No menu items!
20/09/2020 23:52
No menu items!
Home ATAWATAN ESERLERİ Üns Beriň ! Baýrakly Teswirler : Saýlanan Teswirler

Üns Beriň ! Baýrakly Teswirler : Saýlanan Teswirler

“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň   www.atavatan-turkmenistan.com saýty “Saýlanan Teswirler” ady bilen täze  baýrakly taslama başlaýar.  Täze taslama indi däbe öwrülen “Ata Watan Eserleri” bäsleşiginden tapawutly bolup, ol belli bir mowzukda şol ugurda has içgin hem-de täsirli makalalar toplumyny beýan edip bilýän döredijilik işgärleriniň, hünärmenleriň, bilermenleriň gatnaşmagynda geçiriler.

Bu Taslama şanly Garaşsyzlyk Baýramçylygyna bagyşlanyp geçirilýär. Taslama “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň täze applikasiýasy “Atavatan Türkmenistan” applikasiýasynyň hemaýatkärliginde geçirilýär. Ata Watanymyz baradaky gündelik habarlary we global habarlary  Türkmen dilinde, şeýle hem ýurdumyz baradaky täzelikleri Iňlis, Türk we Rus dilinde gyzgyny bilen okamaga mümkinçilik berýän täze applikasiýany gök ýazylan ýere basyp el telefonyňa ýükläp biljekdigiňizi ýatladýarys. Bellemeli zat, häzirki döwürde döredijilik toparymyz tarapyndan yglan edilen “Ata Watan Eserleri” döredijilik bäsleşigi hem dowam edýär. Sizi  “Söýgi-durmuşyň özeni” mowzugy bilen yglan edilen “Ata Watan Eserleri” döredijilik bäsleşigine hem gatnaşmaga çagyrýarys.

Täze taslamamyzyň  ilkinji tapgyrynda  hormatly Prezidentimiziň täze kitaby – “Türkmeniň Döwletlilik Ýörelgesi” eseri esasy mowzuk bolup çykyş edýär. Bu taslamada milli Liderimiziň täze kitabyny  has içgin seljerip, şonuň esasynda makalalar bilen gatnaşmak esasy talap edilýän ugurlaryň biri bolar.

«Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly täze neşirde  halkymyzyň dünýä nusgalyk asylly ýörelgeleri barada parasatly oý-pikirler beýan edilip, milli dessurlarymyza, olaryň eziz Watanymyzyň abadançylygyny üpjün etmekde, häzirki nesilleri terbiýelemekde eýeleýän ornuna möhüm ähmiýet berilýär. Ajaýyp eserde halkymyzyň milli mirasyny düýpli öwrenmek, ony aýawly saklamak, giňden wagyz etmek hem-de geljek nesillere ýetirmek bilen baglanyşykly meseleler esasy orun eýeleýär. Hormatly Prezidentimiz täze kitabynda taryhy çeşmeleri, toplanan maglumatlary ylmy esasda öwrenip, rejeläp, has-da kämilleşdirip jemläpdir. Täze kitap on iki bölümden ybarat bolup, onda durmuşyň gönezligi, Zeminiň abatlygy, ebedi ýaşaýşyň ugurlary, ylym bilimiň ähmiýeti, sagdyn durmuş ýörelgeleri, zähmetsöýerlik, myhmansöýerlik, dost-doganlyk gatnaşyklary, agzybirlik, başlan işiňi abraý bilen tamamlamak ýaly düşünjeler barada giňişleýin gürrüň berilýär.

Taslama  gatnaşmak isleýän döredijilik işgärleri türkmen halkynyň döwletlilik ýörelgelerini beýan edýän kitaby seljerip, makalasyny hödürläp biler. Goşgy kabul edilmeýär.

Eserleri saylananteswirler@gmail.com  salgysyna ibermeli.

Habarlaşmak üçin telefon belgisi: +993 62 88 02 63

Gelen eserler www.atavatan-turkmenistan.com saýtynyň  döredijilik topary tarapyndan seljeriler we iň gowy 12 eseriň awtory ýeňiji hökmünde saýlanar.

Taslamanyň möhleti:

  • Taslama boýunça eserler 09.09.2020 senesinden kabul edilip başlanýar
  • Eserler 2020-nji ýylyň 24-nji sentýabryna çenli kabul ediler.
  • Saýlanan eserler  2020-nji ýylyň 25-njy sentýabrynda, milli baýramymyz – Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda yglan ediler.
  • Saýlanan 12 eserler her gün 1 eser görnüşinde saýtymyza ýerleşdiriler.
  • Ýeňijilere baýrak gowşurmagyň senesi goşmaça habar berler.

