TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
ATAWATAN ESERLERİ

Elektron zähmet derderçesi

Sanly ykdysadyýetiň özi ykdysady we durmuş çäreleriniň ählumumy ulgamy bolmak bilen, internetiň mümkinçiliklerine daýanýan ykdysady nusgany emele getirýär. Bu ýerde, esasan zähmet öndürijiliginiň artmagy, önümçilik harajatlarynyň peselmegi we bäsleşige ukyplylygynyň ýokarlanmagy ýaly mümkinçilikler göz öňünde tutulýar.  Sanly ykdysadyýetiň ösýän şertlerinde sarp edijileriň islegleri has çalt we ýokary hil derejesinde kanagatlandyrylýar. Sanly ykdysadyýetiň üstünlikli hereket etmegi üçin, esasan, üpjünçilik ulgamy (internetiň elýeterliligi, programma üpjünçiligi, telearagatnaşyk), elektron işewürligi (hojalyk işini kompýuter torlary arkaly dolandyrmak) we elektron söwda (harytlaryň, hyzmatlaryň internet arkaly ýerlenmegi) ýaly üç ugruň berjaý edilmegi zerur hasap edilýär.

Şeýlelikde, öňden belli bolan adaty hyzmatlary häzirki zaman döwrebap görnüşine geçirmek – maglumatlar, intellektual tehnologiýalar we sanlylaşdyrylan ulgamlary ösdürmek durmuş ykdysady taýdan möhüm ähmiýete eýe bolýar. Ýöne sanlylaşdyrmak (digitalization)  – bu, ozaly bilen, täze hyzmatlaryň (önümleriň) sanlylaşdyrylan görnüşde döredilmegidir. Diýmek, sanlylaşdyrmagyň esasy tapawudy täze funksional we sarp edijilik häsiýetnamalary bolan innowasion hyzmatlaryň (önümleriň) döredilmegindedir. Sanlylaşdyrmak düýpli ösüş we bäsleşik babatda täze artykmaçlyklary gazanmaga mümkinçilik berýär. Ol dürli görnüşli hyzmatlary hödürlemegiň çäklerinde raýatlar bilen bilelikde hereket etmek meselesinde döwlete  adatdakydan has-da çalt, amatly we açyk  ýardam berýär.

Elektron resminama dolanyşygynyň maksatlary we wezipeleri ähli edara kärhanalaryň, pudaklaryň içindäki maglumat alyş-çalşygyny döwrebap gurama­gyň esasynda, döwlet dolandyrylyşynyň netijeliligini kabul etmek we akymlaryň has netijeli usullaryny saýlamak, gözegçilik we maglumat – aragatnaşyk tehno­logiýalaryny ulanmagyň binýadynda, howpsuzlyk derejesini ýokarlandyrmak we sanly hyzmat dolanyşygynyň maglumat serişdeleriniň ýaşyrynlygyny, bitewüli­gini we elýeterligini üpjün etmekden ybaratdyr.

Kesgitlenilen sanly hyzmatlaryň babynda döwlet häkimiýet eda­ralary, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary, gaýry ýuridik we fiziki şahslar, şol sanda kiçi we orta telekeçiligiň subýektleri tarapyndan hyzmatlaryň sanly gör­nüşde edilmegi, sanly hyzmatlaryň maksatlary, hyzmatlaryň esasy ugurlary hem-de goşundysynyň çygyrlary, elektron görnüşdäki tölegler we söwda çy­grynda iş amala aşyrylanda ýetirilen zyýanyň öwezini dolmak meýletin ýa-da Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde kazyýetiň çözgüdi boýunça geçirilýändigi görkezilendir.

Elektron resminama, elektron resminama dolanyşygy we sanly hyzmatlar babatynda döwlet kadalaşdyryjysy bolsa, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ygtyýarlylygyna berilýär. Oňa laýyklykda Türkmenistanyň Ministrler Ka­bineti döwlet syýasatyny kesgitleýär, kadalaşdyryjy hukuk namalaryny kabul edilýän döwlet häkimiýet edaralarynyň işini düzgünleşdirýär, maksatnamalaryň işlenip taýýarlanylmagyny we ýerine ýetirilmegini gurnaýar, döwlet edaralarynyň wezipelerini kesgitleýär, elektron resminama dolanyşygy we sanly hyzmatlar babatynda Türkmenistanyň kanunçylygynda onuň ygtyýarlylygyna degişli edi­len beýleki wezipeleriň amala aşyrylmagyny üpjün edýär.

