TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
ATAWATAN ESERLERİ

“Ata Watan Eserleri”: baýrakly makala ýaryşy dowam edýär

Mälim bolşy ýaly, “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň  www.atavatan-turkmenistan.com saýty däbe öwrülen “Ata Watan Eserleri” bäsleşiginiň nobatdaky makala bäsleşigi dowam edýär. Bäsleşik www.sanlyhyzmat.com  we www.makulsozluk.com saýtlarynyň hemaýat bermeginde geçirilýär.

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilýän bu döredijilik bäsleşigine “Sanly ulgamy” mowzugynda gyzykly hem-de has içgin makalalar toplumlary bilen gatnaşmaga giň mümkinçilik bar.

Biziň döredijilik toparymyz sanly ulgam, sanly ulgamyň ykdysadyýete goşandy, sanly ulgamyň adam durmuşyndaky täsirleri, sanly ulgamyň adalgalary (terminleri) barada has içgin hem-de täsirli taýýarlanan makalalar toplumlaryna garaşýar.

Döredijilik bäsleşigine gatnaşjaklar sanly ulgamyň islendik ugruny, meselem, emeli aň, “startup”, bulut tehnologiýasy, kiberhowpsuzlyk, finteh, sanly bilim, sanly lukmançylyk, elektron-hökümet ýaly ugurlarda giňişleýin makalalar ýazyp, hem bäsleşigimize gatnaşyp bilerler hem-de okyjylar köpçüligine bu barada giňişleýin maglumatlar berip bilerler.

Döredijilik bäsleşigimiz 1-nji iýunda badalga aldy. 31-nji awgusta çenli dowam edýär.

  • Bäsleşikde eserler 2021-nji ýylyň 1-nji iýunyndan kabul edilip başlandy.
  • Hödürlenen eserler 2021-nji ýylyň 15-nji iýunyndan saýta ýerleşdirilip başlandy.
  • Bäsleşige hödürlenjek eserler 2021-nji ýylyň 31-nji awgustyna çenli (sagat 18:00) kabul ediler.
  • Bäsleşigiň ýeňijileri 2021-nji ýylyň 25-nji sentýabrynda yglan ediler.

ŞU WAGTA ÇENLI SAÝTA ÝERLEŞDIRILEN MAKALALAR

  1. “Sanly ykdysadyýetde “bulut” tehnologiýasyndan peýdalanmagyñ ähmiýeti” – Gülnabat Amanowa, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyñ 3-nji ýyl talyby.

https://www.atavatan-turkmenistan.com/sanly-ykdysadyyetde-bulut-tehnologiyasyndan-peydalanmagyn-ahmiyeti/

  1. “Sanly ulgamyň ähmiýeti” – Aýgül Halmyradowa, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyby. https://www.atavatan-turkmenistan.com/sanly-ulgamyn-ahmiyeti/
  2. “Sanly ulgamyň geçen ömri – bu zamanyň sanly döwri” – Seýli Aryşow, Türkmenistanyň  Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň  3-nji ýyl talyby. https://www.atavatan-turkmenistan.com/sanly-ulgamyn-gecen-omri-bu-zamanyn-sanly-dowri/
  3. “Fotoelektrik gün stansiýasyny taslamagyň sanly çözgüdi” – Amirhan Matýakubow,

Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň “Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri” ylmy-önümçilik merkeziniň ylmy işgäri. https://www.atavatan-turkmenistan.com/fotoelektrik-gun-stansiyasyny-taslamagyn-sanly-cozgudi/

  1. “Ýel elektrik stansiýasyny taslamagyň sanly ulgamy” – Nurmuhammet Allanazarow, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň “Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri” ylmy-önümçilik merkeziniň inženeri. https://www.atavatan-turkmenistan.com/yel-elektrik-stansiyasyny-taslamagyn-sanly-ulgamy/
  2. “Elektron zähmet derderçesi” – Meýlis Geldiýew, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň hünärmeni. https://www.atavatan-turkmenistan.com/elektron-zahmet-derdercesi/
  3. “Mugallymyň sanly bilim gurşawy” – Begenç Taganow, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň talyby. https://www.atavatan-turkmenistan.com/mugallymyn-sanly-bilim-gursawy/
  4. “Elektrik energiýasyny sarp edijileriň bir penjire ulgamy” – Batyr Hançaýew, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň hünärmeni. https://www.atavatan-turkmenistan.com/elektrik-energiyasyny-sarp-edijilerin-bir-penjire-ulgamy/
  5. “Sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden nädip peýdalanmaly?” – Mekan Bäşimow, Magtymguly adyndaky TDU-nyň talyby. https://www.atavatan-turkmenistan.com/sanly-ulgamyn-mumkinciliklerinden-nadip-peydalanmaly/

 

Ýeňijilere haýsy baýraklar garaşýar!

Bäsleşik Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilýändigi sebäpli 30 sany baýrak bar!

Birinji orun : 3000 Manat

Ikinji orun : 2500 Manat

Üçünji orun 2000 Manat

Dördünji orun 1500 Manat

Bäşinji orun : 1000 Manat

6-30-nji orunlaryň her birine 300 Manat

Üstünlik hemraňyz bolsun!

 

Otly gatnawlary wagtlaýyn togtadylýar

Prefiksler we Suffiksler : Makul Sözlük hödürleýär!

 

 

 

Ýene-de okaň

“Ata Watan Eserleri” bäsleşigi üçin minnetdarlyk

Ata Watan Eserleri

“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalyna minnetdarlygymyzy bildirýäris

Ýeňijilere baýraklary gowşurylýar

Ata Watan Eserleri

Teswirle