No menu items!
21/09/2020 0:04
No menu items!
Home ATAWATAN ESERLERİ Söýgi – durmuşyň özeni : “Ata Watan Eserleri” bäsleşigi

Söýgi – durmuşyň özeni : “Ata Watan Eserleri” bäsleşigi

“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň https://www.atavatan-turkmenistan.com/  saýtynyň döredijilik topary Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli “Ata Watan Eserler”  döredijilik bäsleşiginiň täze tapgyryny yglan edýär. Kalby ylhamdan doly halypalary hem-de ýaşlary bu döredijilik bäsleşigine gatnaşmaga çagyrýarys. Bäsleşige gatnaşmak isleýänleriň bäsleşigiň şertlerini içgin okamagyny haýyş edýäris.

Bilşiňiz ýaly, “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň https://www.atavatan-turkmenistan.com/  saýtynyň döredijilik topary birnäçe bäsleşikleri, ýagny ilki erkin mowzukda, soňra “Üstünlik we üstünlik gazanmagyň ýollary” atly temada, Türkiýede hereket edýän Türkmenistanlylar Raýdaşlyk jemgyýeti  bilen bilelikde şol ýurtda   bilim alýan türkmen talyplaryň gatnaşmagynda bolsa “Kitap okamagyň peýdalary” atly döredijilik bäsleşiklerini gurnady. Bu bäsleşiklere köp sanly metbugat işgärleri bilen bir hatarda, döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlaryň ençemesi gatnaşdy.

Nobatdaky bäsleşigimiz bolsa “Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” ýylynda ýurdumyzda we dünýä jemgyýetçiliginde giňden bellenilýän Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli gurnalýar.

“Ata Watan Eserler”  döredijilik bäsleşigi Aşgabat şäherinde terjime hyzmatlaryny hödürleýän “Makul Hyzmat”  terjime merkeziniň we Stambul şäherinde ýerleşýän we Türkiýede  bilim almak isleýän talyplara okuw maslahatlaryny we terjime hyzmatlaryny berýän  “Atavatan Danışmanlık Yayıncılık, Tercüme, Turizm ve Bilişim Ltd Şti” türk kompaniýasynyň hemaýatkärliginde geçirilýär.

Bu gezekki bäsleşigimiziň mowzugy hemmeleri gyzyklandyrýan bolsa gerek. Döredijilik toparymyz hem bäsleşigiň mowzugyny kesgitlemek üçin özara pikir alyşmalary gurnap, jemgyýetiň içinde islendik ýaşlylaryň gatnaşmak mümkinçiligini göz öňüne tutup, hemmeleriň höwes bilen çykyş edip biljek köpugurly tema bolan SÖÝGINI saýladyk.

Bäsleşigiň mowzugy: “Söýgi – durmuşyň özeni”    

Söýgi — mukaddesdir. Ynsanyň töweregini gurşap alýan mukaddeslikler köp. Olaryň ilkinjisi Watandyr. Bu ajaýyp duýgy hakynda näçe wasp etseň-de bärden gaýdýar…Şeýle-de kimdir biri ýaradylyşyň başlangyjy bolan Ylahy söýgüden söhbet etmek islese, kimdir biri ene-ata, dogan-garyndaşa bolan söýgüden gürrüň berer.. Dostdan bagty çüwenler dostluk söýgüsini wasp ederler, gözellige teşne ynsanlar tebigaty söýmekden lezzet alýandyklaryny aýdarlar. Ruhubelent hem şähdaçyk adamlar bolsa ýaşaýşa bolan söýgüsiniň çäksizligini nygtarlar. Geçmişde-de, şu günde-de söwer ýara bolan söýginem sungat derejesine ýetirip, ondan bagt tapýanlaryňam az şaýady bolamzok. Eýsem bu ajaýyplyklary neneň wasp etmejek..

Bu temanyň köptaraplylygynyň siziň her biriňize galam aldyrjagyna ynanýarys.

“Üstünlik we üstünlik gazanmagyň ýollary” ady bilen geçirilen bäsleşigimize eser hödürlän awtorlaryň köpüsi, üstünlik gazanmak üçin esasy şertleriň biri hökmünde, edýän işimizi söýmelidigimizi bize ýatlatdylar. Eýsem, söýgi bolmasa eser ýazmak mümkinmi näme?!

