Ýel elektrik stansiýasyny taslamagyň sanly ulgamy

Türkmenistanyň howa we geografik şertleri ýurdumyzda energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerini döwrebap peýdalanmaga mümkinçilik berýär. Türkmenistanyň ykdysady pudaklarynda energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerinden peýdalanmak, innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak, energiýa tygşytlaýjy enjamlaryň häzirki zaman görnüşlerini durmuş ulgamynda peýdalanmak boýunça düýpli işleri geçirmek maksady bilen, tebigy baýlyklardan netijeli peýdalanmak, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerinden peýdalanmak we daşky gurşawy goramak boýunça geçirilýän düýpli işler bilen bir hatarda Türkmenistanyň Prezidentiniň 2018-nji ýylyň 21-nji fewralynda 674-nji Karary bilen “Energiýany tygşytlamagyň 2018–2024-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy” tassyklanylyp,  onda ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasynda: “2018-2021-nji ýyllar aralygynda Türkmenistanyň çäginde gün, ýel energetiki gurluşlary ornaşdyrmagyň ýerlerini saýlap almak boýunça teklipleri we gün hem-de ýel kadastryny işläp taýýarlamak, gün we ýel energetiki gorlara baha bermek”  işleri hasaba alnan. Türkmenistanyň Prezidentiniň 2019-njy ýylyň 12-nji aprelinde 1207-nji Karary bilen “Altyn asyr” Türkmen kölüniň sebitini 2019–2025-nji ýyllarda özleşdirmegiň konsepsiýasy kabul edildi. Konsepsiýanyň birinji tapgyrynda daşky gurşawy goramak we ekologiýa taýdan “ýaşyl” tehnologiýalary ýurdumyzda ornaşdyrmak maksady bilen “Kuwwatlylygy 10 MWt bolan gün we ýel utgaşdyrylan elektrik stansiýasyny” gurmak meýilleşdirilýär, şeýle-de durnukly ösüşiň we Klimatyň üýtgemegi baradaky Pariž ylalaşygynyň maksatlaryna ýetmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidentiniň 2020-nji ýylyň 4-nji dekabrynda çykaran 2007-nji karary bilen tassyklanan “Türkmenistanda 2030-njy ýyla çenli gaýtadan dikeldilýän energetikany ösdürmek boýunça Milli strategiýany” amala aşyrmakda ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasynda: “Senagat gün we ýel elektrik stansiýalaryny ýerleşdirmäge mümkinçiliginiň bolan ýerleri we meýdanlary baradaky teklipleri öwrenmek we taýýarlamak” meýilleşdirilýändigini hasaba alsak, bu işi ýerine ýetirmekligiň wajyp mesele bolup durýandygyna göz ýetirmek bolýar.

Bu öňde goýlan wezipeleriň hil taýdan ygtybarlylygyny üpjün etmek maksady bilen ýörite taslama işleri  alyp barýan institutlarda hem-de ylmy-barlag merkezlerinde  ýel elektrik stansiýasyny taslamagy çaltlandyrmak hem-de onuň ygtybarlylygyny üpjün etmek jogapkärli mesele bolmagynda galýar. Bu jähtden ugur alyp “Ýel elektrik stansiýasyny taslamagyň sanly ulgamy” atly programma üpjünçiligi işlenilip taýýarlanyldy. Teklip edilýän programma üpjünçiligi dolulygyna C sharp (C#) programmalaşdyryjy dilinde işlenip taýýarlanyldy. Bu programma üpjünçiliginiň interfeýsi türkmen we rus dillerinde bolup, ol islendik Windows operasion ulgamynda işlemek üçin niýetlenendir.

Işlenip taýýarlanylan bu programma üpjünçiliginde  ýel elektrik stansiýalary taslamak bilen bagly taslama işlerini ýeňil  we ygtybarly usulda amala aşyrmak, sebitdäki ýel energiýa gorlaryny kesgitlemek üçin hasaplamalary ýerine ýetirmek we ýerine ýetirilen hasaplamalary öz maglumatlar binýadynda saklamak mümkünçilikleri göz öňünde tutulandyr.

