Fotoelektrik gün stansiýasyny taslamagyň sanly çözgüdi

Sanly bilim ulgamyny ösdürmek, bu ugurda tehnologiki täzeçilligi döretmegi we ýaýratmagy, bilim edaralarynyň tehnologiýa taýdan ösmeginiň çaltlandyrylmagyny, şeýle hem bilimiň ähli derejeleri üçin zerur elektron maglumatlar gorunyň döredilmegini we olara tor arkaly elýeterliligi üpjün etmegi göz öňünde tutulýar.

Bu bellenilenleriň esasynda Alym Arkadag Prezidentimiziň taýsyz tagallasy netijesinde 2017-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda çykaran 340-njy karary bilen “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmekligiň Konsepsiýasy” tassyklanyldy.

Häzirki wagtda dünýä ýüzünde gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerine bolan islegleriň artmagy, daşky gurşawy goramak we ekologiýa taýdan “Ýaşyl” tehnologiýalary ýurdumyzda ornaşdyrmak maksady elektrik energiýany fotoelektrik gün batareýalarynyň hasabyna öndürmeklige uly üns berilýär. Biziň ýurdumyzda hem ylmy barlag edaralarynyň işi köpugurly häsiýete eýedir we maglumat tehnologiýalarynyň esasynda ýörite taslamalary amala aşyrmaklygyň bütewi ulgamyny döretmek çylşyrymly toplumlaýyn mesele bolup, köp sanly guramaçylyk we tehnologiki meseleleri çözmegi talap edýär.

Türkmenistanyň howa we geografik şertleri ýurdumyzda energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerini döwrebap peýdalanmaga mümkinçilik berýär. Bu ylaýta-da oba ilatyny we medeni zolakdan uzakdaky sarp edijileriň energoüpjünçiligini gowulandyrmaga ýardam edýär. Energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleriniň bir görnüşi hem Gün energiýasy hasaplanýar. Türkmenistanyň howa we geografik şertleri Günüň energiýasyny ulanmaga, ony elektrik we ýylylyk energiýasy üçin senagat çäklerinde işjeň peýdalanmaga mümkinçilik berýär.

Fotoelektrik gün stansiýalarynyň ygtybarly we netijeli işlemegini üpjün etmek üçin taslamany işläp düzmekde bildirilýän gurnama iş kadalaryny berjaý etmek zerurdyr. Fotoelektrik gün stansiýalaryň ygtybarly we netijeli işlemegi birnäçe şertlere, ýagny stansiýanyň gurnaljak ýeriniň geografik koordinatalaryna, ýylyň dowamynda Gün panellerinie düşýän Günüň radiasiýasynyň intensiwligine, gün panelleriniň amatly gyşarma burçyna, daşky howanyň temperaturasyna baglydyr. Bu bellenilenleriň esasynda fotoelektrik gün stansiýanyň ýylyň dowamynda öndürip biljek elektrik energiýasyny kesgitlemek, onuň gurulmagy meýilleşdirilýän ýerlerini anyklamak, şeýle hem stansiýanyň energetiki parametrlerine howa şertleriniň täsirini öwrenmek wajyp meseleleriň biri hasap edilýär.

Türkmenistanyň ykdysady pudaklarynda energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerinden peýdalanmak, innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak, energiýa tygşytlaýjy enjamlaryň we materiallaryň häzirki zaman görnüşlerini durmuş ulgamynda peýdalanmak boýunça düýpli işleri geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidentiniň 2019-njy ýylyň   12-nji aprelinde çykaran     1207-nji karary bilen “Altyn asyr” Türkmen kölüniň sebitini 2019-2025-nji ýyllarda özleşdirmegiň kabul edilen konsepsiýanyň çäklerinde (birinji tapgyr 2019-2022-nji ýyllar; ikinji tapgyr 2022-2025-nji ýyllary öz içine alýar). Birinji tapgyrda daşky gurşawy goramak we ekologiýa taýdan “ýaşyl” tehnologiýalary ýurdumyzda ornaşdyrmak maksady bilen “Kuwwatlylygy        10 MWt bolan gün we ýel utgaşdyrylan elektrik stansiýasyny” gurmak meýilleşdirilýär.

