ATAWATAN ESERLERİJEMGYÝET

Ýeňijilere baýraklary gowşurylýar

Ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygyna bagyşlanyp, “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň  www.atavatan-turkmenistan.com saýty tarapyndan gurnalan nobatdaky “Ata Watan Eserleri” bäsleşigi jemlendi.

www.sanlyhyzmat.com  we www.makulsozluk.com saýtlarynyň hem-de “Makul Hyzmat” Terjime Merkeziniň hemaýat bermeginde geçirilen “Sanly ulgamy” mowzukly döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileri belli boldy.

Ýeňiji bolan awtorlarymyza pul baýraklary 2021-nji ýylyň 4-nji oktýabryndan berlip başlanar. 

Munuň üçin awtorlarymyz +99362880263 telefon belgisine jaň edip, “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň  www.atavatan-turkmenistan.com saýty Aşgabat şäheriniň Ankara köçesiniň 25-nji jaýy, A blok 403 (Aýtakow-Ýubileýni) salgysyna gelmelidirler.

Awtorlarymyzdan +99362880263 telefon belgisine sagat 09:00-18:00 aralygynda jaň etmegini haýyş edýaris.

“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň döredijilik topary awtorlarymyza jaň edenlerinde pul baýragyny almagyň tertibini düşündirerler.

“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň  www.atavatan-turkmenistan.com saýty tarapyndan gurnalan nobatdaky “Ata Watan Eserleri” bäsleşigine işjeň gatnaşyp, baýrakly orunlary eýelän awtorlarymyza üstünlikler arzuw edýäris!

“Ata Watan Eserleri”: ÝEŇIJILER BELLI BOLDY

Çagalar üçin sözlük rus dilinde: “Makul Sözlük”

Ýene-de okaň

Wladimir Putin Türkmenistanyň Prezidentini Nowruz baýramy bilen gutlady

«Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: çagalaryň gözýetimi, dünýägaraýşy» atly bäsleşigi yglan edildi

BMG-niň Baş Assambleýasy “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” atly kararnamany biragyzdan kabul etdi

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy

1-nji synp okuwçylaryna 142 müň 698 sany kompýuteri sowgat bermek meýilleşdirilýär

ABŞ-nyň wekiliýeti Türkmenistanda geçiriljek BMG-niň maslahatyna gatnaşar