TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
ATAWATAN ESERLERİJEMGYÝET

“Ata Watan Eserleri”: 53 eser bäsleşýär

Emeli aň, startup, bulut tehnologiýasy we umuman alanyňda sanly ulgam bilen baglanyşykly iň gowy eserleriň bir ýere jemlenen “Ata Watan Eserleri” bäsleşigi üçin eserleri hödürlemek işi tamamlandy. Bäsleşigimizde 30 sany iň gowy esere pul baýragy berler.

Bäsleşik bilen baglanşykly hödürlenen eserleri okamak üçin şu habaryň aşagynda berilýän linklere basyp bilersiňiz!

Bilşiňiz ýaly, “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň  www.atavatan-turkmenistan.com saýty däbe öwrülen “Ata Watan Eserleri” bäsleşigini mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygyna gabatlap geçirýär.

www.sanlyhyzmat.com  we www.makulsozluk.com saýtlarynyň hemaýat bermeginde geçirilýän bäsleşigiň jemleri 25-nji sentýabrda jemlener we bäsleşigiň ýeňijileri mälim ediler.

Şoňa çenli bäsleşikde ýeňijileriň hataryna goşulmak üçin eserleriň awtorlary öz eserlerini has köp okyjylar köpçüligine ýetirmek üçin mümkinçilige eýedir.

Ozal hem bälläp geçişimiz ýaly, bäsleşigimiziň şertlerine laýyklykda:

  • Hödürlenen eserler emin agzalarynyň 50 göterim, atavatan-turkmenistan.com internet saýtymyzda okalan sany (20 göterim) www.sanlyhyzmat.com okalan sany (20 göterim)  hem-de “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalymyzyň “Instagram” jemgyýetçilik torundaky (@atavatanturkmen) “halanan” sany (10 göterim) boýunça ýeňijiler kesgitlener.
  • Bäsleşikde “okalan sanynyň “ýasama” artdyrylmagynyň” öňüni almak üçin “Google Analytic” mümkinçiliklerinden peýdalanylýar.
  • Bäsleşigiň ýeňijilerini kesgitlemegiň usulyna laýyklykda, “Google Analytic” maglumatlaryny esasynda “okama” sanynyň şol maglumatlardaky şol eser üçin saýtda geçirilen ortaça wagta köpeltmegiň jemi hasaba alnar. Ýagny, bir eser okamak üçin saýtda ortalaça geçirilmeli wagt 120-150 sekunta barabar bolar. Başgaça aýdanymyzda şol eseriň linkine girip çykmak, ýeňiji bolmak üçin ýeterlik däl. Bir eser üçin, saýtda geçirilen ortaça wagt 25 sekuntdan az bolsa, onda, şol eser ýaryşdan çetleşdirilýär.

Ýeňijilere haýsy baýraklar garaşýar!

Bäsleşik Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilýändigi sebäpli 30 sany baýrak bar!

Birinji orun : 3000 Manat

Ikinji orun : 2500 Manat

Üçünji orun 2000 Manat

Dördünji orun 1500 Manat

Bäşinji orun : 1000 Manat

6-30-nji orunlaryň her birine 300 Manat

 

SANLY YKDYSADYÝETDE “BULUT” TEHNOLOGIÝASYNDAN PEÝDALANMAGYÑ ÄHMIÝETI 

 

 

SANLY ULGAMYŇ ÄHMIÝETI

 

SANLY ULGAMYŇ GEÇEN ÖMRI – BU ZAMANYŇ SANLY DÖWRI

 

SANLY ULGAMYŇ MÜMKINÇILIKLERINDEN NÄDIP PEÝDALANMALY?

 

FOTOELEKTRIK GÜN STANSIÝASYNY TASLAMAGYŇ SANLY ÇÖZGÜDI

ÝEL ELEKTRIK STANSIÝASYNY TASLAMAGYŇ SANLY ULGAMY

MUGALLYMYŇ SANLY BILIM GURŞAWY

ELEKTRIK ENERGIÝASYNY SARP EDIJILERIŇ BIR PENJIRE ULGAMY

SANLY EÝÝAMDA KIBERHOWPSUZLYK: INTERNETDÄKI HOWPLAR WE OLARDAN GORANMAGYŇ ÝOLLARY

SANLY YKDYSADYÝETDE  KIBERHOWPSUZLYGYNY PEÝDALANMAGYŇ MÖHÜM ŞERTLERI

SANLY ULGAMA GEÇIŞ DÖWRÜNDE TÄZE HÜNÄRLER

SANLYLAŞDYRMA: ONUŇ ÄHMIÝETI WE ESASY UGURLARY

 

 

 

 

GELJEGIŇ ÖSÜŞI-SANLY ULGAMDA

 

 

 

 

 

 

“Sanly ykdysadyýetde maglumat howpsuzlygyny  üpjün etmekligiň ýollary”

Ýene-de okaň

Özbegistan ýük daşamagy ýönekeýleşdirmek meselesinde Türkmenistan we Eýran bilen ylalaşýar

Ata Watan Eserleri

Awaza forumy: deňze çykalgasy bolmadyk döwletlere maýa goýumlary gönükdirmek möhümdir

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň başlangyjy bilen gol çekilen Aşgabat ylalaşygynyň gerimi giňeýär

Ata Watan Eserleri