Sanlylaşdyrma: onuň ähmiýeti we esasy ugurlary

XX asyryň ahyrynda sanly ykdysadyýet hem-de sanlylaşdyrma düşünjeleri ýüze çykdy we durmuşyň ähli ugurlaryna sanly ulgamy ornaşdyrmak baradaky pikirler bütin dünýäde ösdürilip başlandy. Şondan soňky geçen çärýek asyr töweregi döwrüň dowamynda innowasion tehnologiýalaryň täze-täze görnüşleri döredi we durmuşymyza giňden ornaşdy.

Bu gün «akylly» telefonlar, telewizorlar, sowadyjylar we beýleki öý hojalyk tehnikalary, şol sanda tutuşlygyna sanly ulgam arkaly dolandyrylýan öýler adaty zatlara öwrülip barýar. Eýýäm dünýäniň dürli ýerlerinde «akylly şäherleriň» onlarçasy döredildi. Halkara guramalarynyň berýän maglumatlaryna laýyklykda, häzir bütin dünýäde akylly enjamlaryň 26 milliarddan gowragy ulanylýar. Şeýle bolsa-da, köpümiziň sanly ulgam baradaky düşünjelerimiz çäkli bolmagyna galýar. Geliň, şu makalada sanly ulgamyň ornaşdyrylyşy, ýagny sanlylaşdyrma we onuň ugurlaryna, durmuşymyzdaky ähmiýetine göz ýetirmäge synanyşalyň!

Sanlylaşdyrma we onuň ähmiýeti

Sanlylaşdyrma (iňlisçe «digitalization») — durmuşyň we önümçiligiň dürli gurşawlaryna ornaşdyrylýan sanly tehnologiýalara esaslanýan ykdysady işiň konsepsiýasydyr. Bu konsepsiýa dünýäniň ähli ýurtlary bilen birlikde, biziň ýurdumyzda-da eýýäm birnäçe ýyldan bäri üstünlikli durmuşa geçirilýär. Sanlylaşdyrma syýasy, ykdysady we durmuş-medeni prosesleri özgerdýär hem-de ýaşaýşyň hiliniň has-da gowulanmagyna ýardam edýär. Bu günki gün wagtda maglumat elýeterliliginiň ýokarlanmagy, özbaşdak işleýän akylly hojalyk enjamlarynyň görnüşleriniň we ýaýrawynyň artmagy, önümçilik proseslerine maşyn gözegçiliginiň ornaşdyrylmagy, zyýanly işlerde adamyň ornuny tutýan robotlaryň döredilmegi sanly ulgamyň batly depginleriň görkezijisidir.

Bu gün Internetiň üsti bilen harytlary satyn almak, hyzmatlardan peýdalanmak, maglumatlary gözlemek we uzak aralykdan işewür gepleşikleri alyp barmak ýaly işler durmuşyň aýrylmaz bölegine öwrülýär. Sanlylaşdyrma şol zerurlyklaryň elýeterliligini ýokarlandyrmak arkaly, edara-kärhanalaryň we guramalaryň işini kämilleşdirmäge, adamlaryň durmuşyny ýeňilleşdirmäge ýardam edýär.

Häzirki wagtda sanly ulgam hojalyk durmuşyna, önümçilige, döwlet dolandyryş düzümlerine, işewürlige we beýleki birnäçe ugurlarda işjeň ornaşdyrylýar. Hojalygyň sanlylaşdyrylmagyna diňe bir «akylly öý» ýaly çylşyrymly we gymmat bahaly ulgamlar däl-de, «Wi-Fi» torlary arkaly dolandyrylýan adaty hojalyk enjamlary hem mysal bolup biler. Köp öýlerde ulanylýan sanly gorag serişdeleri hem sanlylaşdyrmanyň ýene bir mysalydyr.

Sanlylaşdyrmanyň artykmaçlyklary

Önümçiligiň sanlylaşdyrylmagy adam üçin agyr fiziki zähmeti ýeňilleşdirmäge, zähmet we önümçilik proseslerini netijeli guramaga hem-de gözegçilikde saklamaga, şeýle hem kärhananyň işgärleriniň howpsuzlygyny üpjün etmäge mümkinçilik berýär. Meselem, «akylly» ulgam önümçilik kärhanalarynda işgärleriň howpsuzlyk düzgünleriniň talaplaryna laýyk geýinmegine we kadalaryň berjaý edilişine gözegçilik edip, şikes ýetmeleriň hem-de howply hadysalaryň öňüni almaga ýardam edýär. Maşyn gözegçiliginiň kömegi bilen önümçilik konweýerlerinde zeper ýeten we kemçilikli önümler ýüze çykarylýar.

Döwlet dolandyryşy hem sanly ulgamy dürli ugurlara giňden ornaşdyrýar. Maglumatlary seljeriş ulgamy eýýäm uzak wagtdan bäri ýerine ýetiriji häkimiýet tarapyndan netijeli peýdalanylýar. Köçelerdäki onlaýn gözegçilik ulgamlarynyň kömegi bilen asudalygyň goralmagy ýa-da sanly resminama dolanyşygy arkaly resminamalaryň we hatlaryň gerekli salgylara dessin ýetirilmegi munuň aýdyň mysallarydyr.