Bu bäsleşigi gurnamak üçin hem bizi höweslendiren güýç-işimize we döredijilige bolan söýgimiz. Şeýlelikde, “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň https://www.atavatan-turkmenistan.com/  saýty bu bäsleşikde jemgyýetiň arasyndaky “söýgi köprüsi” boljakdygy bizi buýsandyrýar.

Bäsleşigiň esasy maksady – döredijilige ukyby bolan ýaşlary höweslendirmek, olaryň zehinlerini hem-de başarnyklaryny açyp görkezmekden, jemgyýetiň sanly ulgam bilen aragatnaşygyny işjeňleşdirmekden, ony peýdaly ugra gönükdirmekden ybaratdyr.

Bäsleşige gatnaşyjylar “Söýgi – durmuşyň özeni” diýen köptaraply tema boýunça eserlerini (makalalaryny, oýlanmalaryny, hekaýalaryny, publisistik makalalaryny) hödürläp bilerler.

Bellik: Bäsleşige goşgy kabul edilmeýändigini ýatlatmak isleýäris.

Bäsleşigiň möhleti:

  • Bäsleşikde eserler 01.09.2020ý. senesinden kabul edilip başlanýar.
  • Hödürlenen çykyşlar 2020-nji ýylyň 15-nji sentýabryndan başlap, saýta ýerleşdiriler.
  • Bäsleşige ugradylýan eserler 2020-nji ýylyň 20-nji noýabryna çenli (sagat 18:00) kabul edilip, 2020-nji ýylyň 1-nji dekabryna çenli saýta ýerleşdiriler.
  • Bäsleşigiň ýeňijileri 2020-nji ýylyň 10-njy dekabrynda yglan ediler.
  • Ýeňijilere baýrak gowşurmagyň senesi goşmaça habar berler.

Bäsleşigiñ geçiş tertibi

  • Bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýänleriň iberen eserleri “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com   saýtynda çap ediler.
  • Siziň iberen eserleriňiz “Atavatan Turkmenistan” halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com saýtynyň döredijilik topary tarapyndan seredilip, diňe bäsleşigiň şertlerine laýyk gelýän işler saýtda ýerleşdiriler. Bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirenleriň eserleri websahypamyza ýerleşdirilenden soňra bäsleşige gatnaşmaga hukuk gazanýarlar.
  • Şonuň üçin gyzykly, çeper, öwredijilik häsiýetli hem-de okyjylar köpçüliginiň ünsüni çekjek eserleri ibermegiňiz has maksadalaýyk bolar diýip pikir edýäris.
  • Hödürlenjek eserler “Söýgi – durmuşyň özeni” mowzugyndan ýazylan bolmalydyr.
  • Bäsleşige hödürlenýän işler türkmen dilinde bolup, oňa isleg bildirýän islendik ýaşly raýatlar gatnaşyp biler. Dünýäniň dürli künjegindäki ildeşlerimiziň iberjek eserlerini okamakdan lezzet alarys.
  • Hödürlenjek eserler WORD görnüşinde atawataneserleri@gmail.com elektron salgysyna “Ata Watan Eserleri bäsleşigine hödürlenýär” belligi bilen iberilmeli. Awtorlar bäsleşige ýazan işlerine degişli suratlary hem iberip bilerler. Mysal üçin,awtor öz obasyna bolan söýgüsini beýan eden bolsa, şol oba degişli ajaýyp suratlary goşmagy göz öňüne tutulýar. Bellik: saýtyň talabyna laýyk gelýän suratlar ýerleşdiriler.  Habarlaşmak üçin : +993 62 88 02 63
  • Bäsleşige hödürlenen eseriň awtory özi baradaky maglumatlary (ady, familiýasy; öý salgysy, telefon belgisi, bar bolsaişleýän (okaýan) ýeri) takyk görkezmelidir. Eser boýunça jogapkärçilik awtora degişlidir. Awtor islese, özüniň fotosuratyny e-mail bilen iberip biler. (Bellik: awtor tarapyndan iberilen fotosurat talabalaýyk bolsa saýta ýerleşdiriler. Eger-de awtorlar suratlaryny öz maglumatynyň ýanynda ýerleşdirilmegini isleýän bolsa, onda fotosuratyny bize eser bilen bilelikde ibermegini haýyş edýäris. Awtoryň fotosuraty biziň Instagram we beýleki hasaplarymyzda hem eseri bilen bilelikde paýlaşylar).
  • Her awtor bäsleşige özi tarapyndan ýazylan 1 eser bilen gatnaşyp bilýär.
  • Awtoryň hödürlejek eseri 500 bilen 1000 söz aralygynda bolmalydyr. Bu çäklerden daşgary gelen eserler bäsleşige kabul edilmez. Şol sebäpli ýazan eserleriňizde söz çäklerine üns bermegiňizi haýyş edýäris.
  • Bäsleşigiň ýeňijilerine gymmatbahaly sowgatlar we pul baýraklar gowşurylar. Baýraklar Aşgabat şäherinde gowşurylar.
  • Hödürlenen eserler internet saýtymyzda okalan sany (70 %) hem-de “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalymyzyň “Instagram” jemgyýetçilik torundaky (@atavatanturkmen) “halanan” sany (30 %) boýunça ýeňijiler kesgitlener. Netijäni kesgitlemegiň şertleri barada anyk maglumatlar aşakda berilýär.
  • Bäsleşikde “okalan sanynyň “ýasama” artdyrylmagynyň” öňüni almak üçin “Google Analytic” mümkinçiliklerinden peýdalanylýar. Haýsy-da bolsa bir eser üçin adatdan daşgary, ýagny ýasama okama sany boýunça synanşygyň ýüze çykarylan ýagdaýynda, ol eser hiç hilli duýduryş berilmezden bäsleşikden çetleşdiriler.

