Sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden nädip peýdalanmaly?

Sanly bilim, sanly ykdysadyýet barada söz açylanda kibernetika – kiberhowpsuzlyk  barada agzaman geçmek bolmaz. Sözümiz gury bolmaz ýaly ilki bilen “Kibernetika” näme, ol haçan ýüze çykypdyr, şular dogrusynda durup geçeliň.

Kibernetika adalgasy kubernao diýen grek sözünden gelip çykyp, ol “çarhy aýlaýaryn, dolandyrýaryn” diýmekdir. Ilkibaşda kibernetika adalgasyny grek filosofy Platon “gämini, soňra bolsa jemgyýeti dolandyrmak sungaty” manysynda peýdalanypdyr. Kibernetika ylmynyň ösüş taryhy 1937-nji ýyldan başlanýar, şol ýyl amerikan alymy, professory, matematigi Norbert Winer tarapyndan ylmy maslahat gurnalýar, bu maslahata dürli hünärli alymlar – matematikler, fizikler, biologlar, fiziologlar, sosiologlar çagyrylýar. Şol maslahatyň netijesinde ylmyň täze ugrunyň, ýagny kibernetika ylmynyň düýbi tutulýar.

Kibernetika – bu aýratyn bir ylym däl-de, eýsem birnäçe ylymlaryň we ylmy dersleriň umumy jemidir.

Giň manyda aýdanymyzda Kibernetika maglumatlar ylmynyň, şol sanda anyk ulgamdan kibernetika düşünjesine geçmek esasynda ulgamy modelirlemäge, onuň häsiýetini derňemäge we ulgamy kämilleşdirmek barada maslahat bermäge mümkinçilik berýän dolandyryş ylmynyň umumy jemidir.

Indi bolsa “Sanly kibernetika”, “Sanly ulgam” diýen düşünjelere garap geçeliň. Bu düşünje häzirki wagtda biziň durmuşymyzyň aýrylmaz bölegine öwrülen kompýuterler bilen baglanyşykly. Dünýäniň häzirki ýaşaýyşyny göz öňünde tutsak, bize öz durmuşymyzy kompýutersiz, telefonsyz, umuman tehnologiýasyz göz öňüne getirmek örän kyn bolardy. Köp iş ýerlerinde, edaralarda işler kompýuter önümçiligi esasynda alnyp barylýar. Ine bu diýmek bolsa, sanly ulgamyň biziň durmuşymyzda esasy orun tutýandygyny subut edýär. Aýratyn hem kompýuteri ulanyjylaryň kompýuter ugrundan esasy kösenýän hadysasy kompýuteriň goraglylygy, kompýuteriň bökdençsiz işlemekligi bolup durýar. Kompýuter ulanyjylaryň dilinden esasy: kompýuterim agyr işleýär, kompýuterimde wirus bar, kompýuterimde öz-özünden döreýän faýllar bar, fleşkamda wirus bar, fleşkam gizlin görkezýär, fleşkam ýandy, fleşkamdan zat geçirip bilemok we.ş.m sözleri köp eşidýäris. Kompýuterlerden başga-da maglumat göteriji enjamlar bolan fleşkalara, çiplere, hard disklere zyýan ýetmek hadysasy köp ýüze çykýar. Maglumat göterijilere wirus geçmek, olaryň içki ýagdaýyny gizlin görkezmek hadysasy olar näsaz ýa-da wirusly kompýuterlere birikdirilen ýagdaýynda maglumat göterijide (fleşka, çip, hard disk) näsazlyklar döräp bilýär.

Geliň şol kemçilikleri nädip aradan aýyrmalydygyny birnäçe ädimleriň üsti bilen göz ýetireliň.

  • Kompýuter wiruslaryndan näsazlyklaryndan gorkýan bolsaňyz, ulanýan kompýuteriňize goraglylyk üçin antiwirus programmalaryny oturdyň;
  • Kompýuteriňiziň ähli programmalaryny, obýektlerini doly tanaýan bolsaňyz, onda kompýuteriňizi antiwirussyz ýagdaýda-da ulanyp bilersiňiz.

