Hoş habar -Täze Applikasiýa: Makul Sözlük

Makul Sözlük (www.makulsozluk.com ) özüniň “Android” ulgamynda hereket edýän täze applikasiýasyny-Makul Sözlük applikasiýasyny hödürleýär. Toparymyz  düýn Kompýuterlerdäki  “Chrome Browserde” ulanmaga mümkinçilik berýän täze “Browser goşundysyny”-Makul Sözlük goşundysyny  ulanmaga taýýar eden bolsa, şu gün “Android” applikasiýasyny herekete girizdi. Şeýlelikde, köp sanly “Makul Sözlük” ulanyjylary, diňe www.makulsozluk.com saýtyna girmek bilen bu sözlükden peýdalanman, eýsem, kompýuterlerinde “Makul Sözlük” goşundysyny, Android ulgamyndaky mobil telefonlarynda bolsa “Makul Sözlük” applikasiýasyny ulanyp bilerler. Ýakynda IOS ulgamynda hereket edýän Applikasiýamyz hem hereket edip başlar.

Makul Sözlük Applikasiýasy

Jemi 15.000-den gowrak Iňlis dilindäki, 20 müňden gowrak Türkmen dilindäki sözleri özünde jemleýän, Türkmen we Iňlis dilinde “gepleýän” Makul Sözlük Applikasiýasyny Siz özüňiziň mobil telefonyňyza ýükläp almak bilen “Makul Sözlügiň” ähli mümkinçiliklerinden peýdalanyp bilersiňiz!  Bellemeli zat, Siz gözleýän sözüňizi diňe “ýazmaça gözleg” etmän, eýsem  “sesli gözleg” hem edip bilersiňiz!

Applikasiýany indirmek üçin “Google Plaý” dükanyndan “makulsözlük” ýazyp gözleg edip bilersiňiz. Siz isleseňiz şu ýere basyp hem applikasiýany mugt ýükläp alyp bilersiňiz!

Offline Sözlük: Makul Sözlük

“Makul Sözlük” applikasiýasynyň ýene bir aýratynlygy bolsa, offline, ýagny, bir gezek telefonyňyza indirip alanyňyzda offline ulanyp bilmek mümkinçiligidir. Siz gözleýän sözleriňizi internete bagly bolmasaňyz hem “Makul Sözlük” applikasiýasyndan tapyp bilersiňiz. Bu bolsa, ýurdumyzyň we dünýäniň haýsy künjeginde bolsaňyz hem “Makul Sözlükden” peýdalanyp biljekdigiňizi görkezýär.

“Her gün 5 söz” mobil telefonyňyza gelsin!

Siz  söz baýlygyňyzy ösdürmek isleýän bolsaňyz, onda “Makul Sözlük” applikasiýasyny Siziň iň ýakyn ýardamjyňyz bolar! “Makul Sözlük” her gün 5 sözi Iňlis we Türkmen dillerinde Siziň mobil telefonyňyza bildiriş hökmünde iberer.  Siz her gün 5 söz ýat tutan ýagdaýyňyzda diňe 1 ýylyň dowamynda 1800-den gowrak iňlis dilindäki sözi ýat tutarsyňyz.

Çagalar üçin sözlük….täze goşundylara garaşyň!

“Makul Sözlük” taslamasyny durmuşa geçirýän toparymyz, häzirki wagtda sözlügiň ulanyş çygryny giňeltmek maksady bilen durmuşda iň köp ulanylýan sözlerden ybarat suratly sözlük-çagalar üçin “Makul Sözlük” goşundyny hem taýýarlaýandygyny Size ýetirýäris. Öz içine oýunlary, kiçiräk synaglary, iňlis we türkmen dil baýlygyňyzy ösdürjek krosswordlary, durmuşyň dürli ugurlarynda iň köp ulanylýan sözlemleri, suratly terjimeleri we ýene-de birnäçe aýratynlyklary özünde  jemleýän täze taslamamyzy iň ýakyn wagtda durmuşa geçireris we Siziň hyzmatyňyza hödürläris.

Hormatly “Makul Sözlük” ulanyjylary!

Siz şu ýere basyp, “Makul Sözlük” applikasiýasyny indirip almagyňyzy, ulanyp görmegiňizi, halan ýagdaýyňyzda bolsa “Plaý Marketde” sözlügimize baha bermegiňizi we öz teswirleriňizi ýazmagyňyzy haýyş edýäris. Şeýle hem, Siz şu habary we “Makul Sözlük” baradaky linkleri paýlaşmak bilen köp sanly dostlaryňyzyň hem “Makul Sözlük” aýratynlyklaryndan peýdalanmaklaryna goşant goşup bilersiňiz. “Makul Sözlük” Applikasiýasy mugt bolup, ol intellektual telekeçilik perspektiwasyndan durmuşa geçirilen taslamadyr.

