetini gowulandyrmak bilen bagly bolar. Bu teklipler boýunça jikme-jiklikler şu güýz UCLA jemgyýetine mälim ediler.
“ChatGPT-iň baý öwreniş tejribesine we iň öňdebaryjy ylmy-barlag işlerine goldaw bermek üçin UCLA bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk etmäge sabyrsyzlyk bilen garaşýarys” diýip, “OpenAI”-niň baş operasiýalar müdiri Bred Laýtkap aýtdy.
“OpenAI”-niň ýöriteleşdirilen gurallaryna elýeterlilik, köp ugurlarda emeli intellektiň (AI) mümkinçiliklerini we kynçylyklaryny öwrenmek bilen meşgullanýan hünärmenler üçin möhüm pursat bolýar. UCLA-nyň täze bellenen baş maglumat we emeli intellekt işgäri Kris Mattmann, emeli aň tehnologiýasynyň giňden ulanylýandygyny, şol sanda tekst, grafik, ses we sintetiki maglumatlaryň döredilmegi bilen baglanyşyklydygyny belledi.
“Umuman alanyňda, ýokary bilimde emeli aň, duşuşyklary meýilleşdirmek, öwreniş tejribelerini özleşdirmek, tejribe synaglaryny, testleri we leksiýa belliklerini döretmek, şeýle hem ylmy-barlag we maglumatlaryň derňewine ýardam etmek ýaly köptaraply işleri ýerine ýetirip bilýär” diýip, Mattmann aýtdy.
UCLA jemgyýetiniň köp agzalary eýýäm emeiň aň täsirli usullar bilen ulanýarlar. Olaryň arasynda, UCLA-nyň Sanly barlag we bilim Institutynyň ýerine ýetiriji müdiri we matematika professory Deanna Needell bar. Ol, AI tehnologiýasyny sanly liniýer algebrany okatmak üçin ulanyp, algoritmi kod bilen durmuşa geçirip, talyplary bilen bilelikde ony analiz edýär.
“Emeli intellekt dünýäni düýpli üýtgetdi we bu üýtgeşmeler dowam eder” diýip, esasan, emeli aňda adalatlylyk we aç-açanlyk bilen bagly ylmy-barlag işleri bilen meşgullanýan Needell aýtdy. “Mugallymlar hökmünde, biziň wezipämiz talyplarymyzyň bu üýtgeşmelere goşant goşup, pozitiw täsir ýetirmegi üçin mümkin boldugyça gowy taýýarlyk görmegini üpjün etmekdir”.

Ýene-de okaň

Ilon Mask sürüjisiz taksisini tanyşdyrdy

Ilon Mask Marsa syýahata çagyrýar

“Instagram” täze çäklendirmeler girizýär: ýaş ulanyjylar üçin goşmaça howpsuzlyk çäreleri

Türkmenistanda kiberhowpsuzlyk boýunça hyzmatdaşlyk etmek Maksatnamasy taýýarlanar

Kosmos giňişliginde taryhy waka

Ata Watan Eserleri

Aşgabatda «HI-TECH Turkmenistan 2024» atly halkara maslahat we sergi geçirilýär

Ata Watan Eserleri