JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti Magtymguly Pyragy medeni-seýilgäh toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy

Şu gün paýtagtymyz Aşgabadyň gözel künjeginde bina edilen Magtymguly Pyragy medeni-seýilgäh toplumy ulanmaga berildi. Köpetdagyň eteginde bina edilen bu ajaýyp seýilgähiň açylyş dabarasyna Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy.

“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň wekilleriniň hem gatnaşan açylyş dabarasyna Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, Türkiýäniň medeniýet we syýahatçylyk ministri Mehmet Nuri Ersoý, Täjigistanyň medeniýet ministri Matlubahon Sattori, Katar Döwletiniň medeniýet ministri Şeýh Abdulrahman bin Hamid bin Jasim bin Hamad Al-Tani, Gazagystanyň medeniýet we maglumat ministri Aida Balaýewa, Ermenistanyň bilim, ylym, medeniýet we sport ministri Žanna Andreasýan, Azerbaýjanyň medeniýet ministriniň orunbasary Murad Guseýnow, Russiýanyň medeniýet ministriniň orunbasary Andreý Malyşew, Gruziýanyň medeniýet, sport we ýaşlar ministriniň birinji orunbasary Ioseb Bagaturiýan, Gyrgyzystanyň medeniýet, maglumat, sport we ýaşlar syýasaty ministriniň orunbasary Esengul Uly Çyngyz, Özbegistanyň medeniýet ministriniň birinji orunbasary Bahodir Ahmedow we başga-da köp sanly döwletden wekiliýetler gatnaşdy.

Açylyş dabarasy türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” atly goşgusyna döredilen aýdym bilen başlandy.

Soňra Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow çykyş edip, ýurdumyzda “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly diýlip yglan edilen ýylda beýik türkmen şahyryna bagyşlanan çäreleriň giň gerimde bellenilýändigini belläp, şu gün açylyn Magtymguly Pyragy medeni-seýilgäh toplumynyň ähmiýetiniň uludygyny belledi.

Magtymguly Pyragy medeni-seýilgäh toplumynyň çäklerinde türkmen halkynyň beýik şahyry Magtymguly Pyragynyň 60 metr belentlikdäki ýadygärligi bar. Şeýle hem bu seýilgähiň dünýä döwletleri bilen dost-doganlygy has-da pugtalandyrmagyna goşant goşmak maksady bilen dünýäniň dostlukly ýurtlarynyň meşhur ýazyjy-şahyrlarynyň 24-siniň heýkelleri oturdyldy.

Olaryň arasynda Ermenistandan Saýat Nowanyň, Belarusdan Ýanka Kupalanyň, Hytaýdan Du Funyň, Fransiýadan Onore de Balzagyň, Gruziýadan Şota Rustaweliniň, Germaniýadan Iogann Wolfgang fon Gýoteniň, Hindistandan Rabindranat Tagoryň, Ýaponiýadan Ýasunari Kawabatanyň, Malaýziýadan Raja Ali Hajynyň, Rumyniýadan Mihai Emineskunyň, Täjigistandan Saýido Nasafiniň, Beýik Britaniýadan Wilýam Şekspiriň, Wengriýadan Şandor Petefiniň, Eýrandan Hafyz Şirazynyň, Italiýanyň Dante Aligýeriniň, Gazagystandan Kurmangazy Sagyrbaýulynyň, Gyrgyzystandan Çingiz Aýtmatowyň, Polşadan Adam Miskewiçiň, Russiýadan Fýodor Dostoýewskiniň, Ispaniýadan Huan Ramos Himenesiň, Türkiýeden Ýunus Emreniň, Ukrainadan Hrihoriý Skoworodanyň, ABŞ-dan LAngston Hýuzyň we Özbegistandan Alyşir Nowaýiniň heýkelleri oturdyldy.

Açylyş dabarasynyň çäklerinde edebi-çeper kompozisiýalaryň görkezilişini hem-de teatr artistleriniň, medeniýet işgärleriniň, sungat ussatlarynyň dürli çykyşlary guraldy.

Magtymguly Pyragynyň ýadygärlige gül goýmak çäresi geçirildi. Şeýle hem yşyklaryň we dronlaryň üsti bilen şekilleriň görkezilişi guraldy.

Açyk asmana dronlar bilen “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy”, “Arkadaga şöhrat” we “Arkadagly Gahryman Serdara şöhrat” ýazgylary peýda boldy.

Açylyş dabarasy asmana atylan baýramçylyk feýerwerki bilen oňa gatnaşyjylarda ýakymly ýatlamalary galdyrdy.

Ýene-de okaň

Ýewro-2024: Sweýsariýa ynamly ýeňiş gazandy

Ata Watan Eserleri

Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdiler

15-nji iýun: Ýewropa çempionatynda 3 duşuşyk bar

Germaniýa Ýewropa çempionatyna uly hasaply ýeňiş bilen başlady

Türkmenistan 5G tehnologiýasynyň mümkinçiliklerini öwrener

Türkmenistanda Horezmşalar döwrüne degişli altyn teňňeler tapyldy

Ata Watan Eserleri