TEHNOLOGIÝA

9 ýylda 90 göterimi elektrikli bolar

Fransiýanyň dünýä belli awtoulag öndürijisi “Renault” kompaniýasy elektrik ulaglary üçin strategiýasyny yglan etdi.

Fransuz awtoulag öndürijisiniň baş ýerine ýetiriji direktory Luka de Meo 2025-nji ýyla çenli 10 sany täze elektrik ulagyny öndürjekdigini, ähli modelleriniň 90 göteriminiň 2030-njy ýyla çenli elektrikli boljakdygyny aýtdy.

Fransiýanyň awtoulag kompaniýasy “Renault” kompaniýasy gurnan metbugat ýygnagynda ýakyn ýyllar üçin elektrik ulagy strategiýasyny yglan etdi.

“Renault” kompaniýasy hyzmatdaşlary “Nissan” we “Mitsubishi” bilen bilelikde 2020-nji ýylda 200 müň sany elektrikli ulag öndürendigini we 2030-njy ýyla çenli bu ulag önümçiligini 1 milliona ýetirjekdigini habar berdi.

Fransuz kompaniýasy 2022-nji ýylyň birinji ýarymynda ilkinji doly elektrikli ulag modeliniň “MeganE” boljakdygyny mälim etdi.

 

Ginnesiň rekordy: dünýäniň iň garry adamy

Ýene-de okaň

Los-Anželes uniwersitetiniň talyplaryna emeli aňy öwrenmek mümkinçiligi döredilýär

Ilon Mask Marsa syýahata çagyrýar

“Instagram” täze çäklendirmeler girizýär: ýaş ulanyjylar üçin goşmaça howpsuzlyk çäreleri

Türkmenistanda kiberhowpsuzlyk boýunça hyzmatdaşlyk etmek Maksatnamasy taýýarlanar

Kosmos giňişliginde taryhy waka

Ata Watan Eserleri

Aşgabatda «HI-TECH Turkmenistan 2024» atly halkara maslahat we sergi geçirilýär

Ata Watan Eserleri