Bu programma üpjünçiliginiň işe girizilmegi bilen esasy penjirä girip, aşakdaky amallary ýerine ýetirmek üçin indiki bölümler arkaly başlanylýar:

  • Maglumatlar binýady bölümi.

Bu bölüminde hasaplamalarda ulanyljak ýel elektrik stansiýalaryň tehniki görkezijileri,  dürli sebitlerde ýyllar boýunça ýelleriň ortaça hem-de sagatlar boýunça tizlikleri, olaryň öwüsýän ugurlary baradaky maglumatlary özünde jemleýär. Maglumatlar bazasyndaky ýel elektrik stansiýalarynyň tehniki görkezijilerini dünýä tejribesiniň soňky gazanan üstünlikleri bilen bazanyň maglumatlaryna täze görkezijileri girizmek hem-de ulanyşdan galan maglumatlary maglumatlar bazasyndan öçürmek we sebitler boýunça ýeller baradaky maglumatlary maglumatlar bazasyna girizmek  mümkinçiligi göz öňünde tutulandyr. Şeýle hem maglumatlar bazasyna sebitleriň ýelleriň tizlikleri baradaky maglumatlary girizmek hem-de “xls” görnüşli faýllardan bu maglumatlary gysga wagta maglumatlar bazasyna ýükläp almak, maglumatlar bazasynda bar bolan maglumatlara düzediş girizmek mümkinçiligi bolup, bu ýüklenilen maglumatlary hasaplama hem-de seljerme işlerini geçirmekde giňden peýdalanmak bolýar.

  • Hasaplama bölümi.

Hasaplama bölümi öz içine  birnäçe bölümçeleri öz içini alýar:

  1. Ýel elektrik stansiýasynyň öndürijiligi bölüminde saýlanan sebit boýunça ýel elektrik stansiýasyny bir sagatdaky, bir günüň dowamyndaky, bir aýdaky öndürip biljek elektrik energiýasyny kesgitlemäge, şeýle hem elektrik energiýasynyň öndürijiliginiň deňeşdirme grafigini gurmaklyklyga mümkinçilik berýär (1-nji surat). Ýerine ýetirilen hasaplamalary maglumatlar binýadynda saklamak hem bolýar.

1-nji surat. Saýlanylyp alnan sebit üçin ýel elektrik stansiýasynyň öndürijiligini kesgitlemek penjiresi

  1. Ýükler boýunça hasaplamak bölüminde islendik bir obýekti özbaşdak ýel elektrik stansiýasynyň hasabyna elektrik energiýasy bilen üpjün etmek boýunça hasaplamalar ýerine ýetirilýär. Bu bölümde hasaplamalary ýerine ýetirmek üçin taslamanyň amala aşyryljak ýerindäki özbaşdak energiýa üpjünçiligindäki elektrik energiýasyny sarp ediji enjamlaryň kuwwaty, bir gije-gündiziň dowamyndaky ulanylyş wagty we mukdary girizilende programma üpjünçiligi bir gije-gündiziň dowamyndaky sarp ediljek elektrik energiýasynyň mukdaryny kesgitleýär (2-nji surat).

2-nji surat. Elektrik energiýasyny sarp edijiler esasynda ýel elektrik stansiýasynyň öndürijiligini kesgitlemek penjiresi

Bu bolsa taslama işinde saýlanylyp alnan sebit üçin sarp edijiligi üpjün etmek üçin ýel elektrik stansiýasynyň gerekli mukdaryny hem-de olaryň öndürijiligini kesgitlemäge mümkinçilik berýär. Netijede, ýerine ýetirilen hasaplamalar maglumatlar binýadynda ýatda saklamak mümkinçiligi hem göz öňünde tutulandyr.