Taslamanyň şertleri:

  • Taslama hödürlenen eseriň awtory özi baradaky maglumatlary (ady, familiýasy; öý salgysy, telefon belgisi, bar bolsa işleýän (okaýan) ýeri) takyk görkezmelidir. Eser boýunça jogapkärçilik awtora degişlidir.
  • Awtoryň hödürlejek eseri 500 bilen 1000 söz aralygynda bolmalydyr. Hödürlenjek eserlerde söz çäklerine üns bermegiňizi haýyş edýäris.
  • Ýeňijilere pul baýraklary Aşgabat şäherinde gowşurylar.
  • Saýlanan 12 eseriň her bir awtoryna 250 manat möçberinde pul baýragy berler.

Bulary hem okaň!

“Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” :Tanyşdyrylyş dabaralary

 

Söýgi – durmuşyň özeni : “Ata Watan Eserleri” bäsleşigi

 

 

Peýdaly Maslahat Sahypamyz

Hukuk we beýleki ugurlara degişli peýdaly maslahatlaryň jemlenen sahypasy-peýdaly maslahat sahypasy

Hormatly okyjylarymyz!

Siz şeýle hem, saýtymyza ýerleşdirilen habarlardan gyzgyny bilen “habardar” bolmak üçin biziň aşakda görkezilen jemgyýetçilik torlardaky hasabymyzy yzarlaň!

Resmi  hasaplarymyz:

Bu hasaplarymyza girmek üçin hasaplaryň ady ýazylan gök ýere basyň ýa-da hasaplara degişli suratlara basyň!

Linkedin hasabymyz

Facebook Hasabymyz

 

Instagram hasabymyz

Twitter hasabymyz

Habarlarymyzy IMO hasabyndan okamak üçin +993 65 80 24 70 belgili telefondan goşulyň

 

IŇ TÄZE HABARLAR

Hususy kärhana:bellige almak uçin gerekli resminamalar

Ýurdumyzda ýeke esaslandyryjyly kärhana-hususy kärhana açmak isleýänler üçin saýtymyza bu kärhanany bellige almak üçin gerekli resminamalaryň sanawyny ýerleşdirýäris. Bellenen nusgada arza (bellige almak üçin) ...

Güýz bilen söhbet…(Şahyrana oýlanma)

Gurbannazar Ezizow:                                                              Birden gök asmana dikildi gözüm.   Ah, ol görnüş! Gözüm nämeler görýär.                                                                    Gül düzüň üstünden düzümde-düzüm,                                                                    Göwnüňi göterip, durnalar barýar...   Durnalar barýar. Misli günlere...

“Täç hil”: Täze önümlerimiz bilen halkyň hyzmatynda bolarys

Paýtagtymyz Aşgabatda geçirilen Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleri sergisine gatnaşýan “Täç Hil” hususy kärhanasynyň hünärmeni Haknazar bilen söhbetdeş bolduk. Ol türkmen bazarynda özleriniň alyp barýan işleri...

Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi

Şu gün paýtagtymyz Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynyň sergiler zalynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 29 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň üstünlikleriniň sergisi geçirilýär. 2 gün dowam edýän sergide...
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -

KÖP OKALÝAN

“Forrest Gump” romanynyň awtory aradan çykdy

“Forrest Gump” romanynyň awtory Winston Groomyň 77 ýaşynda aradan çykandygy habar berilýär. Awtoryň romany esasynda şol bir at bilen surata düşürilen “Forrest Gump” filmi 1994-nji...

Birža paýdarlar jemgyýetine öwrüler: Paýnamalar hususy tarapa satylar

Türkmenistanyň Döwlet haryt çig mal biržasyny paýdarlar jemgyýetine öwürmek göz öňünde tutulýar. Bu ugurda geçirilýän işler baradaky hasabat Ministrler Kabinetiniň mejlisinde garaldy. Döwlet biržasynyň işini...

2020 ýyly üçin ykdysady çaklamalary

Türkmenistanyň 2020-2021-nji ýyllar üçin durmuş-ykdysady ösüşiniň çaklamalary taýýarlandy. Bu barada sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde bellenilip geçildi. Makroykdysady görkezijiler boýunça geçirilen seljermelere laýyklykda,...

Italiýanyň kompaniýasy täze önümçilik desgany gurar

Türkmenistanyň ykdysady kuwwatyny has-da berkitmek hem-de gurluşyk serişdeleriniň görnüşlerini köpeltmek, şeýle hem Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçilik ministrliginiň 2020-2023-nji ýyllarda senagat we önümçilik desgalaryny...