Ýeňijini kesgitlemegiň şerti

Ýaryşa hödürlenen eserlerden ýeňiji kesgitlenende saýtymyzdaky şol eseriň “okalan” sany 70 göterim täsir edýän bolsa, “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň resmi Instagram sahypasyndaky şol eseriň “halanan” sany 30 göterim täsir edýär.

Eger “okalan sany” boýunça saýtda görünýän “okalan sany” bilen “Google Analytic” maglumatlary boýunça “okalan sany” deň gelmese, onda “Google Analytic” maglumatlary kabul ediler.

Saýtdan “okalan sany”

Saýtdan okalan sanynyň ortaça hasaplananda 10.000 gezek okalanda 100 bal bolýar. Ýagny her 100 gezek okalan sany 1 bala deň gelýär.  Mysal üçin saýtymyzda bir eser 4500 gezek okalan bolsa, 4500/100=45 bal alar.

Instragram hasabyndan “halanan sany”

Instagram hasabymyzdan şol eseriň 1000 gezek “halanan sany” 100 bala deň gelýär. Ýagny, her 10 gezek “halanan” 1 bala deň gelýär. Mysal üçin, Instagram hasabymyzda bir eser 600 gezek halanan bolsa, 600/10=60  bal alar.

Mysallara ýüzleneliň:

A  belgili  eser saýtymyzdan  55 bal alan bolsa (ýagny 5500 gezek okalan bolsa) we  Instagram hasabymyzdan 45 bal alan bolsa (ýagny Instagram hasabymyzda 450 gezek “halanan”  bolsa), onda bu eseriň jemi baly şeýle kesgitlenilýär.

=(55*70/100)+(45*30/100)=38.5+13.5=52 bal

B  belgili  eser saýtymyzdan  45 bal alan bolsa (ýagny 4500 gezek okalan bolsa) we Instagram hasabymyzdan 53 bal alan bolsa (ýagny Instagram hasabymyzda 530 gezek “halanan”  bolsa) onda bu eseriň jemi baly şeýle kesgitlenilýär.

=(45*70/100)+(53*30/100)=31.5+15.9=47.4 bal

C  belgili  eser saýtymyzdan  48 bal alan bolsa (ýagny 4800 okalan bolsa) we  Instagram hasabymyzdan 67 bal alan bolsa (ýagny Instagram hasabymyzda 670 gezek “halanan”  bolsa) onda bu eseriň jemi baly şeýle kesgitlenilýär.