Şeýlelikde, Türkmenistanyň “Elektron resminama, elektron resminama dolanyşygy we sanly hyzmatlary hakynda” Türkmenistanyň kanuny döwlet häkimiýet edaralarynyň, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň, gaýry ýuridik we fiziki şahslaryň, şol sanda kiçi we orta telekeçiligiň subýektleriniň hyzmatlaryň sanly görnüşinde aragatnaşygynyň kepillendirilişiniň ýene-de bir gezek aýdyň subutnamasydyr.

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe zähmet üpjünçilik bazaryny täze derejä çykarmak örän wajypdyr. Sebäbi bu awtomatlaşdyrylan ulgam döwlet tarapyndan hasaba alyş syýasatynyň üýtgedilmegine getirýär, ýagny degişli pudakdaky maglumatlaryň anyk we doly bolmagyna, şol sanda iş beriji we işgäriň arasyndaky zähmet gatnaşyklaryň, raýatyň işlän ýerleri baradaky maglumatlaryň elektron hasaba alnyşynyň gurnalmagyny talap edýär.

Bu ulgam aşakda görkezilen maksatlary amala aşyrmak üçin döredilýär:

  • Iş beriji we işgäriň arasyndaky zähmet gatnaşyklaryň elektron hasaba alnyşyny üpjün etmek;
  • Döwlet edaralaryna aşakdaky maglumatlary almaga mümkinçilik berýär, ýagny, işgäriň bilimi, onuň wezipesi we zähmet haky, iş zähmet wagtynyň we iş zähmet hepdesiniň dowamlylygy, zähmet rugsatyndaky günleriň sany, iş berijiniň we işgäriň hukuklary we borçlary, işgäriň kwalifikasiýasy, işe kabul edilen we işden çykan seneleri, işden çykmagyň esaslandyrmasy, zähmet şertnamalarynyň görnüşleri, şertnamada görkezilen işgäriň zähmet şertleriniň beýleki görnüşleri baradaky maglumatlary berýär .

Teklip edilýän ulgamyň işgärler bölüminiň öz edara-kärhanalaryna degişli işgärleri dolandyryş penjiresi (1-nji surat). Degişli edara-kärhana täze işgäri girizmek penjiresi (2-nji surat). Edara-kärhanadaky işgäriň zähmet depderçesiniň penjiresi (3-nji surat) we işgärler bölüminiň elektron zähmet depderçäni dolandyryjysy degişli işgäre zähmet depderçesine işe kabul edilendigi, işden boşadylandygy we iş wezipesini üýtgedendigi baradaky maglumaty girizmek penjiresi (4-nji surat). Elektron zähmet depderçesiniň maglumatlaryny çap etmäge we pdf faýyla geçirip ýükläp almaga mümkinçilik berýän penjiresi (5-nji surat). Ulgamdaky ulanyjylaryň şahsy otagynyň penjiresi. Şahsy otagynda işgäriň öňki we häzirki işlän edara-kärhanalarynda näçe senenama işländigini diagramma görnüşde görmek bolar, öz zähmet depderçesiniň elektron görnüşini çap etmäge we pdf faylyny ýükläp almaga mümkinçilik berýän penjiresi (6-7-nji surat).

1-nji surat. Işgärler bölüminiň başlygynyň penjiresi

2-nji surat. Täze işgäri ulgama girizmek

3-nji surat. Işgäriň elektron zähmet depderçesi

4-nji surat. Işgäriň zähmet depderçesine täze maglumaty girizmek

5-nji surat. Işgäriň zähmet derpderçesini çap etmek we pdf faýyla geçirmek

6-njy surat. Işgäriň şahsy otagy

7-nji surat. Işgäriň şahsy otagyndaky elektron zähmet depderçesi

Elektron zähmet derderçesini ulanyşa girizmek sanly ykdysadyýete geçmekde we zähmet üpjünçilik bazaryny täze derejä çykarmakda örän wajyp hasap edilýär.

Meýlis  Geldiýew,

  Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň hünärmeni

 

Prefiksler we Suffiksler : Makul Sözlük hödürleýär!

 

Bir gezeklik plastik gaplardan ýüz öwrer

 

 

Ýene-de okaň

“Ata Watan Eserleri” bäsleşigi üçin minnetdarlyk

Ata Watan Eserleri

“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalyna minnetdarlygymyzy bildirýäris

Ýeňijilere baýraklary gowşurylýar

Ata Watan Eserleri

Teswirle