Sanlylaşdyrma we awtomatlaşdyrma: Göze ilmeýän möhüm tapawut

Käte sanlylaşdyrma we awtomatlaşdyrma düşünjeleri aýyl-saýyl edilmän, şol bir zat hökmünde kabul edilýär. Meselem, köplenç edara binalarynda kompýuterler ornaşdyrylyp, olar internet toruna birikdirilen bolsa, olar sanlylaşdyrylan diýlip kabul edilýär. Emma kompýuterler we Internet sanly ulgamyň diňe gurallarydyr. Sanlylaşdyrma bolsa sanly serişdeleriň peýdalanylyşyna ulgamlaýyn çemeleşme bolup, ol zähmetiň öndürijiligini artdyrmaga, bäsdeşlige ukyplylygy we ählumumy ykdysady ösüşi ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Mysal üçin, şäherde taksi hyzmatlaryny ýerine ýetirýän kärhanada kompýuterler ornaşdyrylyp, buýurmalar depderlere däl-de, «Excel» maksatnamasyna girizilip başlansa, onda bu awtomatlaşdyrmadyr. Emma häzirki wagtda meşhurlygy artan «Uber» kompaniýasynyň iş usuly bolsa taksi kärhanalarynyň zerurlygyny dolulygyna aradan aýyrýar diýseňem bolýar. Ýagny kompaniýa ulanyjylar bilen hyzmatlary hödürleýjileriň özara gatnaşyklarynyň düýbünden täze nusgasyny emele getirdi. Kompaniýanyň işläp taýýarlan ýörite mobil goşundysy müşderiler bilen taksi ýa-da eltip bermek hyzmatlaryny ýerine ýetirýän taraplary gönümel birikdirýär.

Diýmek, haçan-da döwrebap maglumat tehnologiýalaryny peýdalanmak arkaly ozal ýerine ýetirilmedik işler ýola goýulsa ýa-da adaty hereketleriň ýerine ýetirilmegi bes edilse, onda bu hakykatdan-da sanlylaşdyrmadyr.

Diplom ykrar etmek we daşary ýurtda bilim almak boýunça Resminamalaryň Terjimesi üçin “Makul Hyzmat” Terjime Merkezi

“Makul Terjime”  telefony:

+993 63 78 96 73 & : + 993 12 96 48 55

Aşkabat, Oguzhan (Aýtakow)-Ankara (Ýubileýni) köçesi, A Blok, Makul Hyzmat Ofis, 4-nji gat, 401

E-mail salgysy : makulhyzmat@gmail.com

Hemmelere ýakyn mysallaryň ýene biri-de sanly bilim ulgamydyr. Elektron okuw kitaplary, gollanmalary we wideosapaklar awtomatlaşdyrmanyň elementleri bolup, olar okuw prosesini ýeňilleşdirmäge gönükdirilendir. Ýagny bu elementler bilim alýanlaryň kagyz kitaplary gözlemek ýa-da ýörite derslere gatnaşmak zerurlyklaryny aradan aýyrýar. Emma interaktiw aragatnaşykly sanly bilim ulgamy düýbünden tapawutly hadysadyr. Bu ulgamda adam özüniň taýýarlyk derejesine laýyklykda okuw maksatnamasyny we öwreniş depginini özbaşdak saýlap alyp bilýär.

Awtomatlaşdyrma önümçiligi gowulandyrýar, emma kärhanada işleriň alnyp barlyşy üýtgemeýär. Sanlylaşdyrmada bolsa önüm we onuň öndüriliş prosesi düýbünden üýtgeýär, müşderiler bilen öndürijileriň arasyndaky gatnaşyklar, kärhananyň şol gatnaşyklarda eýeleýän orny özgerýär. Ýene bir mysala ýüzleneliň. Önümçiligiň awtomatlaşdyrylmagynda iş wagtyny hasaba almagyň kagyz resminamalaryna derek, olaryň elektron görnüşiniň ýöredilmegi girizilýär. Sanlylaşdyrmada bolsa ýörite belgiler işgärleriň giriş-çykyş rugsatnamalaryna girizilip, ýa bolmasa, egin-eşiklerine çatylyp bilner. Şeýle ulgamda ýörite maksatnama işgärleriň işe gelen hem-de işden giden wagtyny özbaşdak hasaba alýar we ýatda saklaýar.

Sanlylaşdyrmanyň esasy ugurlary

Sanly ulgama geçiş täze sanly işewürlik nusgasynyň işlenilip taýýarlanylmagy, sanly harytlaryň we hyzmatlaryň döredilmegi, maglumaty toplamagyň, saklamagyň we gaýtadan işlemegiň awtomatlaşdyrylmagy, sanly taslamalaşdyrmanyň ornaşdyrylmagy, önümçilik proseslerini we üpjünçilik torlaryny dolandyrmak, dolandyryş wezipeleriniň ýerine ýetirilişi, robotlaryň we elektron resminama dolanyşygynyň ulanylmagy arkaly el zähmetiniň awtomatlaşdyrylmagy ýaly birnäçe ugurlarda amala aşyrylýar.

