SIZDEN GELENLER

Magtymguly Pyragy – döwürleriň we köňülleriň şahyry

Magtymguly Pyragy türkmen topragynyň sähralyklaryndan, çöllerinden, daglaryndan, düzlüklerinden, deňzinden we derýalaryndan, hoşgylaw adamlaryndan, şirin aýdym-sazlaryndan, ynsanperwer ýörelgelerinden ylham alan hem-de durmuş gözelliklerini bütin durky bilen kabul eden beýik şahyrdyr. Bu gün dana şahyryň şygyrlarynda beýan eden arzuw-umytlarynyň Arkadagly Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän milli maksatnamalarda we ýörelgelerimizde täze belentliklere beslenýändigi aýdyň görünýär. Magtymguly Pyragynyň: “Bir suprada eda bolsun aşymyz” diýen setirlerinde we beýleki şygyr diwanynyň mazmunynda halkyň berkarar döwlet gurmagy, nesilleriň bagtly durmuşda erkin ýaşamagy baradaky arzuw-islegleri bu günki gün hasyl boldy.

Häzirki wagtda nusgawy şahyrymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygyny giňden baýram etmäge ýokary guramaçylyk derejesinde taýýarlyk görülýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda, bu şanly senäni dabaraly bellemek boýunça Guramaçylyk komiteti döredildi. Mundan başga-da şu ýylyň 9-njy fewralynda Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň baý we gymmatly edebi mirasyny öwrenmekde, aýawly saklamakda hem-de wagyz etmekde uly hyzmatlary bitiren ýurdumyzyň we daşary ýurt raýatlaryny sylaglamak maksady bilen “Türkmenistanyň “Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna” atly ýubileý medalyny döretmek hakynda” Türkmenistanyň Kanuny tassyklanyldy. Bular bolsa türkmen topragynyň beýik ogluna belent hormat goýulýandygyny tassyklamak bilen, dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna giren Magtymgulynyň döredijilik mirasyny mundan beýläk-de düýpli öwrenmek hem-de giňden ýaýmak meselelerine dünýä jemgyýetçiligiň ünsüni çekmäge ýardam berer.

Magtymguly Pyragy sözüň güýji, gudraty bilen şygryýet äleminde ady arşa galan beýik akyldar şahyrdyr. Onuň goşgulary biziň ata-babalarymyzyň asyrlarboýy ýaşap gelýän menzil-mekanyny, türkmen tebigatyny, türkmeniň ruhy dünýäsini açyp görkezýär. Onuň döredijiligi bolsa geljekki ýaş nesillere görelde mekdebi bolup durýar. Çünki, çeper söz ussadynyň umman ýaly giň döredijilik äleminde erkinlik, özbaşdaklyk, agzybirlik ýaly halkyň asylly pikirleri jemlenendir. Beýik Pyragynyň ynsan kalbynda inçe duýgulary oýarýan şygryýet dünýäsi bu gün türkmen jemgyýetiniň, adamzat nesliniň ruhy sagdynlygyny üpjün edýän esasy sütünleriň biridir. Ussat şahyryň:

Asla adamzada ajy söz urmaň,

Pakyra-misgine delalat ýagşy.

  • ýaly setirlerinde öwüt-nesihat häsiýetli, adamkärçilik, hoşniýetlilik, süýji sözlülik, ynsanperwerlik ýaly hoşniýetli häsiýetler wasp edilýär.

Magtymgulynyň döredijiliginde işjeň işlenen temalaryň biri hem Watan, onuň asudalygy, halkyň agzybirligi, parahat durmuşda ýaşamak üçin ilkinji zerurlyk bolan döwlet meselesidir. Aslynda, Magtymguly bu meseleleri biri-birinden üzňe, aýratynlykda däl-de, biri-biri bilen baglanyşykly, biri beýlekisiniň üstüni ýetirýän bitewi tema hökmünde suratlandyrýar. Şahyryň şygyrlarynda adamzat barlygynyň jemlenen ýeri – göbek ganynyň daman ýeri Watan mukaddesligine aýratyn orun berilýär:

Gel, eý, köňlüm, saňa nesihat kylaý,

Watany terk edip, gidiji bolma!

Şahyryň bu setirlerindäki watansöýüjilik babatdaky pikirleri ähli döwürlerde hem uly ähmiýete eýedir.

XVIII asyr türkmen edebiýatynda uly özgerişligi amala aşyran Pyragynyň döredijiligi geljekki şahyrlar üçin özboluşly mekdebe öwrülipdir. Türkmen edebiýatynyň wekilleri Magtymgulydan edebiýaty halka ýakynlaşdyrmagy, halkyň dil baýlygyny özleşdirmegi öwrenipdirler.

Bütin ömrüni halkyň hyzmatynda geçiren Magtymgulynyň döredijilik älemi baý we köptaraplaýyndyr. XVIII asyr türkmen durmuşy, döwrüň taryhy we syýasy wakalary, türkmen topragyna bolan çäksiz söýgi, özüni kemala getiren halka bolan yssy mähir, döwrüň ýaşaýyş-durmuş meseleleri, tebigat gözelligi, ahlak arassalygy, söýgi tämizligi − bularyň hemmesi şahyryň döredijiliginde orun alypdyr.

Bu günki gün Magtymgulynyň belent pähim-paýhasyndan dörän ajaýyp goşgulary halkymyzyň hasyl bolan köpasyrlyk arzuw-hyýallarynyň senasy hökmünde ýaňlanýar, gadymdan bäri türkmeniň milli ruhunyň sütünini düzýän ajaýyp döredijilik ýörelgeleriniň waspyna öwrülýär.

 

Seýitmuhammet Babaniýazow,

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniñ

 Gidrogeologiýa  we  inžener  geologiýa hünäriniñ talyby.

Ýene-de okaň

Zergärleriň ýasan şaý-sepleriniň adam saglygyna peýdasy        

Çagalaryň saglygy bahasyz baýlykdyr

Ähli zadyň sakasy saglyk

Gahryman Arkadagymyzyň pähiminden dörän seýilgäh

Goşa mukaddesligiň baýramy

«Agro-Pak Turkmenistan and Turkmen Food» halkara sergisi geçirilýär