Elektrik energiýasyny sarp edijileriň bir penjire ulgamy

Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli ýolbaşçylygynda ykdysadyýeti diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge hem-de döwrebaplaşadyrmaga we sanly ulgama geçmäge gönükdirilen giň gerimli özgertmeler amala aşyrylýar. Sanlylaşdyrmak işi ykdysadyýetiň ähli ulgamlaryna günsaýyn ornaşyp, olaryň arasyndaky çäkleri aýyrýar. “Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň” düzgünleriniň yzygiderli ýerine ýetirilmegi ýurdumyzyň mundan beýläk-de ösmegine, işewürlik we maýa goýum işjeňligine, dolandyrmagyň öňdebaryjy usullaryny ornaşdyrmaga ýardam edýär.
Sanly ykdysadyýetiň özi ykdysady we durmuş çäreleriniň ählumumy ulgamy bolmak bilen, internetiň mümkinçiliklerine daýanýan ykdysady nusgany emele getirýär. Bu ýerde, esasan zähmet öndürijiliginiň artmagy, önümçilik harajatlarynyň peselmegi we bäsleşige ukyplylygynyň ýokarlanmagy ýaly mümkinçilikler göz öňünde tutulýar. Sanly ykdysadyýetiň ösýän şertlerinde sarp edijileriň islegleri has çalt we ýokary hil derejesinde kanagatlandyrylýar. Sanly ykdysadyýetiň üstünlikli hereket etmegi üçin, esasan, üpjünçilik ulgamy (internetiň elýeterliligi, programma üpjünçiligi, telearagatnaşyk), elektron işewürligi (hojalyk işini kompýuter torlary arkaly dolandyrmak) we elektron söwda (harytlaryň, hyzmatlaryň internet arkaly ýerlenmegi) ýaly üç ugruň berjaý edilmegi zerur bolup durýar.
Şeýlelik-de, öňden belli bolan adaty hyzmatlary häzirki zaman döwrebap görnüşine geçirmek – maglumatlar, intellektual tehnologiýalar we sanlylaşdyrylan ulgamlary ösdürmek durmuş ykdysady taýdan möhüm ähmiýete eýe bolýar. Ýöne sanlylaşdyrmak (digitalization) – bu, ozaly bilen, täze hyzmatlaryň (önümleriň) sanlylaşdyrylan görnüşde döredilmegidir. Diýmek, sanlylaşdyrmagyň esasy tapawudy täze funksional we sarp edijilik häsiýetnamalry bolan innowasion hyzmatlaryň (önümleriň) döredilmegindedir. Sanlylaşdyrmak düýpli ösüş we bäsleşik babatda täze artykmaçlyklary gazanmaga mümkinçilik berýär. Ol dürli görnüşli hyzmatlary hödürlemegiň çäklerinde raýatlar bilen bilelikde hereket etmek meselesinde döwlete adatdakydan has-da çalt, amatly we açyk ýardam berýär.
Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe energetika pudagyna elektroenergiýanyň sarp edilişine gözegçilik edýän we hasaba alýan awtomatlaşdyrylan ulgamyň işe girizilmegi örän wajypdyr. Sebäbi bu awtomatlaşdyrylan ulgam elektroenergiýanyň paýlanyşyndaky we sarp edilişindäki ýitgileri azaltmaga mümkinçilik berýär. Bu teklip edilýän elektrik energiýasyny sarp edijileriň bir penjire ulgamynyň esasy wezipeleri:
– Sarp edilen elektrik energiýa barada hasabatlary ýa-da elektrik energiýanyň öndürilen möçberi (kuwwaty) barada maglumatlary taýýarlamak üçin ýygnalan maglumatlary işlemek;
– Elektrik energiýanyň sarp edilişi( öndürilişi) boýunça seljerme geçirmek we çaklamalary işläp düzmek;
– Nyrh görkezijileri boýunça seljermeleri ýerine ýetirmek;
