Çagalarymyza Iňlis dilini öwretmek indi has aňsat! Makul Sözlük, çagalaryna iňlis dilini öwretmek isleýän ene-atalara, şeýle hem okuwçylaryna bu dili has aňsat öwretmek isleýän mugallymlar üçin özüniň täze hyzmatyny- Suratly sözlügi hödürleýär.

Makul Sözlük Applikasiýasyny indirmek üçin şu ýere basyň!

Intellektual telekeçilik başlangyjyndan ugur alnyp taýarlanylan Suratly sözlük jemi 375 sany Türkmen we Iňlis dilindäki iň köp ulanylýan sözleri özünde jemleýär. Suratly sözlük üçin sözler saýlanyp alynanda çagalar üçin ilkinji nobatda bilinäýmeli sözler saýlandy. Suratly Sözlügi ulanmak üçin şu ýere basyň!

Her birinde 25 söz bolan jemi 15 toparda berilen Sözleri gyzykly özleşdiren çagalarymyz Iňlis dilinde ilkinji basgançaklary aňsatlyk bilen geçer.

  • Adam organlary (mysal üçin, el, aýak, kelle, saç…)
  • Antonimler (mysal üçin, sowuk, yssy, semiz, inçe…)
  • Binalar (mysal üçin, awtobus duralgasy, teatr, muzeý..)
  • Döwürler we reňkler (mysal üçin, duşenbe, ak, gara…)
  • Esbaplar (mysal üçin, ýelim, galam, çyzgyç…)
  • Haýwanlar (mysal üçin, at, düýe, it..)
  • Hünärler (mysal üçin, mugallym, lukman, ..)
  • Işlikler (mysal üçin, ylgamak, ýöremek, ýazmak..)
  • Iýmitler (mysal üçin, bal, un, tüwi…)
  • Miweler we gök bakja (mysal üçin, armyt, alma, .)
  • Öý (mysal üçin, haly, käse, çemçe…)
  • Sanlar we şekiller (mysal üçin, bäş, üçburçlyk…)
  • Sypatlar (mysal üçin, begençli, utanjaň, jomart..)
  • Tebigat (mysal üçin,ýyldyz, ýaprak, tokaý…)
  • Ulaglar (mysal üçin,uçar, otly, gaýyk..)

Eýsem, Suratly Sözlükden nähilli peýdalanmaly? Siz ýokaryda berilen bölümler boýunça haýsy ulgama degişli sözleri suratly öwrenmek isleýän bolsaňyz, onda, şol bölümi saýlamaly! Mysal üçin iýmitler bölümini saýlap alsaňyz, Size şol bölüme degişli suratlar, nobatma-nobat geler. Şonda  şol  söze degişli surat, agzalan sözüň Iňlis we türkmen dilindäki ýazylyşy we seslendirilişi bilen geler. Bu bolsa, çagalaryň sözleri aňsatlyk bilen öwrenmegine uly goşant goşar! Suratlar talyp Ýazgül Beginýazowa tarapyndan  Makul Sözlük üçin çyzylan suratlar bolup, ähli awtorlyk hukuklary Makul Sözlüge degişlidir.

 

Siz Makul Sözlük taslamasy barada has giňişleýin maglumat almak isleýän bolsaňyz, onda, aşakdaky habarlary okap bilersiňiziz!

Iňlis dilini has aňsat öwreneliň: Intellektual sahypamyz

Hoş habar -Täze Applikasiýa: Makul Sözlük

Täze Chrome Browser goşundysy : Makul Sözlük

 

Siz habarlar saýtymyza girilen dessine Size bildiriş gelmegini isleýän bolsaňyz onda “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň  www.atavatan-turkmenistan.com   saýtynyň ýakynda hyzmata giren Android ulgamynda işleýän Applikasyýasyny şu ýere basyp ýa-da aşakdaky suratyň üstine basyp öz telefonyňyza ýükläp alyň! Eger Siz bu habary kompýuteriň üsti bilen okaýan bolsaňyz, el telefonyňyzyň Google Plaý dükanyndan “Atavatan Turkmenistan” ýazyp biziň Applikasyýamyzy indirip mugt alyp bilersiňiz!

 

“Makul Hyzmat Terjime”: Intellektual telekeçilik başlangyçlary