=(48*70/100)+(67*30/100)= 33.60+20.10=53.70 bal

Bu ýagdaýda,  C belgili eser 53.70 bal bilen 1-nji orny, A belgili eser 52 bal bilen ikinji orny we B belgili eser bolsa 47.4bal bilen 3-nji orny eýeleýär.

“Ata Watan Eserleri” bäsleşigine hödürlenen ähli eserleri okamak üçin şu ýere basyň!

Bäsleşik bilen baglanşykly habarlarymyzdan ýakynlaryňyz habardar bolmagyny we olaryň bäsleşige gatnaşyp ýeňiji bolmagyna goşant goşmak we döredijilik toparymyzyň kiçijek zähmetine Sizem öz goşandyňyzy goşmak isleseňiz bu habary öz IMO, Instagram, Linkedin, Facebook we Twitter hasabyňyzdan paýlaşyň we biziň aşakda berilen şeýle hasaplarymyza goşulyp “Like” (halamak)  we Teswirleriňizi goýuň!

Ýeňijilere baýraklar:

“Ata Watan Eserleri” bäsleşiginiň bu tapgyrynda  bu bäsleşik Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli geçirilýändigi sebäpli jemi 25 baýrak ýeňijilerine garaşýar. Pul baýraklarynyň jemi möçberi 25.000,00 manata barabar.

Esasy Baýraklar

Baş baýrak:  Samsung Galaxy Watch 46 mm akylly sagat

Ikinji orun : Red Me Note 8 telefon

Üçünji orun : 2.500,00 Manat

Beýleki baýraklary

4-nji orun: 2250,00 manat

5-nji orun : 2000,00 manat

6-nji orun : RedMe 7 A

7-nji orun : 1900,00 manat

8-nji orun : 1800,00 manat

9-nji orun : 1700,00 manat

10-njy orun : 1600,00 manat

11-nji orun :1500,00 manat

12-nji orun :1400,00 manat

13-nji orun Mikrotolkunly peç

14-nji orun : 1300,00 manat

15-nji orun:1200,00 manat

16-nji orun :1100,00 manat

17-nji orun :1000,00 manat

18-nji orun : 900,00 manat

19-nji orun :800,00 manat

20-nji orun : 700,00 manat

21-nji orun: Kabelsiz gulaklyk (nauşnik)

22-nji orun: 600,00 manat

23-nji orun: 500,00 manat

24-nji orun  :Charger Powerbank (ýan güýç beriji)

25-nji orun: 250,00 manat

Höweslendiriji sowgatlar

Şeýle hem bäsleşige gatnaşyp, ilkinji 50 orny eýelän eserleriň awtoryna “Makul Hyzmat” Terjime Merkeziniň we “Atavatan Danışmanlık Yayıncılık, Tercüme, Turizm ve Bilişim Ltd Şti” türk kompaniýasynyň içinde 2021-nji ýylyň senenamasy, bellik kagyzy ýaly sowgatlar jemlenen ýan  torbasy sowgat berler.

Üstünlik hemraňyz bolsun!

Hormatly okyjylarymyz!

Saýtymyzda biri-birinden gyzykly we peýdaly habarlary özünde jemlenen ýörite sahypalar açyldy we ol sahypalardaky habarlardan habardar bolmak üçin degişli bölümiň ady gök bilen ýazylan ýere giriň!

Saýtymyzdaky ähli habarlary okamak üçin Habarlar sahypasy  Siziň hyzmatyňyzda.

Siz  öz gyzyklanýan ugruňyza görä degişli sahypanyň ady ýazylan gök ýere basmak bilen ýa-da degişli surata basmak bilen ol habarlary aňsatlyk bilen tapyp bilersiňiz!

umumy we syýasy habarlar,

ykdysadyýet ulgamyna degişli habarlar,

dünýäde bolup geçýän wakalar bilen baglanşykly habarlary,

täze açyşlar we tehnologiýa  degişli habarlary,

 

dünýäniň dürli künjegine syýahat bilen baglanşykly habarlary, 

 

populýar we gündelik durmuşa degişli habarlary, 

medeniýet ulgamyna degişli habarlary, 

sport baradaky täzelikleri we seljermeleri,

telekeçilik bilen meşgullanmak isleýänler üçin gyzykly täzelikleri we maglumatlary,

bilim ulgamyna degişli habarlary 

Hormatly okyjylarymyz “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň  www.atavatan-turkmenistan.com saýtynda şeýle hem başgaça birnäçe sahypa hereket edýär. Siz bu sahypalaryňyz üsti bilen Türkmenistan we dünýäde bolup geçýän wakalar baradaky gyzykly we peýdaly habarlary we maglumatlary okap bilersiňiz!