– Elektrik energiýa üpjünçilik ulgamynda disbalans ýagdaýyny operatiw anyklamak.
Häzirki wagtda bu ulgamlaryň dürli görnüşleri bar:
Bu awtomatlaşdyrylan ulgamyň örän köp görnüşleri bar, ýöne maglumatlary geçirmek prinsiplerine esaslanyp olary 3 görnüşe bölmek bolar:
1. Elektrik energiýanyň sarp edilişini hasaba alyjy enjamlary ( счетчики) özara baglaşdyrýan goşmaça iki liniýalaryň üsti bilen maglumatlary geçirmek;
2. Elektrik energiýanyň sarp edilişini hasaba alyjy enjamlaryň içinde oturdylan radiomodemleriň üsti bilen maglumatlary geçirmek ( uzakda we barmasy kyn bolan etraplar üçin);
3. Içki PLC modemleriň kömegi bilen ýokary naprýaženiýaly ýa-da güýç liniýalarynyň üsti bilen maglumatlary geçirmek.
Bu awtomatlaşdyrylan ulgamlaryň görnüşleriniň artykmaçlyklaryň hem-de kemçilikleriniň seljermesi üçünji görnüşdäki ulgamyň ulanylmagynyň tehniki-ykdysady taýdan amatlydygyny görkezýär.
PLC modemleriň esasynda gurnalan awtomatlaşdyrylan ulgamyň enjamlarynyň düzümi:
1. Elektrk energiýanyň sarp edilişini hasaba alyjy enjamlar ( счетчики);
2. Konsentratorlar;
Konsentratorlar aşakdakylary üpjün edýär:
– Abonentleriň energiýany sarp edişi baradaky maglumatlary ýygnamak, işlemek we saklamak;
– Elektroenergiýanyň sarp edilişini hasaba alyjy enjamlara ( счетчики) her birine aýratynlykda we toparlaýyn buýruklary geçirmek;
– Köp tarifli elektroenergiýanyň sarp edilişini hasaba alyjy enjamlaryň ( счетчики) içinde ýerleşdirilen sagatlary sihronizasiýasyny üpjün etmek;
– Hyzmat edilýän çägini giňeltmek üçin maglumatlaryň translýasiýasyny amala aşyrmak;
– Ulgamyň awariýa-tehniki ýagdaýy baradaky signallary döretmek;
– Dispetçer punktyna maglumatlary geçirmek üçin GSM we radiomodemleriň we ethernet torunyň adapterleriniň birikdirilişini amala aşyrmak.
3. Kommutasion enjamlar.
– awtomatlaşdyrylan ulgamda GSM şlýuz hyzmat edilýän çäklerde dürli ýerlerde ýerleşen konsentratorlardan maglumatlary energohasaba alyş dispetçer punktyndaky dispetçeriň personal kompýuterine GSM modemiň üsti bilen geçirmek üçin ulanylýar.
4. Programma üpjünçiligi.
Hyzmat edilýän çäklerde dürli ýerlerde ýerleşen konsentratorlardan aralykdan maglumatlary almak;
– Elektrik energiýanyň sarp edilişini hasaba alyjy enjamlary ( счетчики) dolandyrmak üçin konsentratorlaryň her birine aýratynlykda we toparlaýyn buýruklary geçirmek;
– Sarp edijilere hasaplaşyk kagyzlary berlende we balansy kesgitlemekde maglumat çeşmesi hökmünde ulanmak.
Dünýäde öňdebaryjy haýsy kompaniýanyň awtomatlaşdyrylan ulgamyny saýlap almak bäsleşik esasynda amala aşyrmak we her bir kesgitlenen hyzmat edilýän çäkler üçin taslamalary işläp düzmek gerekdir.
Teklip edilýän ulgamyň esasy penjiresi 1-nji suratda görkezilendir. Bu ulgamda elektrik energiýasyny sarp edijileriň penjiresi (2-nji surat) we admin- operatoryň penjiresi (3-nji surat) elektrik energiýasyny sarp ediler baradaky maglumatlary doly sanlylaşdyrmaga mümkinçilik berýär.

