TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
ATAWATAN ESERLERİ

“Ata Watan Eserleri” bäsleşigi üçin minnetdarlyk

Ata Watanymyzda «Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» kabul edilip, onda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň maksatlary, wezipeleri, ugurlary, amala aşyrmagyň tapgyrlary kesgitlenildi. Häzirki döwürde ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan «Sanly Türkmenistan» döwlet maksatnamasynyň ykdysady kuwwatymyzy ýokarlandyrmakda, ilatyň ýaşaýyş derejesini gowulandyrmakda ähmiýetiniň ýokary boljakdygyny alamatlandyrýar.

Häzirki wagtda ähli ýurtlarda sanly bilim ulgamyny ornaşdyrmakda, kämilleşdirmekde we ony durmuşa geçirmekde  aýdyň işler alynyp barylýar. Bilim portallary döredilýär. Elbetde, bu ähli amatlyklary, mümkinçilikleri, köpugurly ýeňillikleri bolan portalyň üsti bilen ýaş nesilleriň bilim derejesini has-da ýokarlandyrmaga  hem-de wagt tygşytlamaga mümkinçilik döredýär.

Şu nukdaýnazardan, ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygyna bagyşlanyp, “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň  www.atavatan-turkmenistan.com saýtynyň “Sanly Ulgam ” mowzukly döredijilik bäsleşigini gurnamagy döwrüň sesi bolup çykyş etdi. Men hem şu bäsleşige “Sanly ykdysadyýet barada düşünje, onuň maksady we wezipeleri” atly makalam bilen gatnaşyp baýrakly orna mynasyp boldum.

Bu  bäsleşigi guranlara  minnetdarlygymy bildirýärin. Şeýle bäsleşikler yzygiderli geçirilip durulmagy, belli-belli möwzuklarda köp sanly peýdaly maglumatlaryň gorunyň emele gelmegine ýakyndan ýardam berýär. Şeýle ýaryşda özüm ýaly, ýeňiji bolan beýleki ýeňijileri  hem gutlaýaryn we üstünlik arzuw edýärin.

                                                                                                Sapartäç Hojabalkanowa,

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky

Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň mugallymy.

 

“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalyna minnetdarlygymyzy bildirýäris

Ýene-de okaň

“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalyna minnetdarlygymyzy bildirýäris

Ýeňijilere baýraklary gowşurylýar

Ata Watan Eserleri

“Ata Watan Eserleri”: ÝEŇIJILER BELLI BOLDY

Teswirle