TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
ATAWATAN ESERLERİ

Mugallymyň sanly bilim gurşawy

Döwlet Baştutanymyzyň 2020-nji ýylyň 18-nji martynda köpçülikleýin habar beriş serişdelerini we resminama dolanşygyny sanlylaşdyrmak boýunça geçiren iş maslahatynda sanly ulgama geçmegi, aýratyn-da, bu babatda hökümetiň işi üçin şertleri döretmek boýunça işleri tamamlamak baradaky tabşyryklaryndan ugur alyp, şeýle hem Türkmenistanyň Mejlisiniň 2020-nji ýylyň 14-nji martynda geçiren altynjy çagyryşynyň dokuzynjy maslahatynda kabul edilen “Elektron resminama, elektron resminama dolanşygy we sanly hyzmatlar hakynda” Kanunyň esasynda ýokary okuw mekdebiniň içki torunda, ýagny intranetde elektron resminama dolanşygyny üpjün etmek maksady bilen “Mugallymyň hususy otagy” atly programma üpjünçiligi işlenip taýýarlandy.

Sanly bilim giňişligi – okatmagyň subýektleriniň, maglumatyň mazmunynyň we okatmagyň hem-de üznüksiz hünär kämilleşdiriş ulgamynyň ähli gatnaşyjylarynyň bilim maksatlary üçin döredilýän we ulanylýan lokal, korporatiw we global kompýuter torlarynyň kommunikasion mümkinçilikleriniň jemidir. Sanly bilim giňişligi okuw prosesiniň ähli gatnaşyjylarynyň netijeli aragatnaşygyny üpjün etmek üçin döredilýär we ösdürilýär. Mugallymyň, tor administratorynyň we bilim obýektiniň aragatnaşygy bolmazdan sanly bilim giňişliginiň hereket etmegi mümkin däldir.

Administrator ýa-da ýokary okuw mekdebiniň ýolbaşçylary islendik mugallymyň hususy otagyna girip, mugallym baradaky maglumatlar we mugallymyň alyp barýan işleri bilen doly tanyşyp bilýär, şeýle hem diagrammada mugallymyň ýerine ýerirýän işleri boýunça işjeňligini görkezýän maglumaty görüp bilýär.

Teklip edilýän programma üpjünçiligi aşakdaky işleri we hyzmatlary amala aşyrmaga mümkinçilik berýär. Esasy sahypa girip, aşakdaky maglumatlary alyp bolýar: Mugallym barada ähli maglumatlary; Mugallymyň ylmy žurnallarynda, halkara ylmy-amaly maslahatlarynda, merkezi we welaýat gazetlerinde çap eden makalalary; Mugallymyň ýokary okuw mekdebinde alyp barýan ylmy-barlag işleri barada maglumatlary; Mugallymyň taýýarlan sapaklarynyň wideoýazgylary, tanyşdyryşlary we olaryň sanawy baradaky maglumatlary; Mugallymyň ýokary okuw mekdebiniň, welaýatyň we döwletiň çäklerinde geçirilen ylmy maslahatlardaky çykyşlary baradaky maglumatlary; Mugallymyň okadýan dersleri baradaky maglumatlary; Ýokary okuw mekdebiniň çäginde elektron hatlar bilen tanyşmak, hatlara jogap bermek we ýerine ýetirmek üçin ulanmak baradaky maglumatlary; Mugallymlar üçin bildirişler, görkezmeler we beýleki maglumatlary we bir wagtda tora birigen mugallymlaryň arasynda çat hyzmatlaryny gurnamak; Mugallymyň neşirýatda çap eden okuw kitaplary we okuw gollanmalary bilen tanyşmak we olarynyň sanawy baradaky maglumatlary alyp bolýar.

Programma üpjünçiligu C Sharp (C#) programmalaşdyryjy dilinde işlenip taýýarlanyldy.

Işlenip taýýarlanylan “Mugallymyň hususy otagy” programma üpjünçiligi ýokary okuw mekdebiniň çäginde işleýän içki torda işlemäge niýetlenendir we administrator her bir mugallyma öz hususy otagyna girmek üçin ýörite açarlary berýär (1-nji surat).

1-nji surat. Mugallymyň hususy otagyna girmek

Administator ýa-da ýokary okuw mekdebiniň ýolbaşçylary islendik mugallymyň hususy otagyna girip, mugallym baradaky maglumatlar we mugallymyň alyp barýan işleri bilen doly tanyşyp bilýär, şeýle hem diagrammada mugallymyň ýerine ýerirýän işleri boýunça işjeňligini görkezýän maglumaty görüp bilýär. Teklip edilýän programma üpjünçiligi  aşakdaky işleri we hyzmatlary amala aşyrmaga mümkinçilik berýär we onuň esasy sahypasy 2-nji suratda görkezilýär. Esasy sahypa girip, aşakdaky maglumatlary  alyp bolýar:

  • Mugallym barada ähli maglumatlary;
  • Mugallymyň ylmy žurnallarynda, halkara ylmy-amaly maslahatlarynda, merkezi we welaýat gazetlerinde çap eden makalalary;
  • Mugallymyň ýokary okuw mekdebinde alyp barýan ylmy-barlag işleri barada maglumatlary;
  • Mugallymyň taýýarlan sapaklaryň wideoýazgylary, tanyşdyryşlary we olaryň sanawy baradaky maglumatlary;
  • Mugallymyň ýokary okuw mekdebiniň, welaýatyň we döwletiň çäklerinde geçirilen ylmy maslahatlardaky çykyşlary baradaky maglumatlary;
  • Mugallymyň okadýan dersleri baradaky maglumatlary;
  • Ýokary okuw mekdebiniň çäginde elektron hatlar bilen tanyşmak, hatlara jogap bermek we ýerine ýetirmek üçin ulanmak baradaky maglumatlary;
  • Mugallymlar üçin bildirişler, görkezmeler baradaky maglumatlary we bir wagtda tora birigen mugallymlaryň arasynda çat hyzmatlaryny gurnamak.