Öňde durýan wezipeleriň hil taýdan ygtybarlylygyny üpjün etmek we “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny” we Fotoelektrik gün stansiýasynyň we onuň elementlerini taslamaklygy ýeňilleşdirmek maksady bilen “Fotoelektrik gün stansiýasyny taslamagyň sanly ulgamy” atly programma üpjünçiligi işlenip taýýarlandy. Bu programma üpjünçiligi islendik Windows operasion ulgamlarynda ulanmak mümkinçiligi hem göz öňünde tutulan.

Sanly bilimiň ösmegi häzirki zaman dolandyryş ulgamy bolup, ylmy önümçilik merkezlerinde ýerine ýetirilýän işleriň hiliniň ýokary bolmagyna  mümkinçilik berýär. Ýokary netijelilikli taslama  ulgamyny döretmekde gazanylýan üstünlikler gönüden-göni usulyýet üpjünçiligine, işleriň başlangyç tapgyrynda geçirilen seljerme işlerine hem-de taslama işlerine takyk ýerine ýetirmeklige we olaryň görkezijileriniň sebäp baglanyşygyny içgin öwrenilmegine we işlenilmegine baglydyr.

Işlenip taýýarlanylan “Fotoelektrik gün stansiýasyny taslamagyň sanly ulgamy” programma üpjünçiligi Fotoelektrik stansiýalary taslamakda, taslama işlerindäki hasaplamalary takyk we gysga wagta ýerine ýetirmäge mümkinçilik berýär. Ýerine ýetirilen hasaplamalary öz binýadynda saklamak mümkinçilikleri göz öňünde tutulan.

Teklip edilýän programma üpjünçiligi  aşakdaky işleri we hyzmatlary amala aşyrmaga mümkinçilik berýär:

  • Fotoelektrik gün stansiýasyny taslama işleri ýerine ýetirilende ulanylýan enjamlaryň (Fotoelektrik gün panelleriniň, akkumulýator batareýasyna gözegçi enjamyň, akkumulýator batareýalaryň, inwertorlaryň) tehniki häsiýetnamalaryny öz ýadynda jemleýän maglumatlar bazasyny özünde saklaýar. Şeýle hem bu enjamlaryň dünýä tejribesiniň soňky gazananlaryny tehniki häsiýetnamalaryny maglumatlar bazasyna girizmek hem-de ondan ulanyşdan galan enjamlary maglumatlar bazasyndan aýyrmak mümkinçiligi;
  • Tekiz üste düşýän erkin görnüşindäki günüň radiasiýasynyň bahasyny hasaplamak;
  • Programma üpjünçiliginde ýerine ýetirilen hasaplamalary öz maglumatlar binýadynda saklamak mümkinçiligi;
  • Ýerine ýetirilen hasaplamalary düşündiriş ýazgysy bilen çap etmek mümkinçiligi;
  • Ýerine ýetirilen hasaplamalary düşündiriş ýazgysy bilen PDF, DOC görnüşdäki faýllarda ýatda saklaýjy gurluşlara ýüklemek mümkinçilikleri hem göz öňünde tutulan.

Bu bölümiň özünde birnäçe mümkinçilikleri jemläp, bu bölüme girmek üçin programmanyň esasy penjiresiniň “Hasaplamalar” menýusynyň Fotoelektrik gün stansiýasynyň hasaplamasy setirini saýlamak arkaly çagyrylýar.

Hasaplama täze açylan penjiräniň “Amallar” menýusynyň “Hasaplama başlamak” setirini saýlamak  ýa-da klawiaturadan “Ctrl+N” düwmeleri utgaşykly basmak arkaly başlanýar.