Munuň üçin siz kompýuterden CTRL+SHIFT+ESC – buýrugyna basyp, kompýuteriňizde hereket ähli programmalaryň, prosesleriň sanawyny alyp bilersiň. Ol ýerden bolsa öz kompýuteriňize, ulanýan programmalaryňyza degişli bolmadyk wirus obýektleri düýbünden kompýuteriňizden ýok edip aýryp bilersiňiz. Ýöne köpümizde şeýle sorag ýüze çykýar – “Ol wiruslary nädip tanamaly, nädip ýok etmeli?”

Gerekmejek obýektlerden – wiruslardan nädip dynmaly?

  1. CTRL+SHIFT+ESC – buýrugyna basalyň;
  2. Açylan penjireden prosesler (operasion sistemaňyz windows 7 bolsa – prosesler; windows 10 bolsa giň(подробные)) bölümine geçeliň;
  3.  Ol ýerden islendik bir prosesy saýlap, sag düwmäni basyň we şol prosesiň häsiýetnamasyny (Свойства) görüň. Eger şol proses haýsydyr bir programmanyň awtorlyk hukugyny alan bolsa, onda ol wirus ýa-da zyýanly proses däldir. Eger-de şol proses hiç bir programmanyň awtorlyk hukugyny almadyk bolsa, onda onuň häsiýetnamasy boş, diňe programma(приложение) diýip durar. Ine bu bolsa siziň kompýuteriňize zeper ýetirip biläýjek wiruslardyr. Bu wiruslary düýbünden kompýuteriňizden ýok etmek isleseňiz ýok etmek isleýän obýektiňizi saýlap sag düwmäni basyň;
  4.  Çykan ýerine ýetiriji panelden “Завершить дерево процессов” buýrugy saýlalyň;
  5.  Şerti tassyklaň.

Indi siziň kompýuteriňiz şol wiruslardan azat edildi.

Kompýuteriňizi şol gerekmejek obýektlerden arassalasaňyz kompýuteriňizi bökdençsiz ulanyp bilersiňiz.

Köp mugallymlaryň, edara işgärleriniň, okuwçylaryň, talyplaryň kösenýän zady maglumat göterijileriniň näsazlyklarydyr. Olary nädip aýyrmaly diýen sowal ýüze çykýar. Olary ýok etmegiň birnäçe usullary bar.

Fleşkaňyzy wirusly ýa-da näsaz kompýutere salanyňyzda fleşkaňyzda näçe faýl boldygyça wirus geçiriler hem-de fleşkaňyz gizlinlik ýagdaýyna düşer.

Eger fleşkaňyzyň göwrümi belli bir derejede doly bolsa, içinde-de hiç hili obýekt görkezmeýän bolsa, onda ol maglumat göterijiňiz gizlinlik ýagdaýyna düşendir. Eger-de fleşkaňyzyň içinde fleşkanyň suraty görkezilen ýarlyk(Ярлык) bar bolsa, şol obýekte girmäň ol wirus bolup kompýutere geçer we fleşkada-da hemme kompýutere geçýän wirus hökmünde bolup galar.

Fleşkany nädip gizlinlik ýagdaýyndan açmaly?

1.Windows+R – düwmelere basyp ýerine ýetiriji penjiräni açmaly.

2.Açylan penjirede cmd diýip ýazyp giriziň.

  1.  Açylan system32\cmd.exe penjirede (Eger fleşkaňyz F disk diýip duran  

          bolsa) F: – ýazyp enter basyň. Diýmek siz F diske girdiňiz

  1.  Indi gizlinligi açmak üçin kody girizeliň: attrib F:*.* /d /s -h -r -s.
  2.  Siziň fleşkaňyzdaky gizlin faýllar  “_” atly papkadadyr.

Eger-de siz yzygiderlikleri doly we dogry ýerine ýetiren bolsaňyz bu amallar siziň kompýuteriňiziň howpsuzlygyna ýardam edip biler.