Saglyk we COVID19 baradaky habarlar

Ýyldyzlar näme diýýän okyjylarymyz üçin Täleýnama sahypasy

Durmuşda peýda berjek Peýdaly maslahatlary özünde jemleýän ýörite sahypamyz

 

Hünärmenleriň degişli ulgamlara degişli teswirleri özünde jemleýän Teswirler sahypasy

 

Sungat ussatlary bilen geçirilen Söhbetdeşlikleri okap boljak ýörite sahypamyz

Okyjylarymyz tarapyndan iberilen habar we makalalaryň neşir edilýän sahypasy-Interaktiw sahypa -Sizden Gelenler sahypasy

 

Resmi  hasaplarymyz:

Bu hasaplarymyza girmek üçin hasaplaryň ady ýazylan gök ýere basyň ýa-da hasaplara degişli suratlara basyň!

Linkedin hasabymyz

Facebook Hasabymyz

 

Instagram hasabymyz

Twitter hasabymyz

Habarlarymyzy IMO hasabyndan okamak üçin +993 65 80 24 70 belgili telefondan goşulyň

 

IŇ TÄZE HABARLAR

Hususy kärhana:bellige almak uçin gerekli resminamalar

Ýurdumyzda ýeke esaslandyryjyly kärhana-hususy kärhana açmak isleýänler üçin saýtymyza bu kärhanany bellige almak üçin gerekli resminamalaryň sanawyny ýerleşdirýäris. Bellenen nusgada arza (bellige almak üçin) ...

Güýz bilen söhbet…(Şahyrana oýlanma)

Gurbannazar Ezizow:                                                              Birden gök asmana dikildi gözüm.   Ah, ol görnüş! Gözüm nämeler görýär.                                                                    Gül düzüň üstünden düzümde-düzüm,                                                                    Göwnüňi göterip, durnalar barýar...   Durnalar barýar. Misli günlere...

“Täç hil”: Täze önümlerimiz bilen halkyň hyzmatynda bolarys

Paýtagtymyz Aşgabatda geçirilen Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleri sergisine gatnaşýan “Täç Hil” hususy kärhanasynyň hünärmeni Haknazar bilen söhbetdeş bolduk. Ol türkmen bazarynda özleriniň alyp barýan işleri...

Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi

Şu gün paýtagtymyz Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynyň sergiler zalynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 29 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň üstünlikleriniň sergisi geçirilýär. 2 gün dowam edýän sergide...
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -

KÖP OKALÝAN

At çapyşyklary we harby ýöriş

Sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Garaşsyzlyk baýramynyň şanly 29 ýyllygy mynasybetli geçiriljek dabaralar barada hem hasabatlar berildi. Şol hasabatlardan görnüşi ýaly, 28-nji sentýabrda...

Nesip etse äriňdirin….

Sytdyk başlygyny görende ýaýaplap, ýalym-ýulum edip, şonuň göwnünden turjak sözi tapjak bolup oda-köze düşerdi. Wezipesi özünden pesleri, eli ýukany görende welin özüni şir-peleň däldirin...

«Rysgal» bankyň «Internet bank» hyzmatyndan peýdalanyjylaryň sany 1800 adamdan geçdi

«Häzir Türkmenistanyň «Rysgal» paýdarlar täjirçilik banky tarapyndan hödürlenilýän «Internet bank» hyzmatyndan müşderileriň 1800-den gowragy peýdalanýar — diýip, «Rysgal» gazeti habar berýär. Neşirde hem beýan edilişi...

Türkmen milli şaý-sepleri

Türkmen zergärçilik sungatynda aýal-gyzlaryň şaý-sepleri esasy orny eýeleýär. Türkmen aýal-gyzlarynyň şaý-sepleri özüniň gözbaşyny örän gadymy döwürlerden alyp gaýdýar. Türkmen ussalary beýleki halklaryňka meňzemeýän ajaýyp...