  1. Ýel elektrik stansiýasynyň sagatlar boýunça öndürijiligi bölümde maglumatlar binýadynda bar bolan sebitler üçin ýel elektrik stansiýasynyň ýyllaryň dowamyndaky elektrik energiýasynyň öndürijiligini sagatlar boýunça seljermek bolýar.
  2. Ýerine ýetirilen hasaplamalar we ýükler  boýunça ýerine ýetirilen hasaplamalar bölümlerinde hem ýel elektrik stansiýanyň öndürijiligi bölüminde hem-de elektrik energiýasyny sarp ediji enjamlar boýunça hasaplama işleriniň netijeleri esasynda ýerine ýetirilen maglumatlar binýadynda ýatda saklanan hasaplamalary görmek, olary çapa bermek, pdf, doc, xls görnüşdäki faýllarda maglumat göterijilere eksport etmek, ýerine ýetirilen hasaplamalary maglumatlar binýadyndan öçürmek hem göz öňünde tutulan (3-nji, 4-nji  suratlar).

 

3-nji surat. Elektrik energiýasyny sarp edijiler esasynda ýetirilen hasaplamalar penjiresi

4-nji surat. Ýerine ýetirilen hasaplamany çapa bermek penjiresi

 

  • Sebitleri saýlamak bölümi.

Programma üpjünçiliginiň bu bölüminde maglumatlar binýadyna girizilen sebitleriň ýel energiýa gorlaryna baha bermek, ýel elektrik stansiýany gurmak amatly bolan ýerlere seljerme bermek we iň oňyn sebitleri saýlap almak bolýar.

  • Dürli beýikliklerde ýelleriň tizlikleri;

Bilşimiz ýaly ýelleriň tizlikleri dürli beýikliklerde dürli görkezijilere eýedir. Programma üpjünçiliginiň bu bölüminde maglumatlar binýadynda bar bolan sebitler boýunça ýelleriň tizliklerini dürli beýiklerde  kesgitlemäge mümkinçilik berýär.

  • Ýelleriň öwüsýän ugurlary.

Ýel kadastrynyň möhüm görkezijileriniň biri hem ýelleriň öwüsýän ugrudyr. Bu bölümde maglumatlar binýadynda bar bolan sebitler boýunça ýelleriň öwüsýän ugurlaryny kesgitlemäge mümkünçilik berýär.

Netijede, işlenilip  taýýarlanylan bu programmanyň üsti bilen hasaplama we seljerme usullary teklip edilýär. Programma üpjünçiligine Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Intellektual eýeçilik boýunça döwlet gullugyndan №145 belgili şahadatnamasy berlip, resmi hasaba alyndy. Bu programmany ýel elektrik stansiýasynyň taslamasy işlenilip taýýarlanylanda giňden peýdalanyp boljakdygy geçirilen hasaplamalaryň üsti bilen düşündirilýär. “Altyn asyr” Türkmen kölüniň sebitini 2019–2025-nji ýyllarda özleşdirmegiň konsepsiýasynda” daşky gurşawy goramak we ekologiýa taýdan “ýaşyl” tehnologiýalary ýurdumyzda ornaşdyrmak maksady bilen “Kuwwatlylygy 10 MWt bolan gün we ýel utgaşdyrylan elektrik stansiýasynyň” taslamasy Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň “Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri ylmy-önümçilik” merkezi tarapyndan ýerine ýetirildi hem-de bu programma üpjünçiliginden giňden peýdalanyldy. Programma üpjünçiliginiň hasaplamalaryň netijesinde alnan maglumatlary sebitdäki ýel energiýa gorlaryna baha bermekde we ýel energetiki gurnawlaryň guruljak ýerlerini kesgitlemekde hem-de ýurdumyzyň ýel energiýa resurslarynyň maglumatlar binýadynyň sanly ulgamyny döretmekde peýdalanmak bolar.

 

Nurmuhammet Allanazarow Aganazarowiç,

Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň

“Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri” ylmy-önümçilik merkeziniň inženeri

 

“Internet Explorer” öz wezipesini tamamlaýar

 

Prefiksler we Suffiksler : Makul Sözlük hödürleýär!