Türkmenistanda sanlylaşdyrma

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» kabul edildi. Häzirki wagtda bu Konsepsiýanyň 2020 — 2023-nji ýyllara niýetlenen ikinji tapgyry dowam edýär. Şunuň bilen baglanyşyklylykda ýurdumyzda döwrebap maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryny giňden ornaşdyrmak, olaryň sazlaşykly işlemegini ýola goýmak, maglumat howpsuzlygyny üpjün etmek, maglumat üpjünçilik ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça wezipeler amala amala aşyrylýar. Şeýle hem Konsepsiýany durmuşa geçirmegiň bu tapgyrynda hyzmatlaryň dürli görnüşlerini bir ýere jemleýän köpugurly «Bir penjire» ulgamynyň maglumatlary toplaýyş, işleýiş we goraýyş maglumat merkezini döretmek, ulgamyň işini döwrebap derejede ýola goýmak babatda işler güýçli depginde alnyp barylýar. Bu bolsa ildeşlerimiz üçin sanly hyzmatlaryň täze görnüşlerini elýeterli etmäge, ýaşaýyş-durmuş ýeňilliklerini döretmäge, milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň ösüşini we bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga mümkinçilikleri döreder.

 

Ahmet Geldiýew,

«Watan» gazetiniň bölüm redaktory.

 

“Ata Watan Eserleri”: baýrakly makala ýaryşy dowam edýär

 

 

 

 

ÝENE-DE OKAŇ

Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow hormatly Prezidentimiz hat iberdi. Dostlukly ýurduň Prezidenti öz hatynda, Türkmenistanyň wekiliýetini Tatarystana sapara çagyrdy. Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanowyň hatynda şeýle diýilýär: - Russiýa Federasiýasy bilen Türkmenistanyň dostlukly gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen Tatarystan Respublikasy bilen hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine uly üns berýändigiňiz üçin Size hoşallyk bildirýärin. Siziň ýurduňyzy ňGaraşsyzlygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan baýramçylyk çärelerine gatnaşmak üçin, ýakynda Aşgabada...
Ata Watanymyzda «Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» kabul edilip, onda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň maksatlary, wezipeleri, ugurlary, amala aşyrmagyň tapgyrlary kesgitlenildi. Häzirki döwürde ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan «Sanly Türkmenistan» döwlet maksatnamasynyň ykdysady kuwwatymyzy ýokarlandyrmakda, ilatyň ýaşaýyş derejesini gowulandyrmakda ähmiýetiniň ýokary boljakdygyny alamatlandyrýar. Häzirki wagtda ähli ýurtlarda sanly bilim ulgamyny ornaşdyrmakda, kämilleşdirmekde we ony durmuşa geçirmekde  aýdyň işler...
Ispaniýanyň Madrid şäherindäki hususy saglyk öýi tarapyndan “Aglama öýi” (La Lloreria) akyl saglygynyň ähmiýetini nygtamak we psihologiki goldawy kadalaşdyrmak üçin açyldy. Saglyk öýi tarapyndan berlen beýanatda aglaýan öýüň açylmagy sebäpli 15-nji, 16-njy we 17-nji oktýabrda hemmeler üçin mugt hyzmat berendigi bellenildi. Aglaýan öýüniň diwarlarynda psihologlaryň telefon belgileri bilen birlikde "Giriň we aglaň", "Mende-de aladalar bar", "Erbet bolmak gowy", "Aglamak batyrgaýlyk"...
Kosmosda ilkinji hereketli filmi düşürmek üçin 12 gün ozal Halkara kosmos stansiýasyna iberilen rus kino topary Ýere sag aman gaýdyp geldi. “Çagyryş” diýlip atlandyrylýan filmde kosmonawtyň ýürek keseline kömek etmek üçin kosmosa gidýän hirurgyň wakasy gürrüň berilýär. Russiýanyň kosmos gullugy “Roscosmos” tarapyndan goldaw berlen 12 günlük syýahat kosmos giňişligindäki ýurtlaryň arasynda adam kosmos gatnawy barada köpçüligiň tolgunmasyny döretmek we kosmos...
Lui  Witton 1821-nji ýylda Fransiýada dünýä inýär. 14 ýaşyndaka tutuş Fransiýa aýlanyp çykýar.Ol sandyk ýasap, sandyk ussasy bolýar. Soňra ol öz islegi boýunça Pariže gidýär. 1837-nji ýyldan başlap, Parižiň baýlaryna sandyk ýasamak bilen meşgullanýar. 1854-nji ýylda Parižde öz dükanyny açýar. Ol soňra sandyk ýasaýan fabrikany açyp, dürli dürli aksesuarlary, ýantorbalary, dünýäniň birnäçe meşhur markalaryny hem öz dükanynda ýerleşdirýär. 1885-nji ýylda daşary...
18,713FansLike
19,500FollowersFollow
886FollowersFollow
417SubscribersSubscribe

Iň täze habarlar