DÜNÝÄ

Aşgabat şäheriniň gününde 136 sany ýaşaýyş jaýy ulanmaga berler

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli geçirilmegi meýilleşdirilýän medeni çärelere, hususan-da, bu şanly senä bagyşlanan “Ak şäherim Aşgabat” atly XXIII köpugurly halkara sergä görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

“Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda geçiriljek halkara sergä 160-dan gowrak ýerli we daşary ýurtly kompaniýalaryň, kärhanalaryň, hususy telekeçileriň, işewürleriň gatnaşmagy meýilleşdirilýär. Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen Aşgabat şäheriniň häkimliginiň bilelikde guramagynda her ýyl geçirilýän bu serginiň maksady ak mermerli paýtagtymyzyň ajaýyp keşbini, gaýtalanmajak gözelligini, ykdysadyýetde, ylym-bilim, saglygy goraýyş, aragatnaşyk, medeniýet ulgamlarynda we beýleki ugurlarda ýeten belent sepgitlerini giňden açyp görkezmekden ybaratdyr. Däp bolan bu sergi halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda we özara tejribe alyşmakda, türkmen paýtagtynyň şäher gurluşygy babatda gazananlaryny dünýä ýaýmakda, Aşgabady mundan beýläk-de ösdürmekde, maýa goýumlary we öňdebaryjy tehnologiýalary çekmekde, türkmen telekeçileriniň dünýäniň işewür toparlary bilen gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda, täze hyzmatdaşlygy ýola goýmakda uly ähmiýete eýedir.

Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli täze desgalaryň we binalaryň, şol sanda Bagtyýarlyk etrabynda kuwwaty bir gije-gündizde 150 müň kub metr bolan agyz suwuny arassalaýjy desganyň, “Çoganly” ýaşaýyş toplumynda iki gatly, 136 sany ýaşaýyş jaýynyň açylyş dabaralaryny geçirmek meýilleşdirilýär.

Ýene-de okaň

Türkmenistan Ýewraziýa patent guramasy bilen hyzmatdaşlygyny ösdürer

Türkmenabatda ýoga boýunça ussatlyk sapaklary geçirildi

Merkezi Aziýa-Russiýa parlamentara forumyny guramak meýilleşdirilýär

ÝUNISEF Türkmenistana täze ýolbaşçy belledi

Türkmenistanyň Ilçisi Türkiýäniň daşary işler ministriniň orunbasary bilen duşuşdy

Awstraliýa Türkmenistana ilçi belledi