“Sanly ykdysadyýetde maglumat howpsuzlygyny  üpjün etmekligiň ýollary”

Häzirkizaman “maglumat asyrynda” maglumata ýönekeý elýeterlilik biziň ýaşaýyş, iş we dynç alyş keşbimizi üýtgedýär. “Sifrleýin ykdysadyýet”, ol “bilimler ykdysadyýeti”, “torlaýyn ykdysadyýet” ýada “täze ykdysadyýet”   hökmünde hem belli, harytlary öndürmekligi çalyşmak bilen häsiýetlendirilýär. Bu ykdysadyýetde we umuman alanyňda tutuş jemgyýetde maglumat we kommunikasion tehnologiýalarynyň (IKT) rolunyň baştutanlygy bolmasada, artmaklygyny nygtaýar. Maglumat  howpsuzlygynyň sebitinde giň ýaýrawa we howply häsiýete eýe bolan wakalaryň güýçli artyşyny synlamak bolýar. Muňa meňzeş hüjümleriň köpüsi hususy, korporatiw we döwlet bähbitleriniň giň gerimini öz içine alýar.

Howplaryň ösüşiniň esasy ugurlary:

  • uly ýitgilere getirýän hüjümleriň sanynyň artyşy;
  • öz içine birnäçe tapgyrlary alyp biljek we mümkin bolan garşylyk üçin ýörite gorag usullaryny ulanyp biljek hüjümleriň çylşyrymlylygynyň artyşy;
  • ähli elektron (sifrli) enjamlara täsir edijilik, munuň düzümine soňky döwürlerde mobil enjamlary uly ähmiýete eýe bolmaklyk bilen bu enjamlar maglumat sebidinde ýokary derejedäki riske sezewar bolýar;
  • iri korporasiýalaryň, möhüm senagat desgalaryň we hatda döwlet edaralarynyň maglumat infrastrukturalaryna bolan hüjümleriň ýygylygy;
  • kompýuter tehnologiýalary sebidinde has ösen ýurtlaryň beýleki döwletlere kiberhüjüm serişdelerini we usullaryny ulanmagy.

2013-nji ýylda Kasperskiý laboratoriýasy tarapyndan kompýuter çozuşlary sebidinde düýbünden täze hadysa hakynda maglumat neşir edildi. Bäş ýyl boýunça döwlet syrlaryny talamaklyk bilen meşgullanýan “Gyzyl Oktýabr (Red October)” içaly torunyň üsti açyldy. Zyýanly programmalaryň çylşyrymly toplumy bolmaklyk bilen öz içinde modullaryň 30 sany dürli toparyna degişli takmynan 1000 sany zyýanly faýllaryny saklaýar. Muňa meňzeş usullar başga-da işjeň görnüşde mobil Android platformalary üçin hem ulanylýar.

2012-nji ýylda Amerikanyň we Hytaýyň döwlet edaralary resminamalaşdyrylmadyk mümkinçiliklere eýe enjamlaryň döredilmegi babatynda öz şübhelerini halkyň öňünde dile getirdiler. Bu enjamlaryň üsti bilen bir döwletden beýleki döwlete hüjüm edilipdir. Hytaý tarapyndan güman edilen kompaniýalar Huawei we ZTE, Amerikan tarapyndan bolsa Cisco kompaniýasy. Şeýlelik bilen, maglumat howpsuzlygy sebidinde dolulygyna adaty serişdeler arkaly çözüp bolmajak birnäçe meseleleriň hatary bar we bu meselelere jemgyýetiň hem-de döwlet edaralarynyň ünsüni çekmeli. Esasynda kompýuter torlaryna hüjümi amala aşyrýan we jemgyýetçilik aňyny üýtgedýän iň täze usullar ýatýan jemgyýet ýaşaýşynyň ähli ugurlaryna degişli uly ölçegli düzgün bozmalara garşy göreşmeklik we howplara garşy göreşip biljek çylşyrymly howpsuzlyk ulgamynyň döredilmegine ulgamlaýyn çemeleşmegi talap edýär.

Maglumat bilen esasy hereketleriň amala aşyrylýan tehniki infrastrukturasy, IKT, programma üpjünçiligi: ýygnamak, gaýtadan işlemek, saklamaklyk we geçirmeklik. Beýle serişdelere Internet we tor arabaglanşyklaryň infrastrukturalary, kompýuterler, ähli mümkin bolan gajetler we ş. m. degişlidir.