2-nji surat. Mugallymyň hususy otagy

3-nji surat. Mugallymyň hususy otagy

Mugallymyň hususy otagy barada düşünje.   Sanly bilim giňişligi – okatmagyň subýektleriniň, maglumatyň mazmunynyň we okatmagyň hem-de üznüksiz hünär kämilleşdiriş ulgamynyň ähli gatnaşyjylarynyň bilim maksatlary üçin döredilýän we ulanylýan lokal, korporatiw we global kompýuter torlarynyň kommunikasion mümkinçilikleriniň jemidir. Sanly bilim giňişligi okuw prosesiniň ähli gatnaşyjylarynyň netijeli aragatnaşygyny üpjün etmek üçin döredilýär we ösdürilýär. Mugallymyň, tor administratorynyň we bilim obýektiniň aragatnaşygy bolmazdan sanly bilim giňişliginiň hereket etmegi mümkin däldir.      Administrator tarapyndan berlen aýratyn açarlary ulanyp mugallym  “Mugalllymyň hususy otagynyň”    esasy sahypa girip bilýär we mugallym barada ähli maglumatlar bile tanyşyp hem-de gerek maglumatlary alyp bilýär.

Çap edilen işleriň sanawy bölüminde mugallymyň ylmy žurnallarynda, halkara ylmy-amaly maslahatlarynda, merkezi we welaýat gazetlerinde çap eden makalalary bilen tanyşyp bolýar (4-nji surat). Ylmy-barlag işleriniň sanawy bölüminde mugallymyň ýokary okuw mekdebinde alyp barýan ylmy-barlag işleri barada maglumatlary alyp bolýar. Mugallym ylmy-barlag işleriniň netijeleri bolan ylmy makalalary özüniň hususy otagyna ýerleşdirip bilýär.

4-nji surat. Mugallymyň çap eden işleriniň sanawy

Sanly bilim giňişliginde okatmagy dolandyrmak ulgamy. Okatmagy dolandyrmak ulgamynyň ulanylmagynyň hasabyna okuw sapaklaryň tertibini düzmegi awtomatlaşdyrmak, okuwyň netijelerini seljermegi awtomatlaşdyrmak, öňki we häzirki maglumatlary lokal torda saklamaga hem-de talyplaryň  aralyk synaglarynyň netijelerini seljermegi amala aşyrmaga mümkinçilik berýär. Şeýle hem okatmak ulgamyndan daşary, sanly ýokary okuw mekdebi başga-da birnäçe hyzmatlar hödürleýär, ýagny forumlary geçirmek, elektron kitaplaryň kitaphanasy, elektron resminama dolanşygyny, okatmak hem-de okuwlary gurnamak üçin maliýe seljermesiniň hasabatyny geçirmäge, mugallymlar düzüminiň işini dolandyrmak, okuwyň netijelerine doly gözegçilik etmäge mümkinçilik berýär . Bu bölümde mugallym özüniň taýýarlan täze sapaklaryň wideoýazgylaryny girizip bilýär(5-nji surat).     Mugallym çykyşlaryň sanawy bölüminde mugallymyň ýokary okuw mekdebiniň, welaýatyň we döwletiň çäklerinde geçirilen ylmy maslahatlardaky çykyşlary baradaky maglumatlar ýerleşdirilýär. Mugallym öz hususy otagynda mugallymyň okadýan dersleri baradaky maglumatlary ýerleşdirýär. Ýokary okuw mekdebiniň çäginde elektron hatlar bilen tanyşmak, hatlara jogap bermek we ýerine ýetirmek üçin ulanmak baradaky maglumatlary elektron hatlary bölüminde amala aşyrylýar (6-njy suratlar).   Mugallymlar üçin bildirişler, görkezmeler we beýleki  maglumatlary we bir wagtda tora birigen mugallymlaryň arasynda çat hyzmatlaryny gurnamak Täzelikler we bildirişler bölüminde ýerine ýetirilýär (7-nji surat).

 5-nji surat. Wideo sapaklaryň sanawy

 6-njy surat. Elektron hatlar

7-nji surat. Täzelikler we bildirişler

Netijeler:

  1. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny amala aşyrmak we Türkmenistanda elektron resminamalar dolanşygy ulgamy döretmek we işe girizmek maksady bilen “Mugallymyň hususy otagy” atly programma üpjünçiligi döredildi.
  2. “Mugallymyň hususy otagy” atly programma üpjünçiligine Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan şahadatnama berildi.
  3. “Mugallymyň hususy otagy” atly programma üpjünçiligi mugallymyň sanly bilim gurşawyny döretmäge mümkinçilik berýär.

Ederbiýatlar:

  1. Türkmenistanyň Prezidentiniň karary bilen tassyklanan “Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy”.
  2. Türkmenistanyň Prezidentiniň karary bilen tassyklanan “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy” Aşgabat 2017ý.
  3. Jumaýew, B.Hançaýew “Sanly ýokary okuw mekdebi”. Türkmenistanyň senagaty žurnaly. №2б 2020ý,16-17-nji sah.

 

Begenç Taganow,

Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň talyby

Hytaý gyzzyrmadan azat ýurt boldy

Aýyň täleýnamasy

 

 

Ýene-de okaň

“Ata Watan Eserleri” bäsleşigi üçin minnetdarlyk

Ata Watan Eserleri

“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalyna minnetdarlygymyzy bildirýäris

Ýeňijilere baýraklary gowşurylýar

Ata Watan Eserleri

Teswirle