SIZDEN GELENLER

Gahryman Arkadagymyzyň pähiminden dörän seýilgäh

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli paýtagtymyz Aşgabatda Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň hem-de «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynyň аçylyş dabarasy boldy.

Köpetdagyň ajaýyp dag eteginde türkmen we dünýä edebiýatynyň meşhur wekiliniň heýkeli bina edilen medeni-seýilgäh toplumyny döretmek başlangyjy Gahryman Arkadagymyz tarapyndan öňe sürüldi. Häzirki wagtda Magtymgulynyň arzuw eden bagtyýar geljegi hakykata öwrüldi. Bu gün Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan Ýer ýüzünde parahatçylygyň we ylalaşyklylygyň ýurdy hökmünde tanalýar. Agzybirligiň beýik gudratdygyna ynanýan halkymyz Magtymgula hemişe minnetdardyr.

Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzda 2024-nji ýyl «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýip yglan edildi. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz beýik akyldar Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny örän ýokary derejede bellemek, şahyryň umumadamzat gymmatlygyna öwrülen eserlerini dünýä ýaýmak baradaky başlangyçlary öňe sürdi.

Muňa Gahryman Arkadagymyzyň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” atly goşgusyndaky:

Hormat goýýas päk ruhunyň baýramyna-toýuna,
Tagzym edýäs zer ýalkymly pikirine-küýüne.
Köpetdagyň eteginde galdy bu gün örboýuna,
Onuň Alyjenaby Magtymguly Pyragy.

diýen setirleri hem aýdyň subutnamadyr.

Şeýle hem täze seýilgäh toplumy Magtymguly Pyragynyň dost-doganlygy ündän parasatly pikirlerinden ugru alnyp, daşary ýurtlaryň ençemesiniň meşhur ýazyjy-şahyrlarynyň heýkelleri oturdyldy. Bu ýerde Saýat Nowa, Ýanka Kupala, Du Fu, Onore de Balzak, Şota Rustaweli, Iogan Wolfgang fon Gýote, Şandor Petefi, Rabindranat Tagor, Hafyz Şirazy, Dante Aligýeri, Ýasunari Kawabata, Kurmangazy Sagyrbaýuly, Çingiz Aýtmatow, Raja Ali Hajy, Adam Miskewiç, Mihaý Eminesku, Fýodor Dostoýewskiý, Huan Himenes, Saýido Nasafi, Ýunus Emre, Grigoriý Skoworoda, Wilýam Şekspir, Lengston Hýuz, Alyşir Nowaýy ýaly meşhur ýazyjy-şahyrlaryň ýadygärlikleri ýerleşýär.

Tebigy belentlikde gurlan ýadygärligiň beýikligi 60 metre, şahyryň “Türkmeniň” goşgusyndan ganatly setirler hem-de Gahryman Arkadagymyzyň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” atly goşgusyndan setirler ýazylan binýadyň beýikligi bolsa 25 metre deňdir. Medeni-seýilgäh toplumynda innowasion tehnologiýalaryň ulanylandygyny bellemek gerek.

Beýik şahyryň geljek nesillere goýup giden baý medeni mirasy häzirki wagtda umumadamzat gymmatlygy bolup, öz hak mirasdüşerlerine — häzirki bagtyýar nesillere gelip ýetdi. Şahyryň eserleri dünýäniň onlarça diline terjime edildi we aýry neşirler görnüşinde çap boldy. Munuň özi Magtymguly Pyragynyň şygryýet dünýäsiniň diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, tutuş adamzadyň hem genji-hazynasydygynyň aýdyň güwäsidir. Beýik akyldaryň berkarar döwlet baradaky arzuwlary bu günki gün hasyl boldy.

Dawut Baýramow,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.

Ýene-de okaň

Rus şahyry Puşkiniň we Magtymguly Pyragynyň belent sarpasy

Rus dilini öwrenmegiň ähmiýeti

Ata Watan Eserleri

Raýatlarymyzyň saglygy — Watanymyzyň bagtyýarlygy

Ata Watan Eserleri

Köňüllerde orun alan beýik akyldar

12-nji iýun — Ylymlar güni

Magtymguly Pyragynyň milli mirasyna belent sarpa