Iň esasy ugurlaryň biri maglumat howpsuzlygynyň birnäçe häsiýetnamalary almaga mümkinçilik berýän (maglumat howpsuzlygynyň howplarynyň derejesi, maglumat howplarynyň derňewi, gorag çäreleriniň netijeliliginiň bahasy) matematiki modelleri döretmeklik bolup durýar.

Maglumat howpsuzlygy – dürli görnüşdäki maglumatlaryň gizlinligini, bütewiligini we elýeterliligini üpjün etmek.

Maglumatlaryň gizlinligi – diňe autentifikasiýa geçen ulanyjylara maglumatlary ulanmaga rugsady üpjün etmek.

Maglumatlaryň bütewiligi – bu maglumatlaryň we onuň üstünde işlemekliginiň usullarynyň dolulugyny we dogrydyny üpjün etmek.

Maglumatlaryň elýeterliligi – autentifikasiýa geçen ulanyjylara maglumatlary zerur wagtda ulanmaga mümkinçilik döretmek.

Kiberhowplaryň görnüşleri:

  • Şahsyýetiň ogurlanmagy (Identity Thieves) – bikanun ýagdaýda adamlaryň bank kartynyň belgilerini, sanly bank boýunça gizlin belgiler we ş.m. ogurlanmagy;
  • Hakerler – adamlaryň bir topary bolup, ol kompýuter ulgamlara gizlin bikanun ornaşyp maglumatlary ogurlamak ýa-da olary zaýalamak maksat edinýärler;
  • Dürli görnüşde wiruslar (Malware) – islendik görnüşdäki programma üpjünçiligi bolup, kompýuter ulgamyna zeper ýetirmekligi amala aşyrýar (wiruslar, gurçuklar, troýan atlar we beýlekiler)
  • Aldaw (Phishing) – adamlaryň şahsy maglumatlary islendik bir giper-ýüzlenmä basyp, ulanyjy adyny we gizlin belgisini girizdirýär. Netijede maglumatlar ogurlanýar (Email, telefon jaňlary, web saýtlardan ýüklenmek).

Sanly ykdysadyýetde maglumat howpsuzlygyny üpjün etmekligiň ýollary

Biometriýa – adamynyň fiziologik we özüni alyp barşy baradaky häsiýetnamalarynyň esasynda olary awtomatiki usulda tanamak tehnologiýasy;

Biometriki autentifikasiýa ulgamlary bu autentifikasiýa ulgamlaryň bir görnüşi bolup, onda adamlaryň biometriki maglumatlary ulanylýar.

Biometrik ulgamy:

  • dünýäde iň uly biometrik identifikasiýa ulgamy – “Aadhaar”. Ol Hindistan döwletinde döredildi we 2018-nji ýylda onda 1,9 mlrd. adamyň maglumatlary girizildi (raýatlaryň 99%). Bu ulgama adamyň barmagynyň yzy, suratlary, şahsy maglumatlary, gözleriniň buýnuz görnüşli perdesi barada maglumatlar girizildi we olaryň esasyna her bir adama 12 sifrdan ybarat PIN belgili ID kartlar paýlanyldy. Bu kart adamyň şahsyýetiniň tassyklanmagy hökmünde ulanylýar;
  • Halkara derejede işleýän banklar, giper marketler, töleg ulgamlary işjeň görnüşde biometrik tehnologiýalaryny ornaşdyrýarlar. Onuň sebäbi biometrik ulgamlarynyň gorag derejesiniň ýokarydygy we ulanmak üçin amatlydygy bilen baglanyşyklydyr;
  • Ýaponiýa döwletinde 2011-nji ýylda bolup geçen ýer titremeden we sunamiden soň adamlaryň ähli resminamalary ýitdi. Şol sebäpli adamlar uzak wagtlap identifikasiýa amallaryndan geçmeli boldular. Häzirki wagtda Ýaponiýa döwletinde ähli raýatlaryň biometrik maglumatlarynyň ulgamy döredildi.
  • Innowasiýa derejesinde biometrik ulgamlary ulanmagyň mysaly hökmünde Apple Pay , Samsung Pay, Android Рау we Alipay sanly platformalarda smartfonlaryň kömegi bilen ulanyjylaryň barmagynyň yzlary we ýüzleri boýunça autentifikasiýa hyzmaty işläp başlady.

Sanly gol, görnüşleri we sanly ykdysadyýetde ulanmak

Fiziki gol (Wet signature) – adamyň resminamada fiziki görnüşde galdyran belligi.