 

 

 

ÝENE-DE OKAŇ

Adamlar üzümi iň datly miweleriň biri diýip hasaplaýar. Üzüm süýji we kuwwatlylygy ýokary bolan önümdir. Şonuň üçin adam bedenine oňyn täsirini ýetirýän miweleriň biri-de üzümdir. Üzüm dänesiniň adam bedenindäki dürli zyýanly maddalara garşylyk berijiligine örän baýdygy anyklanyldy. Onuň düzüminde fenol kislotasy, flawonoid ýaly köp sanly birleşmeler bardyr. Şu birleşmeleriň esasynda üzüm däneleri dürli çişmeleriň, okislenmäniň we dokumalaryň bozulmalarynyň öňüni almaga...
Hormatly okyjylarymyz! “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com internet saýty her gün täleýnamany dykgatyňyza ýetirýär. Siz hem öz ýyldyzyňyza görä täleýnamaňyz bilen gyzyklanýan bolsaňyz,  onda www.atavatan-turkmenistan.com internet saýtyndan daşlaşmaň.  Siz saýtymyzyň “Seniň Täleýnamaň” sahypasyna girip gündelik täleýnamalary okap bilersiňiz! Siz Täleýnamany has aňsat okamak üçin Google Plaý Marketden şu ýere basyp Applikasiýany ýükläp alyp, bildiriş sazlamalaryndan Täleýnamalar baradaky habar saýtymyza girilen dessine Siziň telefonyňyza bildiriş geler ýaly sazlaň! Mähriban okyjylar! Doglan senäňize...
Şu gün, ýagny 24-nji oktýabrda Özbegistan Respublikasynda iri syýasy-jemgyýetçilik çäre - prezident saýlawlary geçiriler. Özbegistan prezident saýlawlaryny ýokary guramaçylyk ýagdaýynda geçirmek üçin taýýar - diýip, ýurduň Merkezi saýlaw toparynyň başlygy Zaýniddin Nizamhojaýew habar berdi. Soňky maglumatlara görä, saýlawçylaryň ýeke-täk elektron sanawyna 19 million 859 müň 127 adam goşuldy. Saýlaw uçastoklaryň saýlawçylaryň ses bermegini guramaçylykly geçirmek üçin zerur bolan sanitar-epidemiologik we jemgyýetçilik howpsuzlyk...
Hormatly Prezidentimiziň ak pata bermeginde ýurdumyzda ýene-de bir iri energetika taslamasy ulanmaga berildi. Milli Liderimiziň gatnaşmagynda halkalaýyn energoulgamy döretmek boýunça taslamanyň birinji tapgyry bolan Ahal — Balkan ýokary woltly täze asma elektrik geçirijisi ulanylmaga tabşyryldy. "Watan" habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, hormatly Prezidentimiz dabarada eden çykyşynda ýurdumyzda halkalaýyn energoulgamyny döretmegiň birinji tapgyry bolan Ahal-Balkan taze elektrik geçiriji ulgamyny dabaraly ýagdaýda...
Şu günlerdäki ýaly, howanyň üýtgeýän sepgit döwründe käbir adamlarda allergiýa ýagdaýlary ýüze çykýar. Bu ýagdaý iýmit önümleri, derman we himiki serişdeler, mör-möjekler, tozan hem-de gülleriň tozanjyklary sebäpli döreýär. Bu barada "Türkmenistan" gazetinde makala çap edilipdir. Allergiýanyň dowamlylygy birnäçe minutdan birnäçe güne çenli dowam edýär. Esasy alamatlary gözüň ýaşarmagy, bedene örgüniň örmegi, asgyrma, burundan suw akmagy ýaly ýagdaýlardyr. Bedende allergiýa döränden...
18,713FansLike
19,500FollowersFollow
889FollowersFollow
417SubscribersSubscribe

Iň täze habarlar