1-nji surat.

2-nji surat.

3-nji surat.

EDEBIÝAT
1. Türkmenistanyň Prezidentiniň 2019-njy ýylyň 30-njy noýabryndaky №984 Karary bilen tassyklanan “Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy”.
2. Türkmenistanyň Prezidentiniň 2017-nji ýylyň 15-nji sentýabryndaky №340 Karary bilen tassyklanan “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy”

Batyr Hançaýew,

Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň hünärmeni

 

 

9 ýylda 90 göterimi elektrikli bolar

 

 

ÝENE-DE OKAŇ

Adamlar üzümi iň datly miweleriň biri diýip hasaplaýar. Üzüm süýji we kuwwatlylygy ýokary bolan önümdir. Şonuň üçin adam bedenine oňyn täsirini ýetirýän miweleriň biri-de üzümdir. Üzüm dänesiniň adam bedenindäki dürli zyýanly maddalara garşylyk berijiligine örän baýdygy anyklanyldy. Onuň düzüminde fenol kislotasy, flawonoid ýaly köp sanly birleşmeler bardyr. Şu birleşmeleriň esasynda üzüm däneleri dürli çişmeleriň, okislenmäniň we dokumalaryň bozulmalarynyň öňüni almaga...
Hormatly okyjylarymyz! “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com internet saýty her gün täleýnamany dykgatyňyza ýetirýär. Siz hem öz ýyldyzyňyza görä täleýnamaňyz bilen gyzyklanýan bolsaňyz,  onda www.atavatan-turkmenistan.com internet saýtyndan daşlaşmaň.  Siz saýtymyzyň “Seniň Täleýnamaň” sahypasyna girip gündelik täleýnamalary okap bilersiňiz! Siz Täleýnamany has aňsat okamak üçin Google Plaý Marketden şu ýere basyp Applikasiýany ýükläp alyp, bildiriş sazlamalaryndan Täleýnamalar baradaky habar saýtymyza girilen dessine Siziň telefonyňyza bildiriş geler ýaly sazlaň! Mähriban okyjylar! Doglan senäňize...
Şu gün, ýagny 24-nji oktýabrda Özbegistan Respublikasynda iri syýasy-jemgyýetçilik çäre - prezident saýlawlary geçiriler. Özbegistan prezident saýlawlaryny ýokary guramaçylyk ýagdaýynda geçirmek üçin taýýar - diýip, ýurduň Merkezi saýlaw toparynyň başlygy Zaýniddin Nizamhojaýew habar berdi. Soňky maglumatlara görä, saýlawçylaryň ýeke-täk elektron sanawyna 19 million 859 müň 127 adam goşuldy. Saýlaw uçastoklaryň saýlawçylaryň ses bermegini guramaçylykly geçirmek üçin zerur bolan sanitar-epidemiologik we jemgyýetçilik howpsuzlyk...
Hormatly Prezidentimiziň ak pata bermeginde ýurdumyzda ýene-de bir iri energetika taslamasy ulanmaga berildi. Milli Liderimiziň gatnaşmagynda halkalaýyn energoulgamy döretmek boýunça taslamanyň birinji tapgyry bolan Ahal — Balkan ýokary woltly täze asma elektrik geçirijisi ulanylmaga tabşyryldy. "Watan" habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, hormatly Prezidentimiz dabarada eden çykyşynda ýurdumyzda halkalaýyn energoulgamyny döretmegiň birinji tapgyry bolan Ahal-Balkan taze elektrik geçiriji ulgamyny dabaraly ýagdaýda...
Şu günlerdäki ýaly, howanyň üýtgeýän sepgit döwründe käbir adamlarda allergiýa ýagdaýlary ýüze çykýar. Bu ýagdaý iýmit önümleri, derman we himiki serişdeler, mör-möjekler, tozan hem-de gülleriň tozanjyklary sebäpli döreýär. Bu barada "Türkmenistan" gazetinde makala çap edilipdir. Allergiýanyň dowamlylygy birnäçe minutdan birnäçe güne çenli dowam edýär. Esasy alamatlary gözüň ýaşarmagy, bedene örgüniň örmegi, asgyrma, burundan suw akmagy ýaly ýagdaýlardyr. Bedende allergiýa döränden...
18,713FansLike
19,500FollowersFollow
889FollowersFollow
417SubscribersSubscribe

Iň täze habarlar