1-nji surat. Tekiz üste  düşýän erkin görnüşindäki gün radiasiýasynyň bahasyny hasaplamak

 

Täze açylan penjirede sarp edijileriň ýükleriniň sanawy girizilýär (2-nji surata seret) we soňra fotoelektrik gün stansiýasynyň gurulmagy meýilleşdirilýän ýeriň başlangyç maglumatlar girizilip hasaplama işleri dowam edilýär. Hasaplama işleri ýerine ýetirilende fotoelektrik gün batareýalarynyň gurnamasyndaky ýerleşdirilişini saýlamak mümkinçilikleri hem hasaba alnandyr. Bu bolsa görkezilen sarp edijilik kuwwaty boýunça geçirilen hasaplama esasynda fotoelektrik gün stansiýanyň tutýan meýdanyny hasaba almaga mümkinçilik berýär. Hasaplama işleriň netijesinde fotoelektrik gün stansiýasynyň aýlar boýunça ortaça öndürjek elektrik energiýasyny,  gerek boljak akkumulýator batareýalarynyň we  gün batareýalarynyň sany, inwertorlaryň, kontrollerleriň sanyny we kuwwatlyklary barada giňişleýin maglumatlary almak mümkinçiligi göz öňünde tutulan. Ýerine ýetirilen hasaplamalar maglumatlar binýadynda saklanýar. Gerek bolan ýagdaýynda hasaplanan maglumatlara seretmek,  ýatda saklaýjy gurluşlara we PDF, Doc görnüşli faýllara eksport etmek mümkinçiligi hem göz öňünde tutulan (3-nji surat). Şeýle  hem ýerine ýetirilen hasaplamany çap etmek mümkinçiligi hem bardyr.

2-nji surat. Elektrik energiýasyny sarp ediji ýükleri girizmek penjiresi

3-nji surat. Ýerine ýetirilen hasaplamany eksport etmek penjiresi

Maglumatlar bazasy menýusy. Maglumat bazasy belli bir ugur bilen baglanyşykly gurluşly maglumatlaryň toplumyndan ybaratdyr. Maglumatlar bazasyny dolandyrmak ulgamynyň täze maglumatlar binýadynyň gurluşyny döretmek, mazmun bilen doldurmak, mazmuny redaktirlemek we dürli ulanyjy maglumatlaryny döretmek (saýlamak, tertiplemek, süzmek we ş.m.) üçin döredilen programma üpjünçiliginiň gurallarydyr. Bu maglumatlar bazasy hasaplama işleri ýerine ýetirilende ulanyljak (akkumulýator batareýalaryň, fotoelektrik gün batareýalarynyň, inwertorlaryň, kontrollerleriň) enjamlaryň tehniki görkezilijileriniň maglumat binýadyny özünde saklaýar. Maglumatlar bazasyna täze maglumatlary ýüklemek, öň girizilen maglumatlara düzediş girizmek, ulanyşdan galan maglumatlary öçürmek hem bolýar.

Bu programmany fotoelektrik gün stansiýasynyň taslamasy işlenilip taýýarlanylanda giňden peýdalanmak boljakdygy geçirilen hasaplamalaryň üsti bilen düşündirilýär. Programmanyň kömegi bilen tekiz üste  düşýän erkin görnüşindäki gün radiasiýasynyň bahasyny hasaplamak bolýar. Fotoelektrik gün stansiýasyny taslamaklygyň tehniki taýdan çylşyrymly meseläniň gozgalýandygyny hasaba alyp, bu programmanyň üsti bilen stansiýanyň düzümine girýän elementleri saýlap almaklygy ýönekeý usulda ýerine ýetirmek mümkinçiligi ylmy esasda derňeldi.

Bu programma üpjünçiligi Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Intellektual eýeçilik boýunça döwlet gullugy tarapyndan 121-nji EHM üçin programmasynyň şahadatnamasy berilip bu programma üpjünçiligi resmi hasaba alyndy.