Sanly gol – elektron görnüşde şifrlenen möhür bolup, sanly maglumatlarynyň (sanly resminamalar, elektron habarlar we ş.m.) hakykylygyny we üýtgedilmändigini subut edýär.

Sanly el yzly goly – adamynyň öz eli bilen ýörite planşete, ýörite gadžetiň displeýine çeken goly bolup, gol geçilýän sanly resminamalarda ulanylýar.

                                                                        Döwran  Sahadow

Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň  

                                       Maglumat tehnologiýalary kafedrasynyň mugallymy

Awaza etrabyna täze häkim bellendi

ÝENE-DE OKAŇ

Adamlar üzümi iň datly miweleriň biri diýip hasaplaýar. Üzüm süýji we kuwwatlylygy ýokary bolan önümdir. Şonuň üçin adam bedenine oňyn täsirini ýetirýän miweleriň biri-de üzümdir. Üzüm dänesiniň adam bedenindäki dürli zyýanly maddalara garşylyk berijiligine örän baýdygy anyklanyldy. Onuň düzüminde fenol kislotasy, flawonoid ýaly köp sanly birleşmeler bardyr. Şu birleşmeleriň esasynda üzüm däneleri dürli çişmeleriň, okislenmäniň we dokumalaryň bozulmalarynyň öňüni almaga...
Hormatly okyjylarymyz! “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com internet saýty her gün täleýnamany dykgatyňyza ýetirýär. Siz hem öz ýyldyzyňyza görä täleýnamaňyz bilen gyzyklanýan bolsaňyz,  onda www.atavatan-turkmenistan.com internet saýtyndan daşlaşmaň.  Siz saýtymyzyň “Seniň Täleýnamaň” sahypasyna girip gündelik täleýnamalary okap bilersiňiz! Siz Täleýnamany has aňsat okamak üçin Google Plaý Marketden şu ýere basyp Applikasiýany ýükläp alyp, bildiriş sazlamalaryndan Täleýnamalar baradaky habar saýtymyza girilen dessine Siziň telefonyňyza bildiriş geler ýaly sazlaň! Mähriban okyjylar! Doglan senäňize...
Şu gün, ýagny 24-nji oktýabrda Özbegistan Respublikasynda iri syýasy-jemgyýetçilik çäre - prezident saýlawlary geçiriler. Özbegistan prezident saýlawlaryny ýokary guramaçylyk ýagdaýynda geçirmek üçin taýýar - diýip, ýurduň Merkezi saýlaw toparynyň başlygy Zaýniddin Nizamhojaýew habar berdi. Soňky maglumatlara görä, saýlawçylaryň ýeke-täk elektron sanawyna 19 million 859 müň 127 adam goşuldy. Saýlaw uçastoklaryň saýlawçylaryň ses bermegini guramaçylykly geçirmek üçin zerur bolan sanitar-epidemiologik we jemgyýetçilik howpsuzlyk...
Hormatly Prezidentimiziň ak pata bermeginde ýurdumyzda ýene-de bir iri energetika taslamasy ulanmaga berildi. Milli Liderimiziň gatnaşmagynda halkalaýyn energoulgamy döretmek boýunça taslamanyň birinji tapgyry bolan Ahal — Balkan ýokary woltly täze asma elektrik geçirijisi ulanylmaga tabşyryldy. "Watan" habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, hormatly Prezidentimiz dabarada eden çykyşynda ýurdumyzda halkalaýyn energoulgamyny döretmegiň birinji tapgyry bolan Ahal-Balkan taze elektrik geçiriji ulgamyny dabaraly ýagdaýda...
Şu günlerdäki ýaly, howanyň üýtgeýän sepgit döwründe käbir adamlarda allergiýa ýagdaýlary ýüze çykýar. Bu ýagdaý iýmit önümleri, derman we himiki serişdeler, mör-möjekler, tozan hem-de gülleriň tozanjyklary sebäpli döreýär. Bu barada "Türkmenistan" gazetinde makala çap edilipdir. Allergiýanyň dowamlylygy birnäçe minutdan birnäçe güne çenli dowam edýär. Esasy alamatlary gözüň ýaşarmagy, bedene örgüniň örmegi, asgyrma, burundan suw akmagy ýaly ýagdaýlardyr. Bedende allergiýa döränden...
18,713FansLike
19,500FollowersFollow
889FollowersFollow
417SubscribersSubscribe

Iň täze habarlar