 

Mekan Bäşimow,

Magtymguly adyndaky TDU-nyň talyby

 

Irregular verbs ýa-da Nädogry Işlikler : Makul Sözlük

 

Çagalar üçin sözlük: Suratly Sözlük-Makul Sözlük

 

 

 

ÝENE-DE OKAŇ

Adamlar üzümi iň datly miweleriň biri diýip hasaplaýar. Üzüm süýji we kuwwatlylygy ýokary bolan önümdir. Şonuň üçin adam bedenine oňyn täsirini ýetirýän miweleriň biri-de üzümdir. Üzüm dänesiniň adam bedenindäki dürli zyýanly maddalara garşylyk berijiligine örän baýdygy anyklanyldy. Onuň düzüminde fenol kislotasy, flawonoid ýaly köp sanly birleşmeler bardyr. Şu birleşmeleriň esasynda üzüm däneleri dürli çişmeleriň, okislenmäniň we dokumalaryň bozulmalarynyň öňüni almaga...
Hormatly okyjylarymyz! “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com internet saýty her gün täleýnamany dykgatyňyza ýetirýär. Siz hem öz ýyldyzyňyza görä täleýnamaňyz bilen gyzyklanýan bolsaňyz,  onda www.atavatan-turkmenistan.com internet saýtyndan daşlaşmaň.  Siz saýtymyzyň “Seniň Täleýnamaň” sahypasyna girip gündelik täleýnamalary okap bilersiňiz! Siz Täleýnamany has aňsat okamak üçin Google Plaý Marketden şu ýere basyp Applikasiýany ýükläp alyp, bildiriş sazlamalaryndan Täleýnamalar baradaky habar saýtymyza girilen dessine Siziň telefonyňyza bildiriş geler ýaly sazlaň! Mähriban okyjylar! Doglan senäňize...
Şu gün, ýagny 24-nji oktýabrda Özbegistan Respublikasynda iri syýasy-jemgyýetçilik çäre - prezident saýlawlary geçiriler. Özbegistan prezident saýlawlaryny ýokary guramaçylyk ýagdaýynda geçirmek üçin taýýar - diýip, ýurduň Merkezi saýlaw toparynyň başlygy Zaýniddin Nizamhojaýew habar berdi. Soňky maglumatlara görä, saýlawçylaryň ýeke-täk elektron sanawyna 19 million 859 müň 127 adam goşuldy. Saýlaw uçastoklaryň saýlawçylaryň ses bermegini guramaçylykly geçirmek üçin zerur bolan sanitar-epidemiologik we jemgyýetçilik howpsuzlyk...
Hormatly Prezidentimiziň ak pata bermeginde ýurdumyzda ýene-de bir iri energetika taslamasy ulanmaga berildi. Milli Liderimiziň gatnaşmagynda halkalaýyn energoulgamy döretmek boýunça taslamanyň birinji tapgyry bolan Ahal — Balkan ýokary woltly täze asma elektrik geçirijisi ulanylmaga tabşyryldy. "Watan" habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, hormatly Prezidentimiz dabarada eden çykyşynda ýurdumyzda halkalaýyn energoulgamyny döretmegiň birinji tapgyry bolan Ahal-Balkan taze elektrik geçiriji ulgamyny dabaraly ýagdaýda...
Şu günlerdäki ýaly, howanyň üýtgeýän sepgit döwründe käbir adamlarda allergiýa ýagdaýlary ýüze çykýar. Bu ýagdaý iýmit önümleri, derman we himiki serişdeler, mör-möjekler, tozan hem-de gülleriň tozanjyklary sebäpli döreýär. Bu barada "Türkmenistan" gazetinde makala çap edilipdir. Allergiýanyň dowamlylygy birnäçe minutdan birnäçe güne çenli dowam edýär. Esasy alamatlary gözüň ýaşarmagy, bedene örgüniň örmegi, asgyrma, burundan suw akmagy ýaly ýagdaýlardyr. Bedende allergiýa döränden...
18,713FansLike
19,500FollowersFollow
889FollowersFollow
417SubscribersSubscribe

Iň täze habarlar