 

Matýakubow Amirhan Allabergenowiç,

Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň

“Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri” ylmy-önümçilik merkeziniň ylmy işgäri

 

Prefiksler we Suffiksler : Makul Sözlük hödürleýär!

 

 

ÝENE-DE OKAŇ

Adamlar üzümi iň datly miweleriň biri diýip hasaplaýar. Üzüm süýji we kuwwatlylygy ýokary bolan önümdir. Şonuň üçin adam bedenine oňyn täsirini ýetirýän miweleriň biri-de üzümdir. Üzüm dänesiniň adam bedenindäki dürli zyýanly maddalara garşylyk berijiligine örän baýdygy anyklanyldy. Onuň düzüminde fenol kislotasy, flawonoid ýaly köp sanly birleşmeler bardyr. Şu birleşmeleriň esasynda üzüm däneleri dürli çişmeleriň, okislenmäniň we dokumalaryň bozulmalarynyň öňüni almaga...
Hormatly okyjylarymyz! “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com internet saýty her gün täleýnamany dykgatyňyza ýetirýär. Siz hem öz ýyldyzyňyza görä täleýnamaňyz bilen gyzyklanýan bolsaňyz,  onda www.atavatan-turkmenistan.com internet saýtyndan daşlaşmaň.  Siz saýtymyzyň “Seniň Täleýnamaň” sahypasyna girip gündelik täleýnamalary okap bilersiňiz! Siz Täleýnamany has aňsat okamak üçin Google Plaý Marketden şu ýere basyp Applikasiýany ýükläp alyp, bildiriş sazlamalaryndan Täleýnamalar baradaky habar saýtymyza girilen dessine Siziň telefonyňyza bildiriş geler ýaly sazlaň! Mähriban okyjylar! Doglan senäňize...
Şu gün, ýagny 24-nji oktýabrda Özbegistan Respublikasynda iri syýasy-jemgyýetçilik çäre - prezident saýlawlary geçiriler. Özbegistan prezident saýlawlaryny ýokary guramaçylyk ýagdaýynda geçirmek üçin taýýar - diýip, ýurduň Merkezi saýlaw toparynyň başlygy Zaýniddin Nizamhojaýew habar berdi. Soňky maglumatlara görä, saýlawçylaryň ýeke-täk elektron sanawyna 19 million 859 müň 127 adam goşuldy. Saýlaw uçastoklaryň saýlawçylaryň ses bermegini guramaçylykly geçirmek üçin zerur bolan sanitar-epidemiologik we jemgyýetçilik howpsuzlyk...
Hormatly Prezidentimiziň ak pata bermeginde ýurdumyzda ýene-de bir iri energetika taslamasy ulanmaga berildi. Milli Liderimiziň gatnaşmagynda halkalaýyn energoulgamy döretmek boýunça taslamanyň birinji tapgyry bolan Ahal — Balkan ýokary woltly täze asma elektrik geçirijisi ulanylmaga tabşyryldy. "Watan" habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, hormatly Prezidentimiz dabarada eden çykyşynda ýurdumyzda halkalaýyn energoulgamyny döretmegiň birinji tapgyry bolan Ahal-Balkan taze elektrik geçiriji ulgamyny dabaraly ýagdaýda...
Şu günlerdäki ýaly, howanyň üýtgeýän sepgit döwründe käbir adamlarda allergiýa ýagdaýlary ýüze çykýar. Bu ýagdaý iýmit önümleri, derman we himiki serişdeler, mör-möjekler, tozan hem-de gülleriň tozanjyklary sebäpli döreýär. Bu barada "Türkmenistan" gazetinde makala çap edilipdir. Allergiýanyň dowamlylygy birnäçe minutdan birnäçe güne çenli dowam edýär. Esasy alamatlary gözüň ýaşarmagy, bedene örgüniň örmegi, asgyrma, burundan suw akmagy ýaly ýagdaýlardyr. Bedende allergiýa döränden...
18,713FansLike
19,500FollowersFollow
889FollowersFollow
417SubscribersSubscribe

Iň täze habarlar