Okap bilersiňiz  “Nokia”-dan akylly telewizor

 

CHROME MAKUL SOZLUK EXTENSION (GOŞUNDY) BARADA GIŇIŞLEÝIN MAGLUMATY ALYP BILERSIŇIZ WE BU EXTENSIÝONY (GOŞUNDYNY) KOMPÝUTERIŇIZE ÝÜKLÄP BILESIŇIZ!

Makul Sözlük taslamasyny esaslandyryjylar bu Sözlügi Kompýuterlerdäki  Chrome Browserde ulanmaga mümkinçilik berýän täze Browser goşundysy-Makul Sözlük goşundysy taýýarlanyldy.

Chrome web store dükkanyndan “makul sözlük” edip gözleg ediň!

Siz bu goşundyny “Chrome Web Store” dükanyndan “Makul Sözlük” görnüşinde gözleg edip mugt ýükläp bilersiňiz. Bu habary kompýuterden okaýan okyjylarymyz bolsa şu ýere basyp täze goşundyny kompýuterlerine gurup bilerler.

Bu ýerde “Add to Chrome” saýlaň!

Eýsem bu Goşundynyň aýratynlyklary näme:

Siz kompýuteriňizdäki internet saýtlaryndan haýsyda bolsa birinde Iňlis dilindäki bir habary, makalany we kitaby okaýan bolsaňyz we Size tanyş bolmaýan bir söz bar bolsa, onda Siz şol sözüň üstüne gelip syçanjygyň (mouse) çep gulagyna 2 gezek bassaňyz, Makul Sözlük size şol sözüň türkmen dilindäki terjimesini getirip berer. Isleseňiz Türkmen dilindäki sözüň hem  iňlis dilindäki terjimesini hem tapyp bilersiňiz. Bu bolsa, iňlis dilinde habar we makala okaýanlar üçin bilmeýän ýa-da şol wagt ýadyna düşmeýän sözi üçin Browserlerden makulsozluk.com ýazmagyna ýa-da haýsyda bolsa mobil sözlüge girmegine gerek galmazdan, şol sözüň üstüne diňe iki gezek basmak bilen aňsatlyk bilen ýadyna düşmeýän sözüni tapmaga kömek eder.

Okap bilersiňiz  Dragon Oil : Hedef Günlük 100 Bin Varil
Bu ýerde gurmak üçin degişli rugsaty beriň!

Siz Makul Sözlük goşundysyny kompýuteriňize guran wagtyňyz, haýsyda bolsa bir gözleýän Iňlis we Türkmen dillerindäki sözüňizi Makul Sözlük goşundysyna girip tapyp bilersiňiz.

Makul Sözlük goşundysy tapan sözlerini Türkmen we Iňlis dillerinde Size sesli hem “aýdyp” berer. Bu bolsa şol sözüň okalyş we aýdylyş görnüşlerini öwrenmegine kömek eder.

Okap bilersiňiz  Birinji Hazar ykdysady forumynyň jemleri boýunça başlyklygyň Beýannamasy
Siz saýlan sözüňiziň üstüne gelip syçanjygyň sag gulagyna basyň (mysalymyzda “attention” sözi saýlandy)

Bu goşundy diňe Chrome Browser ulanýanylýan kompýuterlere gurnap bolýar. Häzirki döwürde kompýuterleriň aglabasynda Chrome Browser bardygyny ýatlap geçeliň! Bu bolsa kompýuterlerden internete girýänleriň tas hemmesiniň Makul Sözlük goşundysyndan peýdalanyp biljekdigini görkezýär.

kompýuteriňiziň sag ýokary tarapyndaky suratda görkezilen ýerden Makul sözlük logosyny saýlap aňsatlyk bilen ulanyp bilersiňiz!

Bellemeli zat, bu goşundy diňe kompýuterlerde ulanyp bolýar. Makul Sözlük mobil applikasiýasyny bolsa iň ýakyn wagtda hereket edip başlar!

Siz Makul Sözlük goşundyny indirmek üçin ýokarydaky suratlaryň haýsy-da bolsa biriniň üstüne basyp bilersiňiz!

Siz habarlar saýtymyza girilen dessine Size bildiriş gelmegini isleýän bolsaňyz onda “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň  www.atavatan-turkmenistan.com   saýtynyň ýakynda hyzmata giren Android ulgamynda işleýän Applikasyýasyny şu ýere basyp ýa-da aşakdaky suratyň üstine basyp öz telefonyňyza ýükläp alyň! Eger Siz bu habary kompýuteriň üsti bilen okaýan bolsaňyz, el telefonyňyzyň Google Plaý dükanyndan “Atavatan Turkmenistan” ýazyp biziň Applikasyýamyzy indirip mugt alyp bilersiňiz!

Makul Sözlük Applikasiýasyny indirmek üçin şu ýere basyň!